sadajaaa_
16.09.2024 20:46

2bölüm.
Wepa ýuwdunanyny duýman galdy. —Birden beýle howlukmasana. Azadyň ýarasyna duz sepilen ýaly boldy. —Wagt ýitirmeli däl. Dessine bellisini etmeli. Sen haty eltip berseň bolýa. Wepa dostuna syr bildirmezlige çalyşdy. —Haty ýazdyňmy?—Bile ýazarys. Bu wagt Azadyň sähelçe-de gaňyrşyna gaýtmaly däldi. Wepanyň muňa gözi ýetip durdy. Şonuň üçin ol ylalaşmaga mejbur boldy.Ilkinji sapagyň nähili geçenligi belli bolmady. Ýanaşyk oturan iki dostuň hymy-symysy gutarmady. Töwerekdäkiler olara tarap seredişýärdiler. Ýöne her niçikde bolsa, hat ahyrsoňy ýazyldy. Indi ony gowşurmagyň alajyny tapmalydy. Mähri ýanaşyk synpda okaýardy.Arakesmäniň jaňy kakylandan, Azat ylgap gitdi. Gidişi ýalam, dessine dolanyp geldi. —Häzir tüýs pursaty. Ýekeje özi otyr. Bar basymjak!—Nädip bersemkäm? —Özüň bir alajyny tap. Wepa okuw esbaplarynyň arasyndan okap ýören goşguly kitabyny çykardy-da, onuň içinde haty goýdy. Haýal-ýagal etmänem, tabşyrygyň ugruna çykdy. Ol ýanaşyk synpyň okuw otagyna girenden, endam-jany jümşüldäp başlady. Hakykatdanam, Mähri bir çetde ýeke özi otyr eken. Ol Wepany mylaýym nazary bilen garşy aldy. —Mähri, şu kitaby okap gör —diýip, Wepa onuň öňünde kitaby goýdy. Mähri şatlyk bilen kitaby eline aldy. —Dogrudanam, gyzyklymy?!Wepa gyzyň ýanynda mundan artyk eglenmedi. Kynlyk bilen:—Içine seretgin —diýip, çykyp gaýtdy.Bir ýerde kanagat tapman, zowzalap ýören Azat Wepany görenden okdurylyp geldi. Ol sorag yzyna sorag ýagdyrýardy. Ýöne bu tolgunmalaryň hemmesiniň soňy puç boldy. Aradan salym geçmänkä, okuw otaglaryna Mähri girdi. Onuň ýüzünde gan-pet ýokdy. Ol gelşine, Azadyň öňünde kitaby patladyp goýup, sesini çykarmanam, gahar bilen çykyp gitdi. Hemme zat düşnüklidi. Ýöne onda-da, Azat ynjalmady. Ol kitabyň içinden haty tapyp, jogaby okap gördi. Jogapda bary-ýogy üç söz ýazylypdyr. «Tamaňy tala daň-aý!» Azadyň endamyna sowuk der indi. Bu ýüzkessiri çalnan şarpyk oňa juda ýokuş degdi. Wepa dostunyň düşen halyny duýup durdy. Şonuň üçin onuň ýüzüne seretmäge çekinýärdi. Azadyň bada-bat özüni dürsäp ýetişmänkä, heňiniüýtgetdi. Ýap-ýaňyda yşkynda köýüp ýören arzylysyndan indi aýp gözleýärdi. Azat öz ýanyndan mojukdan mojuk toslamalary oýlap tapýardy. —Bilýärmiň, Mähri nähili gyz eken?! Käbir ýigitler bilen arasybar eken.Bu sözler Wepa ýaranokdy. Ol her gezek ýüzüni çytýardy. Pygly ýaman dosty bilen ugur gopanokdy. Bu ýagdaýy Azat dessine aňyp, onuň peltesine ýag damdyrylan ýaly boldy.

11
47
sadajaaa_
16.09.2024 16:22

1bölüm.

Wepa irden kitapdyr depderlerini alyp, okuwa gitmek üçin, öýlerinden çykdy. Ýöne ol mekdebe tarap däl-de, ters ugra ýöredi. Ol Azadyň üstüne barmalydy. Azatlaryň öýi ters tarapda bolsa-da, Wepa ilki olara barýardy. Bu ýagdaý indi endik bolup gidipdi. Hakyna garanyňda, Azat Wepanyň üstüne gelmelidi. Wepalaryň öýi ýüzugra bolýardy. Emma Azat Wepa garaşyp durmaklygy hossa bilýärdi. Bardy-geldi irräk çykaýsa-da,bärsine garaman göni geçip gidiberýärdi. Onsoň Wepa okuwa ýoldaşly gitmek üçin, eglişik etmeli bolýardy. Wepa bu ýagdaýdan ejap edip, häzirem howatyr bilen töweregine garanjaklady. Ýöne edil bilgeşleýin edilen ýaly boldy. Köçä çykandan, pete-pet Mähri gabat geldi. Ogrulykda tutulan ýaly bolan Wepa boz-ýaz boldy.Dostunyň öýüne baryp, Wepa bu gezek garaşyp durmaly bolmady. Olara ýetip-ýetmänkä, Azat öňünden haýdaşlap çykdy. Ol oda düşen ýaly gyssanyp, köçä boýnuny uzadan Azat tolgunma bilen dillendi. —Şobarýan Mährimi? Ýör, yzyndan ýeteli. Azat duran ýerinden, okdurylyp gitdi. Onuň şeýle endigi bardy. Ol ylgamagy gowy görýärdi. Göwresi çekdirilen ýaý ýaly, sagdyn ýigit nirede bolsa-da, ýüzin salaýýardy. Wepanyňky bolsa, tersinedi. Onuň ylgamaga duran ýeri, arryk aýaklarynda ysgyn-rowgat ýokdy. Çala başy gowşan, inçemik göwresi zordan yraň atdy. Häzirem ol elde baryny edip ylgasa-da, Azadyň yzyny eýgerip bilenokdy. Azat birden badyny togtatdy. Mähriň yzyndan ýetip, habar gatmaga bogny ysmady. Ol yzyndynýetip gelen dostunyň ýüzüne naýynjar garady. —Men-ä utanýan-laý. Mährä näme diýsemkäm?Wepa demi-demine ýetmän, sojap durşuna, dostuna näme maslahat berjegini bilmedi. Mähri bolsa, öň ýanjagazlaryndan saýhally gadam urup barýardy. Töweregine ýaltaklaýynam diýenokdy. Gyz agrasdy. Belki, şonuň üçin bolsa gerek, ýigitleriň ondan sussy basylýardy.—Owadan-aý! —diýip, Azat hyrçyny dişledi.Mähri ýigitleriň duldegir goňşusyhem çagalykdan bile oýnapulalypdylar. Geplemezek Mähri ilkiler kän göze ilip duranokdy. Ýöne ýetginjeklik ýyllary welin, gyz tanalmaz derejede özgerdi. Mähriniň görk-görmegi bahar güli kimin, birden açyldy. Tokmak ýaly, şar gara saçlarynyň örümi gysymyna syganokdy. Gyzyň asuda tebigaty, mylaýym nazary ýigitleri biygtyýar özüne bendi edýärdi. Dostlaryň ikisi-de bu gözelligi deň saýgaryp, deň aşyk boldylar. Ýöne Wepa duýgusyny pynhan saklaýardy. Sebäbi bu näzik duýgusynyň amala aşjagyna ynamy ýokdy. Ol Azadyň däli-diwana bolup ýörşüni görýärdi. Azat bilen bolsa, bäsdeşlik etmäge het edip biljek däldi. Azat bu gün hasam ynjalyksyzdy. Ol näme işläp-näme goýýanyny bilenokdy. Mekdebe baryp, okuw otagyna girenlerinden soň, özüni dürsäp bilmedi. Ol Wepanyň gulagyna çawuş çakdy. —Mährä hat bersem nähili bolarka?

Dovamy bar!

10
59
sadajaaa_
16.09.2024 01:34

Eý, Allam goldawer meni,
Mätäç senden hemaýata.
Syr diýenim meniň bilen,
Bile gitsin kyýamata.

Egne bereniň çekeýin,
Goýmaweri garamata.
Çykaýyn abraýym bilen,
Ulus-ile, jemagata.

Üstünligme kän şek gerek,
Ynanmaň hiç mahabata.
Ylham Alladan berilen,
Şübhe bormy keramata?!

Göwnüm daş dursun kineden,
Elter betbagt alamata.
Bilegi güýçli gazansyn,
Ynamym bar Adalata.

Giç bolmanka öňe ädiň,
Uýuň mydam sahawata.
Hiç zadyň peýdasy ýokdur,
Örten soň üssüň ak mata.

©️Göwher Şyhberdiýewa

12
46
sadajaaa_
15.09.2024 22:32

Boliwiýa tokaý ýangynlary sebäpli halkara kömegini sorady.

Boliwiýanyň hökümeti ýurduň gündogaryndaky tokaý ýangynlary sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan etdi we halkara kömegini sorady. Tokaý ýangynlaryny öçürmek üçin himiki jisimleri sepýän uçarlar ulanylýar diýip, «Associated Press» habarlar gullugyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar. Şeýle etmek bilen, harby uçarmanlar oduň ýaýramagynyň öňüni almakçy bolýarlar.

Tokaý ýangyny mundan üç aý öň başlandy, emma soňky hepdelerde oňa gözegçilik etmek barha kynlaşýar. Boliwiýanyň Amazoniýasynda eýýäm dört million gektar tokaý ýandy. Santa-Krus departamenitinden 700-den gowrak maşgala göçürildi.

Ýangyna täze ekin meýdanlaryny açmak üçin agaçlary çapan ýerli daýhanlar sebäp bolandyr diýlip çaklanýar.

11
36
sadajaaa_
15.09.2024 17:24

Günorta Afrikada bagbanlar tennis topunyň ululygynda garaly ýetişdirdiler.

Günorta Afrikada ýerli bagbanlar öz garaly baglarynda agramy tas ýarym kilogram bolan garaly miwesini ýetişdirdiler.

Hasyl ýygnalanda, garaly miwesiniň 480 gram agramy bardy, suwy gidenden soňra onuň agramy 464,15 grama deň boldy. Emma bu onuň Ginnesiň rekordlar kitabyna düşmegine päsgel bermedi. Öň bu ugurdaky rekord 2021-nji ýylda Ýaponiýada ýetişdirilen 354 gramlyk garala degişlidi.

Din we Deon Barnard ýedi gektarlyk bagda satmak üçin garaly ýetişdirýärler. Olar şeýle hem agramy 400-450 gramlyk miwäni hem tapdylar. Bagbanlaryň maksady 500 gramlyk garaly ýetişdirmek diýip, «MIR 24» ýazýar.

Turkmenportal

12
32
sadajaaa_
15.09.2024 01:00

Gitdiň kakam, gelmez ýola ugradyň,
Damja bolup gözlerimde guradyň.
Köne albomdaky galan suratyň,
Indi ýüregime melhem boljakmy?!

Kalbymda döredip arktikaň garyn,
Dertlerimi doň ýürege bukýaryn.
Dogan-gardaş jigi üýşürsem baryn,
Birleşende seň bilen deň boljakmy?!

Biribar eçilsin ýüregme giňlik,
Sensiz ýaşaýyşam göýä bir ýetimlik.
Başyma inipdir ynha ýetimlik,
Heý-de halym mundanam teň boljakmy?!

(teň - teňňe).

©️Merjen Meredalyýewa

12
35
sadajaaa_
14.09.2024 21:32

Pingwin öýden gaçyp, iki hepde açyk deňizde boldy.

Ýaponiýada öz eýesiniň öýünden gaçan kap (afrika) pingwinini iki hepdeden soňra tapdylar. Ol şunça wagtlap açyk deňizde ýüzüpdir. Şu wagtyň içinde ol deňziň içinde uzaga giden ekeni diýip, «The Guardian» neşirine salgylanýan «MIR 24» habar berýär.

Pen-týan atly pingwin hiç wagt deňzi görmändir, hatda tebigy şertlerde özi barada aladalanmagy başarmaýan ekeni.

25-nji awgistda pingwin Aýti prefekturasynda geçen çäre wagty gaçypdyr, onuň eýesi Resuke Imai etrapdan ony gözläpdir, emma gözlegi dowam etmäge Ýaponiýada çabga ýagyşlary netijesinde dörän deňiz tupany päsgel beripdir. Hünärmenler Pen-týan ýabany tebigatdaky durmuşa ukypsyzlygy üçin bir hepdeden köp ýaşap bilmez diýip, çaklapdyrlar. Emma 8-nji sentýabrda eýesine onuň ýiten ýerinden 45 kilometrlikdäki suwa düşülýän ýerde «suwda şadyýan bökjekläp durandygyny» habar beripdirler.

Pingwini eýesine gaýdyp beripdirler. Pen-týan biraz horlanypdyr, emma özüni oňat duýýar. Hünärmenler ol deňizde balyk we leňňeç tutup gününi görendir diýip pikir edýärler.

Turkmenportal

16
90
sadajaaa_
14.09.2024 18:32

Russiýaly ilkinji gezek 92 ýaşynda öýlendi, 55 ýaşly zenan onuň ýanýoldaşy boldy. Bu barada ýurduň Rostow oblastynyň Nikalar öýüne salgylanýan «vfokuse.mail.ru» habar berdi.

Nikalaşyk dabarasy Don boýundaky Rostowda boldy, 92 ýaşly Nikolaý Horenowiç bilen 55 ýaşly Olga nikadan geçdiler. Horenowiç üçin bu ilkinji nika toýudyr. «Bilelikde jübütleriň 147 ýaşy bar» diýlip, habarda bellenýär.

Nikolaý Horenowiç öz ýanýoldaşy Olga Wasilýewnany «hakyky zenanyň nusgasy» diýip atlandyrsa, zenan ol barada «iň ýakymly, ýürekdeş we söýýän erkek» diýip baha berýär.

Turkmenportal

17
213
sadajaaa_
14.09.2024 01:12

Kalp armanda, umyt sönüp,
Indi meni, yzlama sen.
Muňa özüň - sözüň sebäp,
Indi meni, yzlama sen.

Diýen bolduň: "Näziň agyr",
Bu sözden soň etmen sabyr.
Näzim söýgä gazsyn gabyr,
Indi meni, yzlama sen.

Kyn bolsa şoň üçin köýmek,
Munda diňe birin söýmek.
Yşk ýükün çekmänsiň diýmek,
Indi meni, yzlama sen.

Tapsaň söý, näzsiz gözeli,
Gör bile durmuş gyzygy.
Menden gözleme ýazgyny,
Indi meni, yzlama sen.

Soňky sözüm - bagtly bol,
Bagtsyzlyga uzatma gol.
Biz üçin däl eken bu ýol,
Indi meni, yzlama sen.

©️Bagtygül Taganowa

8
86
sadajaaa_
13.09.2024 23:28

Saňa üýtgäniň üçin gaharlanarlar, emma hiç kim çykyp üýtgemegiňe näme üçin sebäp boldumkam diýmez.

7
16