sadajaaa_
14.09.2024 21:32

Pingwin öýden gaçyp, iki hepde açyk deňizde boldy.

Ýaponiýada öz eýesiniň öýünden gaçan kap (afrika) pingwinini iki hepdeden soňra tapdylar. Ol şunça wagtlap açyk deňizde ýüzüpdir. Şu wagtyň içinde ol deňziň içinde uzaga giden ekeni diýip, «The Guardian» neşirine salgylanýan «MIR 24» habar berýär.

Pen-týan atly pingwin hiç wagt deňzi görmändir, hatda tebigy şertlerde özi barada aladalanmagy başarmaýan ekeni.

25-nji awgistda pingwin Aýti prefekturasynda geçen çäre wagty gaçypdyr, onuň eýesi Resuke Imai etrapdan ony gözläpdir, emma gözlegi dowam etmäge Ýaponiýada çabga ýagyşlary netijesinde dörän deňiz tupany päsgel beripdir. Hünärmenler Pen-týan ýabany tebigatdaky durmuşa ukypsyzlygy üçin bir hepdeden köp ýaşap bilmez diýip, çaklapdyrlar. Emma 8-nji sentýabrda eýesine onuň ýiten ýerinden 45 kilometrlikdäki suwa düşülýän ýerde «suwda şadyýan bökjekläp durandygyny» habar beripdirler.

Pingwini eýesine gaýdyp beripdirler. Pen-týan biraz horlanypdyr, emma özüni oňat duýýar. Hünärmenler ol deňizde balyk we leňňeç tutup gününi görendir diýip pikir edýärler.

Turkmenportal

16
89
okyyjy
Sunday 05:51 wagtda
zumerret_
Saturday 22:55 wagtda
Neslini kopeltmeli , cydamly eken
garlawac
Saturday 22:40 wagtda
Türkmenportalyňam hut işi gaýdypdyr şuňa meňzeş zatlary ,,maglumat" diýip terjime edýän bolsalar 🗿
garlawac
Saturday 22:40 wagtda
Näme gyzygy barka şolaň? Kak butdo dünýädäki iň soňky nesli ýaly
gunesh_
Saturday 22:39 wagtda
Habar bolýamy ýa täsinlik bolýa şu indi düşünmedim?
garlawac
Saturday 22:37 wagtda
Sygyryň fermadan gaçany, pingwiniň öýden gaçany.... 🧘
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.