sadajaaa_
14.09.2024 01:12

Kalp armanda, umyt sönüp,
Indi meni, yzlama sen.
Muňa özüň - sözüň sebäp,
Indi meni, yzlama sen.

Diýen bolduň: "Näziň agyr",
Bu sözden soň etmen sabyr.
Näzim söýgä gazsyn gabyr,
Indi meni, yzlama sen.

Kyn bolsa şoň üçin köýmek,
Munda diňe birin söýmek.
Yşk ýükün çekmänsiň diýmek,
Indi meni, yzlama sen.

Tapsaň söý, näzsiz gözeli,
Gör bile durmuş gyzygy.
Menden gözleme ýazgyny,
Indi meni, yzlama sen.

Soňky sözüm - bagtly bol,
Bagtsyzlyga uzatma gol.
Biz üçin däl eken bu ýol,
Indi meni, yzlama sen.

©️Bagtygül Taganowa

8
86
sadajaaa_
14 Sentýabr 2024
@okyyjy, bolya sagboluň saglykda goruşeliň nesip bolsa😊
okyyjy
14 Sentýabr 2024
@sadajaaa_, bolýar onda ýene görüşýänçäk 🫲
sadajaaa_
14 Sentýabr 2024
@okyyjy, hovva chat bardy biram sahsysy bardy oytyan yalnysmasam yok menlik yer dal otayysy
okyyjy
14 Sentýabr 2024
@sadajaaa_, bolmasa mnm bärini halaýan
okyyjy
14 Sentýabr 2024
@sadajaaa_, otaýynyň söhbetdeşlik bar aýratyn şonsy gowy. Bärde işlänok
sadajaaa_
14 Sentýabr 2024
@okyyjy, öň giryadim inni giremok halamok birhili sol progy barsy asuda govy otayy biraz cylsyrymly yer.!
okyyjy
14 Sentýabr 2024
@sadajaaa_, bilesigeljä girýäňizmi
sadajaaa_
14 Sentýabr 2024
@okyyjy, boluň boluň gunes bolun ot bolun😄
okyyjy
14 Sentýabr 2024
@sadajaaa_, 🤔menem güneş bolan bolaýyn🌞😁
okyyjy
14 Sentýabr 2024
@sadajaaa_, men size minnetdar🤗
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.