sadajaaa_
15.09.2024 01:00

Gitdiň kakam, gelmez ýola ugradyň,
Damja bolup gözlerimde guradyň.
Köne albomdaky galan suratyň,
Indi ýüregime melhem boljakmy?!

Kalbymda döredip arktikaň garyn,
Dertlerimi doň ýürege bukýaryn.
Dogan-gardaş jigi üýşürsem baryn,
Birleşende seň bilen deň boljakmy?!

Biribar eçilsin ýüregme giňlik,
Sensiz ýaşaýyşam göýä bir ýetimlik.
Başyma inipdir ynha ýetimlik,
Heý-de halym mundanam teň boljakmy?!

(teň - teňňe).

©️Merjen Meredalyýewa

12
35
flowers_
Düýn 11:30 wagtda
🥺
yhlas95
Sunday 07:20 wagtda
Galamyñ ujy ýiti bolsun
alma___
Sunday 07:07 wagtda
😥😥
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.