sadajaaa_
16.09.2024 01:34

Eý, Allam goldawer meni,
Mätäç senden hemaýata.
Syr diýenim meniň bilen,
Bile gitsin kyýamata.

Egne bereniň çekeýin,
Goýmaweri garamata.
Çykaýyn abraýym bilen,
Ulus-ile, jemagata.

Üstünligme kän şek gerek,
Ynanmaň hiç mahabata.
Ylham Alladan berilen,
Şübhe bormy keramata?!

Göwnüm daş dursun kineden,
Elter betbagt alamata.
Bilegi güýçli gazansyn,
Ynamym bar Adalata.

Giç bolmanka öňe ädiň,
Uýuň mydam sahawata.
Hiç zadyň peýdasy ýokdur,
Örten soň üssüň ak mata.

©️Göwher Şyhberdiýewa

12
46
beghanym
Monday 13:02 wagtda
👍
alma___
Monday 10:44 wagtda
Gowy goşgy
okyyjy
Monday 01:50 wagtda
@sadajaaa_, bile ýalkasyn
sadajaaa_
Monday 01:50 wagtda
@okyyjy, Taňryýalkasyn🙂
okyyjy
Monday 01:49 wagtda
@sadajaaa_, goldaýan seni👍
sadajaaa_
Monday 01:46 wagtda
@okyyjy, Salam govumy yagdaylaryn... sps kop kop minnetdar!😊
okyyjy
Monday 01:43 wagtda
Ýene 1nji
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.