sadajaaa_
16.09.2024 20:46

2bölüm.
Wepa ýuwdunanyny duýman galdy. —Birden beýle howlukmasana. Azadyň ýarasyna duz sepilen ýaly boldy. —Wagt ýitirmeli däl. Dessine bellisini etmeli. Sen haty eltip berseň bolýa. Wepa dostuna syr bildirmezlige çalyşdy. —Haty ýazdyňmy?—Bile ýazarys. Bu wagt Azadyň sähelçe-de gaňyrşyna gaýtmaly däldi. Wepanyň muňa gözi ýetip durdy. Şonuň üçin ol ylalaşmaga mejbur boldy.Ilkinji sapagyň nähili geçenligi belli bolmady. Ýanaşyk oturan iki dostuň hymy-symysy gutarmady. Töwerekdäkiler olara tarap seredişýärdiler. Ýöne her niçikde bolsa, hat ahyrsoňy ýazyldy. Indi ony gowşurmagyň alajyny tapmalydy. Mähri ýanaşyk synpda okaýardy.Arakesmäniň jaňy kakylandan, Azat ylgap gitdi. Gidişi ýalam, dessine dolanyp geldi. —Häzir tüýs pursaty. Ýekeje özi otyr. Bar basymjak!—Nädip bersemkäm? —Özüň bir alajyny tap. Wepa okuw esbaplarynyň arasyndan okap ýören goşguly kitabyny çykardy-da, onuň içinde haty goýdy. Haýal-ýagal etmänem, tabşyrygyň ugruna çykdy. Ol ýanaşyk synpyň okuw otagyna girenden, endam-jany jümşüldäp başlady. Hakykatdanam, Mähri bir çetde ýeke özi otyr eken. Ol Wepany mylaýym nazary bilen garşy aldy. —Mähri, şu kitaby okap gör —diýip, Wepa onuň öňünde kitaby goýdy. Mähri şatlyk bilen kitaby eline aldy. —Dogrudanam, gyzyklymy?!Wepa gyzyň ýanynda mundan artyk eglenmedi. Kynlyk bilen:—Içine seretgin —diýip, çykyp gaýtdy.Bir ýerde kanagat tapman, zowzalap ýören Azat Wepany görenden okdurylyp geldi. Ol sorag yzyna sorag ýagdyrýardy. Ýöne bu tolgunmalaryň hemmesiniň soňy puç boldy. Aradan salym geçmänkä, okuw otaglaryna Mähri girdi. Onuň ýüzünde gan-pet ýokdy. Ol gelşine, Azadyň öňünde kitaby patladyp goýup, sesini çykarmanam, gahar bilen çykyp gitdi. Hemme zat düşnüklidi. Ýöne onda-da, Azat ynjalmady. Ol kitabyň içinden haty tapyp, jogaby okap gördi. Jogapda bary-ýogy üç söz ýazylypdyr. «Tamaňy tala daň-aý!» Azadyň endamyna sowuk der indi. Bu ýüzkessiri çalnan şarpyk oňa juda ýokuş degdi. Wepa dostunyň düşen halyny duýup durdy. Şonuň üçin onuň ýüzüne seretmäge çekinýärdi. Azadyň bada-bat özüni dürsäp ýetişmänkä, heňiniüýtgetdi. Ýap-ýaňyda yşkynda köýüp ýören arzylysyndan indi aýp gözleýärdi. Azat öz ýanyndan mojukdan mojuk toslamalary oýlap tapýardy. —Bilýärmiň, Mähri nähili gyz eken?! Käbir ýigitler bilen arasybar eken.Bu sözler Wepa ýaranokdy. Ol her gezek ýüzüni çytýardy. Pygly ýaman dosty bilen ugur gopanokdy. Bu ýagdaýy Azat dessine aňyp, onuň peltesine ýag damdyrylan ýaly boldy.

11
47
sadajaaa_
Tuesday 00:35 wagtda
@alma___, nesip bolsa haz goyjak
alma___
Tuesday 00:13 wagtda
Dowamyna garaşýan
sadajaaa_
Monday 21:02 wagtda
Dovamy bar!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.