sadajaaa_
16.09.2024 16:22

1bölüm.

Wepa irden kitapdyr depderlerini alyp, okuwa gitmek üçin, öýlerinden çykdy. Ýöne ol mekdebe tarap däl-de, ters ugra ýöredi. Ol Azadyň üstüne barmalydy. Azatlaryň öýi ters tarapda bolsa-da, Wepa ilki olara barýardy. Bu ýagdaý indi endik bolup gidipdi. Hakyna garanyňda, Azat Wepanyň üstüne gelmelidi. Wepalaryň öýi ýüzugra bolýardy. Emma Azat Wepa garaşyp durmaklygy hossa bilýärdi. Bardy-geldi irräk çykaýsa-da,bärsine garaman göni geçip gidiberýärdi. Onsoň Wepa okuwa ýoldaşly gitmek üçin, eglişik etmeli bolýardy. Wepa bu ýagdaýdan ejap edip, häzirem howatyr bilen töweregine garanjaklady. Ýöne edil bilgeşleýin edilen ýaly boldy. Köçä çykandan, pete-pet Mähri gabat geldi. Ogrulykda tutulan ýaly bolan Wepa boz-ýaz boldy.Dostunyň öýüne baryp, Wepa bu gezek garaşyp durmaly bolmady. Olara ýetip-ýetmänkä, Azat öňünden haýdaşlap çykdy. Ol oda düşen ýaly gyssanyp, köçä boýnuny uzadan Azat tolgunma bilen dillendi. —Şobarýan Mährimi? Ýör, yzyndan ýeteli. Azat duran ýerinden, okdurylyp gitdi. Onuň şeýle endigi bardy. Ol ylgamagy gowy görýärdi. Göwresi çekdirilen ýaý ýaly, sagdyn ýigit nirede bolsa-da, ýüzin salaýýardy. Wepanyňky bolsa, tersinedi. Onuň ylgamaga duran ýeri, arryk aýaklarynda ysgyn-rowgat ýokdy. Çala başy gowşan, inçemik göwresi zordan yraň atdy. Häzirem ol elde baryny edip ylgasa-da, Azadyň yzyny eýgerip bilenokdy. Azat birden badyny togtatdy. Mähriň yzyndan ýetip, habar gatmaga bogny ysmady. Ol yzyndynýetip gelen dostunyň ýüzüne naýynjar garady. —Men-ä utanýan-laý. Mährä näme diýsemkäm?Wepa demi-demine ýetmän, sojap durşuna, dostuna näme maslahat berjegini bilmedi. Mähri bolsa, öň ýanjagazlaryndan saýhally gadam urup barýardy. Töweregine ýaltaklaýynam diýenokdy. Gyz agrasdy. Belki, şonuň üçin bolsa gerek, ýigitleriň ondan sussy basylýardy.—Owadan-aý! —diýip, Azat hyrçyny dişledi.Mähri ýigitleriň duldegir goňşusyhem çagalykdan bile oýnapulalypdylar. Geplemezek Mähri ilkiler kän göze ilip duranokdy. Ýöne ýetginjeklik ýyllary welin, gyz tanalmaz derejede özgerdi. Mähriniň görk-görmegi bahar güli kimin, birden açyldy. Tokmak ýaly, şar gara saçlarynyň örümi gysymyna syganokdy. Gyzyň asuda tebigaty, mylaýym nazary ýigitleri biygtyýar özüne bendi edýärdi. Dostlaryň ikisi-de bu gözelligi deň saýgaryp, deň aşyk boldylar. Ýöne Wepa duýgusyny pynhan saklaýardy. Sebäbi bu näzik duýgusynyň amala aşjagyna ynamy ýokdy. Ol Azadyň däli-diwana bolup ýörşüni görýärdi. Azat bilen bolsa, bäsdeşlik etmäge het edip biljek däldi. Azat bu gün hasam ynjalyksyzdy. Ol näme işläp-näme goýýanyny bilenokdy. Mekdebe baryp, okuw otagyna girenlerinden soň, özüni dürsäp bilmedi. Ol Wepanyň gulagyna çawuş çakdy. —Mährä hat bersem nähili bolarka?

Dovamy bar!

10
59
smiling_
Monday 21:13 wagtda
sadajaaa_
Monday 20:47 wagtda
@smiling_, hm bolya)
smiling_
Monday 20:27 wagtda
@sadajaaa_, Ýok gerek däl gmaili halamok giç gelýär
sadajaaa_
Monday 20:22 wagtda
@smiling_, bolya aklm arkain bolar yaly gmailme yazay🙂
smiling_
Monday 20:16 wagtda
@sadajaaa_, Azajyk gürleşelimi
sadajaaa_
Monday 19:55 wagtda
@smiling_, Hou mosskam😚
smiling_
Monday 19:53 wagtda
Abla
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.