sadajaaa_
15.09.2024 22:32

Boliwiýa tokaý ýangynlary sebäpli halkara kömegini sorady.

Boliwiýanyň hökümeti ýurduň gündogaryndaky tokaý ýangynlary sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan etdi we halkara kömegini sorady. Tokaý ýangynlaryny öçürmek üçin himiki jisimleri sepýän uçarlar ulanylýar diýip, «Associated Press» habarlar gullugyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar. Şeýle etmek bilen, harby uçarmanlar oduň ýaýramagynyň öňüni almakçy bolýarlar.

Tokaý ýangyny mundan üç aý öň başlandy, emma soňky hepdelerde oňa gözegçilik etmek barha kynlaşýar. Boliwiýanyň Amazoniýasynda eýýäm dört million gektar tokaý ýandy. Santa-Krus departamenitinden 700-den gowrak maşgala göçürildi.

Ýangyna täze ekin meýdanlaryny açmak üçin agaçlary çapan ýerli daýhanlar sebäp bolandyr diýlip çaklanýar.

11
36
beghanym
Monday 13:04 wagtda
Alla abraý bersin
alma___
Sunday 23:07 wagtda
Ot belasyndan. Suw belasyndan özùñ garawer Allajan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.