sadajaaa_
Bu gün, 20:58

Ýaponiýa iň köp uzak ýaşlylaryň ýaşaýan ýurdy diýlip yglan edildi.

Ýaponiýa ömrüň dowamlylygy boýunça rekord goýdy, häzirki wagtda ýurtda 95 müň sany uzak ýaşly adam ýaşaýar diýip, bu ýurduň Saglygy goraýyş ministrligine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

1-nji sentýabrdaky ýagdaýa görä, Ýaponiýada 100 we ondan ýokary ýaşly 95 müň 119 adam ýaşaýar. Bu bir ýyl mundan öňdäkiden 2980 adam köpdür. Şunda uzak ýaşlylaryň 83 müň 958-si zenanlardyr.

Ýurtda şeýle hem ýaşy 65 we ondan ýokary bolan adamlaryň 36,25 milliony hasaba alyndy. Bu ilatyň umumy sanynyň 29,3 göterimidir. Bu görkeziji babatda Ýaponiýa ilaty 100 müňden geçýän 200 ýurduň we sebitleriň sanawynyň başyny çekdi.

Saglygy goraýyş ministrliginde gartaşan adamlaryň sanynyň artmagynyň saglygy goraýşa we durmuş hyzmatlaryna çykdajylaryň artmagyna getirýändigini bellediler. Şeýle hem işleýän ilatyň sany barha azalýar.

Bu meseläni çözmek üçin häkimiýetler pensiýa ýaşyny ýokarlandyrýarlar diýip, «Europe1» teleýaýlymy habar berdi.

Turkmenportal

6
9
sadajaaa_
Bu gün, 18:50

Güller – ömrüniň ähli döwürlerinde adama ýoldaş tebigatyň ajaýyp döredijiligidir. Dürli gülleriň dürli nyşanlary bar, söýgi, wepalylyk, dostluk we hormat.

Dünýädäki iň köne gül Germaniýada ösýär. 1000 ýyldan gowrak wagt bäri “Hildesheim soborynda” her ýyl gülleýär.

Müsürde gül ösdürip ýetişdirmek 4 müň ýyldan gowrak ozal başlandy.

Gollandiýa çigildemleriň ýurdy. Ýüzlerçe, hatda müňlerçe owadan güller bu döwletiň meýdanlarynda ösýär. Emma Gollandiýada çigildem ýok wagtlary hem bolýar.

Dünýäde iň çalt ösýän gülleriň biri çigildemdir. Çigildemler diňe bir günde 2 santimetr ösüp biler.

Gadymy Müsürde “lotos” mukaddes gül, direliş nyşany hasaplanýar. Oňa ybadat edilip, jaýlanyş dessurlarynda ulanylýar. Bu, esasan, lotosyň köp ýyllyk gurakçylyk wagtynda ýaşap bilmek ukyby bilen baglanyşykly bolup durýar.

Hytaýyň milli gülü “pion”-dyr. Bu ýurtda hakykatdanam pionlaryň jadyly häsiýetler bar. Hytaýlylar, piony erbet ruhlary öýlerinden kowýar diýip hasaplaýarlar.

Iň gadymy gül, “ähli gülleriň enesi” 2002-nji ýylda häzirki Hytaýyň çäginde arheologlar tarapyndan tapyldy. Onuň ýaşy 125,000,000 ýyldan gowrak.

Amerikanyň tropiki ýerlerinde ösýän ,,Aý güli” diýlip atlandyrylýan gül özboluşlylygy, gülleriniň gülläp ösmegi üçin günüň däl-de, aýyň ýagtylygynyň bolmagy, ösümligiň diňe garaňkyda gülleýänligi bilen tapawutlanýar.

AÝMYRAT HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

5
8
sadajaaa_
Bu gün, 03:50

Hozuň peýdasy nähili? Günde näçe hoz iýmeli?

Ýagyň, belogyň we süýümiň çeşmesi bolan hozuň örän köp peýdasy bar. Hoz agram deňagramlylygyny saklamak bilen ýürek we süňk saglygyny gowulaşdyrmaga ýardam edýär.

Takmynan 90 ýokumly maddany öz içine alýan hoz, adamyň saglygyna oňyn täsir edýär. Yzygiderli iýlende immunitet ulgamyny güýçlendirýär, derä ýylmanaklyk berýär we ýygyrtlaryň döremeginiň öňüni alýar. Gandaky melatoniniň derejesini ýokarlandyryp, kadaly uka möhüm goşant goşýar.

Hozda magniý, sink, mis, demir, fosfor, birnäçe witamin bar. Ýaglara, foliý turşusyna, demir we kaliýa baý. Şeýle hem hoz, glýutsiz iýmitlenmek üçin amatlydyr. Wegetarianlara dürli iýmit we witamin goldawyny berýär. Antioksidantlaryň köplügi sebäpli garrylyk bilen baglanyşykly keselleriň, rak we ýürek-damar ulgamynyň keselleriniň öňüni alýar. Hoz sagdyn we deňagramly iýmitlenmek üçin möhüm iýmitdir.

Geçirilen gözlegler, hozuň yzygiderli iýilmegi nahardan soň ýüze çykýan erbet holesterin diýip kesgitlenýän LDL-iň oksidleýji zeperiniň öňüni alýandygyny görkezdi.

Geçirilen gözlegler hozuň açlyk duýgusyny azaldýandygyny we açlygyň öňüni almaga kömek edýändigini görkezdi. Düzüminde ýagyň ýokarylygy sebäpli 100 gram hozda takmynan 674 kaloriýa bar. Sagdyn görnüşde horlanmak we esasan kaloriýa üns bermek üçin hoz iýeniňizde gaty seresap bolmaly. Günde 8-den köp hoz iýmeli däl.

Gurbanjemal GYLYÇDURDYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

9
29
sadajaaa_
Düýn, 21:00

Hindistanyň ştatynda ýokanç sebäpli örtük düzgüni girizildi.

Hindistanyň günortasyndaky Kerala ştatynfa howply Nipah ýokanjy sebäpli agyz-burun örtügi düzgüni girizildi.

Ýerli häkimiýetler bu düzgüniň 23 ýaşly talyp hassahanada ady agzalan ýokançdan aradan çykandan soňra girizilendigini habar berdi. Barlaglaryň ikisi onda Nipah wirusyny tapdy. Häzirki wagtda saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri ýaş ýigidiň gezen ýerlerini we gatnaşyk edip biläýjek adamlaryny öwrenýärler.

Ştatda köpçülikleýin çäreleri geçirmek gadagan edildi, teatrlar we bilim edaralary ýapyldy. Ýerli ýaşaýjylar howpsuzlyk çärelerini berjaý etmäge borçly edildi diýip, «NDTV» teleýaýlymyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Nipah ýokanjy ilkinji gezek 1998-nji ýylda Malaýziýadaky doňuzdarçylyk fermalaryň birinden tapyldy. Soňra Singapurda, Hindistanda we Bangladeşde bu kesel möwjedi. Ýokanç adama haýwanlardan geçýär. Kesellän adam hem öz nobatynda beýleki adamlara ýokuşdyryp bilýär. Ýokançda ölümliligiň derejesi 90 göterime ýetip biler diýip, lukmanlar belleýärler.

Turkmenportal

8
156
sadajaaa_
Düýn, 05:10

7bölüm.
Ýoknasyzlyk bilen atylan bu habara olaryň hijisem baş galdyrmady. Wepa bilen Mähri hiç zat bolmadyk ýaly, ýene ýollaryny dowam etdirdiler. Bu ýagdaý Azadyň aňyrsyny bärik getirdi. Ol dişini gyjap, hüjüme geçdi. Wepanyň ýeňsesinden baryp, elindäki kitapdyr depderlerini depip goýberdi. —Men size ýoluňyz haýyr bolsun diýýän!Wepa Azat bilen nähili dikleşenini duýman galdy. Ol Azady aňyna-maňyna garaman, südenekledip barýardy. Azat beýle garşylyga garaşmandy. Hemişeki müzzerip ýören Wepany indi tanar ýaly däldi.—Daýawlanypdyr-aý.Azat şeýle diýdi-de, güýjünde baryny edip, omzady. Ýöne onuň edip bilen zady bolmady. Wepa baş berer ýaly däldi. Onuň şol inçemikligi bolsa, endam-jany demir ýaly gatydy. Has-da beteri, ondaky peýdabolan gaýraty diýsene! Ol ahyrky güýjüne çenli, ýan berjege meňzänokdy. Azat ýagdaýy aňyp, bedenini gowşatdy. Emma Wepa welin, äginerli däldi. Ol ýigrenç bilen Azadyň döşünden itip goýberdi. Azat arkanlygyna serrelip gaýtdy. Wepa gaýdyp, özüne garşylyk görkezilmejegini aňansoň, ýerde dargaşyp ýatan kitapdyr depderlerini çöpläp, yzyna garaman gitdi. Onuň gürsüldäp urýan ýüregi ornuna syganokdy. Demini sojap alýan Wepanyň kalbynda bimöçber şatlyk möwç urýardy. Ol ilkinji gezek öz mertebesini gorapdy. Wepa alňasak gadam urýardy. Ol kalbynyň rahat tapýan şol sähranyň çolalygyna ýetmäge gyssanýardy. Ýigit obanyň gyrasyna ýetip, suwly salmadan böküp geçdi. Tanyş ýodasy bilen haýdap başlady. Ýöne heniz iki ädimem ätmänkä, ýagyrnysynadegen kesek ony ör-gökden getirdi. Allaniçiksi bolup, yzyna gaňrylan Wepa gözlerine ynanmady. Onuň öňünde Mähri ýyljyraklap durdy. —Mähri, sen bu ýerde näme işleýäň?Mähri uly tolgunma bilen dillendi.—Wepa, sen ony ýeňdiň!Mähriniň begenjiniň çägi ýokdy. Onuň käse ýaly, balkyldaýan gara gözleri ýigide guwanç bilen bakýardy. Wepa birbada näme diýjegini bilmedi. Ol ahyrsoňy, özüni birneme dürsäp, gyza hoşamaýlyk bilen ýüzlendi. —Mähri, bar, öýüňize gaýt. —Bolmanda-da gaýtjak. Mähri henizem ýyljyraklap durşuna, ýene öňki diýenini gaýtalady. —Sen ony ýeňdiň!Soňra gyz hyrra yzyna dolandy-da, gaty-gaty ýöräp gitdi. Mähriniň gujurlyja göwresi şatlykdan ýaňa, uçaýjak bolýardy. Wepa birsalym böwrüne diň salyp, uzaklara nazaryny dikdi. Öňde goňşy obanyň baglary çala garalyp görünýärdi. Oňa tarap uzap gidýän inçejik ýoda egrem-bugram bolup, ýylgyndyrsyrkynlaryň arasynda ýitip gidýärdi. Wepa tijenenini duýman galdy. Sebäbi bu menzili geçmek üçin, özüňe mazalyja agram salmalydy. Bu menzil kämillik menzilidi.

Soňy!

10
35
sadajaaa_
Düýn, 01:00

6bölüm.
Wepadaky bolup geçýän bu özgerişligi ilki ejesi duýdy. Ogulgurban işdämenlik bilen naharyny iýip oturan oglunyň daşyndan hozanak bolup aýlanýardy. Ene içki begenjini ýaşyryp bilmedi.—Çagam, tüweleme, ers-mers bolup barýaň sen-ä!Ogulgurban indi her gün ýola düşýän oglunyň yzyndan guwanç bilen garap galýardy. Wepa özündäki bolup geçýän bu özgerişligi duýsa-da, başda oňa ähmiýet bermedi. Sebäbi ýetginjegiň gögele kalby beden sagdynlygyň durmuşdaky tutýan ornuna doly aň ýetirip bilenokdy. Ýöne Wepa kem-kemden başyna düşen külpetleriň hut, beden gowşaklygy zerarly ýüze çykanlygyna düşünmegi başardy. Ol indi görüp otursa, durmuşyndaky şowsuzlyklaryň hemmesi lellimliginden eken.Beden sagdynlygy diňe gara güýç däl. Ol kämilligiň belli bir derejesi. Sagdynlyk ruhuň binýadyny tutýar. Sagdyn bedende sagdyn ruh bolýar diýip, ýöne ýere aýdylmandyr. Wepa indi her gün okuwa belent ruh bilen gelýärdi. Sebäbi bedeninde dyňzap duran güýji syzýardy. Indi oňa köpçülikde bolmaklyk ezýetli däldi. Örüsi barha giňeýän Wepanyň gitdigiçe, özüne ynamy artýardy. Her gün onuň üçin, toý-baýram ýalydy. Deň-duşlary bilen egnini deňlänsoň, oňa durmuşda müşgil zat ýok ýalydy. Aňzakly gyşyň sowugam ýol aşmaklyga päsgelçilik döredip durmady. Wepa saňgaty bolup doňan ýodajygyndan emgenmän gadam urýardy. Ak gara basyrynan meýdanyň görnüşi üýtgeşik täsir döredip, tebigatyň herpasly hem özüçe owadan eken. Gyş ýeňse berip, howa maýlansoň, Wepanyň kalbyna düşnüksiz galagopluk aralaşdy. Indi ýaş ýigidiň ýüregi näzik duýgy bilen urýardy. Meýdandaky irki ören güljagazlara hyrydar garaýan Wepanyň birden Mähri ýadyna düşdi. Ol gyzdanşu wagta çenli gaçgalaklap ýördi. Wepa şol günüň özünde Mähriniň ýanyna bardy. Bu garaşylmadyk ýagdaý gyzy diýseň tolgundyrdy. Ol ör turanlygyny hem duýman galdy. Şatlykdan ýaňa, ýüzi gül ýaly açylan Mähri irginsizlik bilen hal-ahwal soraşdy. Soňam durupbilmän, içki tolgunjyny mälim etdi. —Sen üýtgäp gidipsiň, Wepa!Şol gün olar okuwdan bileje gaýtdylar. Mähri birjikde gypynç etmän, ýigit bilen deň gadam urup gelýärdi. Olar kän gürleşenokdylar. Ýöne ikisine-de biri-biriniň golaýjakdadygyny duýmaklyk ýakymlydy. Wepa Mährini öýlerine çenli ugratdy. Hoşlaşmakçy bolanlarynda, Mähri çyn ýürekden mürähet etdi. —Bizden iýip-içip gidäý. Ejem diýseň begener. Onuň sizi göresi gelýär. Siz gitdiňiz welin, töweregi çolaran ýaly bolaýdy. —Ýok, sag bol, Mähri! Men ýolumdan galmaýyn.—Sag-aman bar, Wepa!Olar her gün şeýdip, okuwdan bile tirkeşip gaýtdylar. Bu ýagdaý hiç kimi geňirgendirip duranokdy. Ýöne bir gün garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykdy. Mekdepden ýaňy arany açanlarynda, Azat öňlerinden çykdy. Onuň ýörite ýoly saklap, garaşyp duranlygy bellidi. —Aşyk-magşuklar, ýol haýyr bol-a!

Dovamy bar!

10
25
sadajaaa_
17.09.2024 20:34

5bölüm.

içki dünýäsine berlip, töwerek-daşyny unudyp, arzuw-hyýallara beslenýärdi. Ol arzuw-hyýallar şeýle bir ymsyndyryjybolup, göwün isleýşiçe nepisdi. Şeýle täsin ahwalaty başdan geçirýän ýigit ýoluň argynlygynam duýmazdy. Gaýtam ýoluň tiz tamamlananlygyna gynanardy. Asuda çolalykda bolup geçýän bu ahwalat Wepa üçin zerurlyga öwrüldi. Indi onuň göwni şol ýalňyzlykdaky şirin göwünýüwürtmeleri küýsäp durdy. Dynç günem ýigit öýlerinde oturyp bilmän, bir bahana bilen obalaryna tarap ýola düşenini duýman galdy.Wagtyň geçmegi bilen, Wepanyň şunça ýoly söküp, öňki mekdebine gatnaýanlygy aýan boldy. Hiç kimiň bu habara ynanasy gelmedi. Beýle uzak ýoly her günde ýöräp geçmeklik mümkin däl ýalydy. Oglunyň şeýle güne galyp ýörenligini bilen Ogulgurbanyň haýýaty göçüpdi. Ol otly köýnek geýen ýaly, adamsynyň ýanynda bir diýenini gaýtalap, ýer depýärdi.—Işiňem bilemok, beýlekiňem! Bizi häziriň özünde öz obamyza äkit. Çagamy beýdip, kösenje goýjak däl. Wepalaryň maşgalasy ýene yzlaryna göçäýmeli bolupdy. Emma bir gudratbilen Wepanyň aýdan sözleri enäni raýyndan gaýtardy. —Eje, men kösenemok. Gaýtam, ýöresem hezil edýän. Men şeýdip gatnabereýin-le.Ene ýüregi perzendiniň çyny bilen özelenýänligini duýup, häzir özüniňkini tutup otursa, çagasynyň raýyny ýykýanlygyna düşündi. Oglunyň ýüzüne ýiti-ýiti garaýan Ogulgurban ondaky ýüze çykan üýtgeşikligi aňýardy. Indi birneme bady gowşan ene boýnuny burup ýalbardy.—Ulaga bir mün ahyryn, çagam.—Ýok, eje, meniň pyýada gatnasym gelýär. —It-guş bardyr. O jelegaýlarda kim dadyňa ýetişsin?—Çopanlar mal bakyşyp ýörler. Dumly-duş alaň-açyklyk. Men indi öwrenişdim ahyryn, eje.—Bolýa-da, oglum, özüň höwesek bolsaň, gatnaber. Ýöne meniň-ä,tä gelýänçäň, ynjalygym bolmaz.Ejesinden rugsat alan Wepa üçin, ýol aşmak hasam ýeňlän ýaly boldy. Indi ol başyny belent tutup ýöreýärdi. Çykaran hokgasyndan müýnürgäp ýörenokdy. Her ädimini hasaplap basansoň, okuwa-da wagtynda ýetişýärdi. Güýz günleri bolansoň, howa gitdigiçe çigreýärdi. Howanyň ýüzündäki çyg indi mesaňa-mälim duýulýardy. Birkemsiz ýumşan meýdan ot-çöpleriniň hoşboý ysy kalbyňy heýjana salýardy. Töwerek-daş tämizlenip, ýiti reňke eýe bolup, gök asman gümmezi garaňkyrap, hasam çuňalan ýalydy.Tebigatyň bu gözelligini synlamak Wepa her gün miýesser edýärdi. Her gün ol üýtgeşik täsir alyp, älemi synlaýardy. Älemiň uç-gyraksyzlygy onuň kalbynda orun alýardy. Indi oňa obanyň jaýlary, baglary kiçelen ýaly bolup görünýärdi. Ýigitde ýene bir ýagdaý ýüze çykypdy. Birsyhly, dowamly hereket onuň bedenini berkidýärdi. Süňňüne gelip gowuşýan güýji Wepanyň özem duýýardy. Indi onuň aýaklary ýere pugta basyp, hereketinde erkinlik duýlup, öňki ysgynsyz, lellim göwre kem-kem ýaý kimin, çekdirilýärdi.

Dovamy bar!

9
173
sadajaaa_
17.09.2024 15:40

4bölüm.

Wepa ejesine näme jogap gaýtarjagyny bilmän, müýnli halda ýüzüni aşak salýardy. Ýigit bu çykgynsyz ýagdaýdan nähili başyny gutarjagyny bilenokdy. Näme üçin, olhemmeler ýaly bolup bilenokka?Tomus rugsady ahyrlap ýörkä, garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykdy. Wepanyň kakasynyň işini wagtlaýyn goňşy oba geçirdiler, olaryň maşgalasy şol ýerik göçmeli boldy. Bu ýagdaý Wepany hasam kyn ýagdaýda goýdy. Indi ol ýat obada, ýat mekdebe gatnamalydy. Wepa tomus rugsadynyň galanja wagtynyň nähili geçenligi duýmady. Okuwa gidilmeli gün salymyny bermän, ýetip geldi. Ol gün hemmeler üçin,toý-baýramdy. Emma Wepa welin, ýaga depjek ýalydy. Oglunyň halyna düşünip duran Ogulgurban göwünlik bermäge çalyşdy. —Wepa jan, arkaýyn barybergin mekdebe. Kakaň mugallymyň bilen gürleşip görüpdir. Seniň okamaly synpyň iň göreldeli synpmyş. Ýöne Wepanyň täze mekdebe tarap aýagy ädilmedi. Ol näme edýänini özem bilmän, öz obalaryna tarap ýola düşdi. Paý-pyýada ýylgyndyr syrkynly düzlük bilen haýdap başlady. Ýygra ýigit üçin, şundan başga ugur tapylmandy. Emma Wepa näçe gyssansa-da, okuwa wagtynda ýetişipbilmedi. Ol obalarynyň çetinden girende, ilkinji sagadyň jaňynyň kakylanyna ýoňsuz wagt geçen eken. Munça wagt gijä galansoň, mekdebe barmaklygyň ebeteýini tapmadyk Wepa bialaç ýene yzyna dolanmaly boldy. Gaýdyşyn aýaklar ädilmejek bolýardy. Ýol hele-müçe uzaklykda däldi. Iki obanyň arasy alty-ýedi kilometr çemesi bardy. Özem öri ýerleri bolansoň, kowçum oturan ýylgyndyr syrkynlaryň arasyndan aýlanyp geçmelidi.Gün günorta bolanda, zordan öýlerine ýeten Wepa sessiz-üýnsiz süýnäýdi. Onuň tutuş bedeni syrkyrap durdy. Wepa indi näderini bilenokdy. Her gün munça ýoly sökmeklik bedeni bekemedik ýetginjek üçin çökderdi.Emma ertesi ol ýene obalaryna tarap haýdap barýardy. Wagty peýläp, has ir ýola çykansoň, Wepa bu gezek okuwa wagtynda ýetişdi. Obanyň gyrajygyndan geçýän suwly salmanyň boýunda durup, özüni tertibe salmaga-da maý boldy. Derlän ýüzüni ýuwup, çaň siňen jalbarynyň gonçlaryny kakyşdyryp, aýakgabyny süpürdi.Wepa hiç zat bolmadyk ýaly, okuw otaglaryna baryp, öňküje ýerinde oturdy. Oňa hiç kim ähmiýet berip durmady. Azadyň hem indi ondan ünsi sowlupdy. Azat kalbyny gaplap alan şol yşkbazlyk bilen henizem mübtelady. Indi onuň nazary Gunça düşüpdi. Gunça Wepalaryň öz synpynda okaýan gyzlaryň biridi. Her kimiň öz deňini tapyşy ýaly, Gunça-da Azat bilen hüýdeşdi. Ikisiniňem gylyk-häsiýeti bir gulakdan göçýärdi. Biri-birine ogrynça garaşyp, göz güldürişlerinden çen tutsaň, aralarynyň ap-aýdyň bolanlygy bildirip durdy.Tutuş okuw gününi ýeke özi gazarylyp oturan Wepa sapaklar tamamlanansoň, ýene yzyna ýola düşdi. Wepa her gün şeýdip okuwa gatnamaga başlady. Bu ýagdaý birbada heňe gelmejek ýaly görünse-de, ýuwaş-ýuwaşdan endik bolup ugrady. Ýaş beden gitdigiçe, werziş bolýardy. Ýol ýöremegiň Wepa üçin ýakymly tarapam bar eken. Olam ýalňyzlykda bolup bilýänligidi. Alaň-açyk meýdanyň imisalalygy ýygra ýigidiň göwnüne hoş ýakdy.Ýolda wagty Wepa täsin bir ýagdaýy başdan geçirýärdi. Birneme ýol aşyp, süňňi gyzyşan ýigidiň serindäki oý-pikirler möwjäp başlaýardy. Onsoň ol durky bilen

Dovamy bar!

10
37
sadajaaa_
17.09.2024 01:10

3bölüm.

—Dost jan, şol köpbilmiş bilen seňem araň bar öýdýän. Maňa syr bildirmän,ýören bolma?!—Mähri gowy gyz. Oňa garaňy sürtjek bolma. Wepa bu sözleriň dilinden nähili sypanlygyny bilmedi.Azadyň gahardan ýaňa, gözleri hanasyndan çykaýjak boldy. Ol bada-bat Wepanyň ýanyndan turup gitdi. Ähli goş-golamyny alyp, başga ýere geçdi. Indi ol hol, aňyrda hyltly nazaryny dikip otyrdy. Azat ähli ahmyryny Wepadan çykarmagyň kül-külüne düşüp, netikazalyk bilen hüjüme geçdi. Arakesme wagty duýdurman, badak salyp Wepany ýykdy. Sermaňňalak bolup gaýdan Wepa gaty awundy. Bu hemmeleriň gözüniň alnynda bolup geçdi. Azat muny bilgeşleýin edip, dostunyköpçüligiň öňünde kemsidýärdi. Iň ýamany-da, muny Mährem görer ýaly edýärdi. Wepa Azada garşylyk görkezip bilenokdy. Onuň Azatdan sussy pesdi. Güýjüniň deň däldigini bilip duran Wepa garawsyz halda egnini gysmakdan başga alaç tapanokdy. Azadyň bolsa, içitütäp durdy. Onuň gylawy paýawlar ýaly däldi. Ol ýene Wepanyň başyndan musallat bolup indi. Bu gezek güýçli gollary bilen Wepany ýakalap, wagty bilen sypdyrmady. Wepanyň akja köýneginde ýekeje-de abat ilik galmady. Wepa öýlerine gaýtmaga mejbur boldy. Oglunyň ebtine gözi düşen Ogulgurban uçurnuk boldy. —Azat gün berenokmy? Şu gün ejesini görerin. —Eje, biz oýun edip ýakalaşdyk. Ýöne ene hemmesine düşünip, gözlerine ýaş aýlady. —Oglum, seň salyň gowşak. Şonuň üçin üstüňe çöwjeýär. Nädeýin, çagalykdan çyrçykly bolduň. Hiç eýikmediň-dä. Dosty bilen arasy bozulan Wepa bir hakykada göz ýetirdi. Ol Azat bilen adam eken. Diňe Azady penalap mydar edýän eken. Ýeke özi galansoň, onuň töweregi çolaran ýaly boldy. Indi oňa öňküsiçe sarpa goýulmaýardy. Hatda, äsgermezçilik bilen garaýanlar hem bardy. Wepa töwerekdäkiler bilen gatylyp-garylyp bilmän, ony nähilidir bir güýç kössekläp durdy. Beýlekiler bilen onuň arasynda belli bir çäk bardy. Ol deň-duşlary bilen aýakdaş ýöräp bilenokdy. Her ädimde diýen ýaly, özüniň egsikligini duýýardy. Bu ýagdaý ýigidiň mazasyny alýardy. Onuň barha özüne ynamy gaçýardy. Azadyňky welin, tersinedi. Onuň edeni gelşip, tagaşykly göwresi, daýanykly ýigidiň her bir hereketine höwes edip oturmalydy. Ol hemişe öňbaşçylyk edensoň, onuň sarpasy tutulýardy. Beýle rüstemlik oňa nähili eýgerdýärkä?! Wepa şunça oýlansa-da, Azat bilen özüniň arasynda näme tapawudyň barlygyna düşünip bilenokdy. Näme sebäpden olar dürli-dürlükä? Wepa gitdigiçe ýekelige ram edýärdi. Onuň indi köpçülige kän barasygelenokdy. Sebäbi köpçülikde özüni oňaýsyz duýýardy. Hatda telim ýyllap, bileje okap ýören synpdaşlaryndan hem ýadyrgap, ýalňyzlyk duýgusy ýigidiň kalbyndan daş bolup basýardy. Wepanyň dadyna tomus rugsady ýetişdi. Indi ol göwni isledigiçe, ýalňyzlykda bolup bilýärdi. Ýöne bu ýagdaý ejesi Ogulgurbany ynjalykdan düşürdi. Ogulgurban günuzyn öýden çykman oturan oglunyň halyna gyýylýardy. —Oglum, beýdip ýeke oturman, senem köpçülige çyk ahyry

Dovamy bar!

11
80
sadajaaa_
16.09.2024 20:46

2bölüm.
Wepa ýuwdunanyny duýman galdy. —Birden beýle howlukmasana. Azadyň ýarasyna duz sepilen ýaly boldy. —Wagt ýitirmeli däl. Dessine bellisini etmeli. Sen haty eltip berseň bolýa. Wepa dostuna syr bildirmezlige çalyşdy. —Haty ýazdyňmy?—Bile ýazarys. Bu wagt Azadyň sähelçe-de gaňyrşyna gaýtmaly däldi. Wepanyň muňa gözi ýetip durdy. Şonuň üçin ol ylalaşmaga mejbur boldy.Ilkinji sapagyň nähili geçenligi belli bolmady. Ýanaşyk oturan iki dostuň hymy-symysy gutarmady. Töwerekdäkiler olara tarap seredişýärdiler. Ýöne her niçikde bolsa, hat ahyrsoňy ýazyldy. Indi ony gowşurmagyň alajyny tapmalydy. Mähri ýanaşyk synpda okaýardy.Arakesmäniň jaňy kakylandan, Azat ylgap gitdi. Gidişi ýalam, dessine dolanyp geldi. —Häzir tüýs pursaty. Ýekeje özi otyr. Bar basymjak!—Nädip bersemkäm? —Özüň bir alajyny tap. Wepa okuw esbaplarynyň arasyndan okap ýören goşguly kitabyny çykardy-da, onuň içinde haty goýdy. Haýal-ýagal etmänem, tabşyrygyň ugruna çykdy. Ol ýanaşyk synpyň okuw otagyna girenden, endam-jany jümşüldäp başlady. Hakykatdanam, Mähri bir çetde ýeke özi otyr eken. Ol Wepany mylaýym nazary bilen garşy aldy. —Mähri, şu kitaby okap gör —diýip, Wepa onuň öňünde kitaby goýdy. Mähri şatlyk bilen kitaby eline aldy. —Dogrudanam, gyzyklymy?!Wepa gyzyň ýanynda mundan artyk eglenmedi. Kynlyk bilen:—Içine seretgin —diýip, çykyp gaýtdy.Bir ýerde kanagat tapman, zowzalap ýören Azat Wepany görenden okdurylyp geldi. Ol sorag yzyna sorag ýagdyrýardy. Ýöne bu tolgunmalaryň hemmesiniň soňy puç boldy. Aradan salym geçmänkä, okuw otaglaryna Mähri girdi. Onuň ýüzünde gan-pet ýokdy. Ol gelşine, Azadyň öňünde kitaby patladyp goýup, sesini çykarmanam, gahar bilen çykyp gitdi. Hemme zat düşnüklidi. Ýöne onda-da, Azat ynjalmady. Ol kitabyň içinden haty tapyp, jogaby okap gördi. Jogapda bary-ýogy üç söz ýazylypdyr. «Tamaňy tala daň-aý!» Azadyň endamyna sowuk der indi. Bu ýüzkessiri çalnan şarpyk oňa juda ýokuş degdi. Wepa dostunyň düşen halyny duýup durdy. Şonuň üçin onuň ýüzüne seretmäge çekinýärdi. Azadyň bada-bat özüni dürsäp ýetişmänkä, heňiniüýtgetdi. Ýap-ýaňyda yşkynda köýüp ýören arzylysyndan indi aýp gözleýärdi. Azat öz ýanyndan mojukdan mojuk toslamalary oýlap tapýardy. —Bilýärmiň, Mähri nähili gyz eken?! Käbir ýigitler bilen arasybar eken.Bu sözler Wepa ýaranokdy. Ol her gezek ýüzüni çytýardy. Pygly ýaman dosty bilen ugur gopanokdy. Bu ýagdaýy Azat dessine aňyp, onuň peltesine ýag damdyrylan ýaly boldy.

11
47