sadajaaa_
17.09.2024 01:10

3bölüm.

—Dost jan, şol köpbilmiş bilen seňem araň bar öýdýän. Maňa syr bildirmän,ýören bolma?!—Mähri gowy gyz. Oňa garaňy sürtjek bolma. Wepa bu sözleriň dilinden nähili sypanlygyny bilmedi.Azadyň gahardan ýaňa, gözleri hanasyndan çykaýjak boldy. Ol bada-bat Wepanyň ýanyndan turup gitdi. Ähli goş-golamyny alyp, başga ýere geçdi. Indi ol hol, aňyrda hyltly nazaryny dikip otyrdy. Azat ähli ahmyryny Wepadan çykarmagyň kül-külüne düşüp, netikazalyk bilen hüjüme geçdi. Arakesme wagty duýdurman, badak salyp Wepany ýykdy. Sermaňňalak bolup gaýdan Wepa gaty awundy. Bu hemmeleriň gözüniň alnynda bolup geçdi. Azat muny bilgeşleýin edip, dostunyköpçüligiň öňünde kemsidýärdi. Iň ýamany-da, muny Mährem görer ýaly edýärdi. Wepa Azada garşylyk görkezip bilenokdy. Onuň Azatdan sussy pesdi. Güýjüniň deň däldigini bilip duran Wepa garawsyz halda egnini gysmakdan başga alaç tapanokdy. Azadyň bolsa, içitütäp durdy. Onuň gylawy paýawlar ýaly däldi. Ol ýene Wepanyň başyndan musallat bolup indi. Bu gezek güýçli gollary bilen Wepany ýakalap, wagty bilen sypdyrmady. Wepanyň akja köýneginde ýekeje-de abat ilik galmady. Wepa öýlerine gaýtmaga mejbur boldy. Oglunyň ebtine gözi düşen Ogulgurban uçurnuk boldy. —Azat gün berenokmy? Şu gün ejesini görerin. —Eje, biz oýun edip ýakalaşdyk. Ýöne ene hemmesine düşünip, gözlerine ýaş aýlady. —Oglum, seň salyň gowşak. Şonuň üçin üstüňe çöwjeýär. Nädeýin, çagalykdan çyrçykly bolduň. Hiç eýikmediň-dä. Dosty bilen arasy bozulan Wepa bir hakykada göz ýetirdi. Ol Azat bilen adam eken. Diňe Azady penalap mydar edýän eken. Ýeke özi galansoň, onuň töweregi çolaran ýaly boldy. Indi oňa öňküsiçe sarpa goýulmaýardy. Hatda, äsgermezçilik bilen garaýanlar hem bardy. Wepa töwerekdäkiler bilen gatylyp-garylyp bilmän, ony nähilidir bir güýç kössekläp durdy. Beýlekiler bilen onuň arasynda belli bir çäk bardy. Ol deň-duşlary bilen aýakdaş ýöräp bilenokdy. Her ädimde diýen ýaly, özüniň egsikligini duýýardy. Bu ýagdaý ýigidiň mazasyny alýardy. Onuň barha özüne ynamy gaçýardy. Azadyňky welin, tersinedi. Onuň edeni gelşip, tagaşykly göwresi, daýanykly ýigidiň her bir hereketine höwes edip oturmalydy. Ol hemişe öňbaşçylyk edensoň, onuň sarpasy tutulýardy. Beýle rüstemlik oňa nähili eýgerdýärkä?! Wepa şunça oýlansa-da, Azat bilen özüniň arasynda näme tapawudyň barlygyna düşünip bilenokdy. Näme sebäpden olar dürli-dürlükä? Wepa gitdigiçe ýekelige ram edýärdi. Onuň indi köpçülige kän barasygelenokdy. Sebäbi köpçülikde özüni oňaýsyz duýýardy. Hatda telim ýyllap, bileje okap ýören synpdaşlaryndan hem ýadyrgap, ýalňyzlyk duýgusy ýigidiň kalbyndan daş bolup basýardy. Wepanyň dadyna tomus rugsady ýetişdi. Indi ol göwni isledigiçe, ýalňyzlykda bolup bilýärdi. Ýöne bu ýagdaý ejesi Ogulgurbany ynjalykdan düşürdi. Ogulgurban günuzyn öýden çykman oturan oglunyň halyna gyýylýardy. —Oglum, beýdip ýeke oturman, senem köpçülige çyk ahyry

Dovamy bar!

11
80
sadajaaa_
Tuesday 15:15 wagtda
@alma___, nesip bolsa👍
alma___
Tuesday 07:02 wagtda
Gowy hekaýa ekeni dowamyna garaşýan
sadajaaa_
Tuesday 01:53 wagtda
@okyyjy, sagboluň sizem hemise govy boluň🤗
okyyjy
Tuesday 01:53 wagtda
@sadajaaa_, mydam gowy boluň🙂
sadajaaa_
Tuesday 01:51 wagtda
@okyyjy, Elhamdulillah govy menm😊
sadajaaa_
Tuesday 01:51 wagtda
@okyyjy, hovva bildirisem islanok chatam islanok acylya yakynda diydiler ideyanem yok🙃
okyyjy
Tuesday 01:50 wagtda
@sadajaaa_, sizem gowymy
okyyjy
Tuesday 01:50 wagtda
@sadajaaa_, Alla şükür. Bildiriş işlemese kyn
sh_shamko_
Tuesday 01:49 wagtda
@sadajaaa_, howa.
sadajaaa_
Tuesday 01:49 wagtda
@okyyjy, Ooo sps kop kop minnetdar! Salam govmy sen?)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.