sadajaaa_
17.09.2024 15:40

4bölüm.

Wepa ejesine näme jogap gaýtarjagyny bilmän, müýnli halda ýüzüni aşak salýardy. Ýigit bu çykgynsyz ýagdaýdan nähili başyny gutarjagyny bilenokdy. Näme üçin, olhemmeler ýaly bolup bilenokka?Tomus rugsady ahyrlap ýörkä, garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykdy. Wepanyň kakasynyň işini wagtlaýyn goňşy oba geçirdiler, olaryň maşgalasy şol ýerik göçmeli boldy. Bu ýagdaý Wepany hasam kyn ýagdaýda goýdy. Indi ol ýat obada, ýat mekdebe gatnamalydy. Wepa tomus rugsadynyň galanja wagtynyň nähili geçenligi duýmady. Okuwa gidilmeli gün salymyny bermän, ýetip geldi. Ol gün hemmeler üçin,toý-baýramdy. Emma Wepa welin, ýaga depjek ýalydy. Oglunyň halyna düşünip duran Ogulgurban göwünlik bermäge çalyşdy. —Wepa jan, arkaýyn barybergin mekdebe. Kakaň mugallymyň bilen gürleşip görüpdir. Seniň okamaly synpyň iň göreldeli synpmyş. Ýöne Wepanyň täze mekdebe tarap aýagy ädilmedi. Ol näme edýänini özem bilmän, öz obalaryna tarap ýola düşdi. Paý-pyýada ýylgyndyr syrkynly düzlük bilen haýdap başlady. Ýygra ýigit üçin, şundan başga ugur tapylmandy. Emma Wepa näçe gyssansa-da, okuwa wagtynda ýetişipbilmedi. Ol obalarynyň çetinden girende, ilkinji sagadyň jaňynyň kakylanyna ýoňsuz wagt geçen eken. Munça wagt gijä galansoň, mekdebe barmaklygyň ebeteýini tapmadyk Wepa bialaç ýene yzyna dolanmaly boldy. Gaýdyşyn aýaklar ädilmejek bolýardy. Ýol hele-müçe uzaklykda däldi. Iki obanyň arasy alty-ýedi kilometr çemesi bardy. Özem öri ýerleri bolansoň, kowçum oturan ýylgyndyr syrkynlaryň arasyndan aýlanyp geçmelidi.Gün günorta bolanda, zordan öýlerine ýeten Wepa sessiz-üýnsiz süýnäýdi. Onuň tutuş bedeni syrkyrap durdy. Wepa indi näderini bilenokdy. Her gün munça ýoly sökmeklik bedeni bekemedik ýetginjek üçin çökderdi.Emma ertesi ol ýene obalaryna tarap haýdap barýardy. Wagty peýläp, has ir ýola çykansoň, Wepa bu gezek okuwa wagtynda ýetişdi. Obanyň gyrajygyndan geçýän suwly salmanyň boýunda durup, özüni tertibe salmaga-da maý boldy. Derlän ýüzüni ýuwup, çaň siňen jalbarynyň gonçlaryny kakyşdyryp, aýakgabyny süpürdi.Wepa hiç zat bolmadyk ýaly, okuw otaglaryna baryp, öňküje ýerinde oturdy. Oňa hiç kim ähmiýet berip durmady. Azadyň hem indi ondan ünsi sowlupdy. Azat kalbyny gaplap alan şol yşkbazlyk bilen henizem mübtelady. Indi onuň nazary Gunça düşüpdi. Gunça Wepalaryň öz synpynda okaýan gyzlaryň biridi. Her kimiň öz deňini tapyşy ýaly, Gunça-da Azat bilen hüýdeşdi. Ikisiniňem gylyk-häsiýeti bir gulakdan göçýärdi. Biri-birine ogrynça garaşyp, göz güldürişlerinden çen tutsaň, aralarynyň ap-aýdyň bolanlygy bildirip durdy.Tutuş okuw gününi ýeke özi gazarylyp oturan Wepa sapaklar tamamlanansoň, ýene yzyna ýola düşdi. Wepa her gün şeýdip okuwa gatnamaga başlady. Bu ýagdaý birbada heňe gelmejek ýaly görünse-de, ýuwaş-ýuwaşdan endik bolup ugrady. Ýaş beden gitdigiçe, werziş bolýardy. Ýol ýöremegiň Wepa üçin ýakymly tarapam bar eken. Olam ýalňyzlykda bolup bilýänligidi. Alaň-açyk meýdanyň imisalalygy ýygra ýigidiň göwnüne hoş ýakdy.Ýolda wagty Wepa täsin bir ýagdaýy başdan geçirýärdi. Birneme ýol aşyp, süňňi gyzyşan ýigidiň serindäki oý-pikirler möwjäp başlaýardy. Onsoň ol durky bilen

Dovamy bar!

10
37
Arslan_Alaýew
Tuesday 22:14 wagtda
👍👍👍
alma___
Tuesday 16:08 wagtda
👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.