sadajaaa_
18.09.2024 21:00

Hindistanyň ştatynda ýokanç sebäpli örtük düzgüni girizildi.

Hindistanyň günortasyndaky Kerala ştatynfa howply Nipah ýokanjy sebäpli agyz-burun örtügi düzgüni girizildi.

Ýerli häkimiýetler bu düzgüniň 23 ýaşly talyp hassahanada ady agzalan ýokançdan aradan çykandan soňra girizilendigini habar berdi. Barlaglaryň ikisi onda Nipah wirusyny tapdy. Häzirki wagtda saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri ýaş ýigidiň gezen ýerlerini we gatnaşyk edip biläýjek adamlaryny öwrenýärler.

Ştatda köpçülikleýin çäreleri geçirmek gadagan edildi, teatrlar we bilim edaralary ýapyldy. Ýerli ýaşaýjylar howpsuzlyk çärelerini berjaý etmäge borçly edildi diýip, «NDTV» teleýaýlymyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Nipah ýokanjy ilkinji gezek 1998-nji ýylda Malaýziýadaky doňuzdarçylyk fermalaryň birinden tapyldy. Soňra Singapurda, Hindistanda we Bangladeşde bu kesel möwjedi. Ýokanç adama haýwanlardan geçýär. Kesellän adam hem öz nobatynda beýleki adamlara ýokuşdyryp bilýär. Ýokançda ölümliligiň derejesi 90 göterime ýetip biler diýip, lukmanlar belleýärler.

Turkmenportal

8
156
flowers_
Düýn 07:35 wagtda
Ellerine saglyk 😁
okyyjy
Düýn 03:34 wagtda
Birä hezil edip dislike basypdyr.
flowers_
Düýn 00:24 wagtda
@Islam_Atayew, bagyşla diydirmek uçina yazmandym, nicime basman yazmak bilen sylagyñy gorkezdiñ😄, hemme kişiñ sozuni gownume alyp durmayanymam bilyansiñle, ondan beterrak zatlary diyyanem bar, borda sagbol.🙂
Islam_Atayew
Düýn 00:17 wagtda
godeklik niyet bilen yazmandym, bolya onnada bagyslan gowne degen bolsam, sagbol
flowers_
Düýn 00:14 wagtda
@Islam_Atayew, ýagdaýńa seret, gödek gurlap gowne degenden zat diymaniñ gowy.
Islam_Atayew
Düýn 00:11 wagtda
inniden beylak diyjek zadym yok size, bolmazam
flowers_
Düýn 00:10 wagtda
@Islam_Atayew, men indi dawa gozleyan boldummy🙄🤦‍♀️, adam galmadygyna men gunakarmi? Soñam ýazan zadyñy godek hasap edeñokmy, bolýa o señ dusunjañ, men godek diyip kabul etdim.
Islam_Atayew
Düýn 00:04 wagtda
bolly edayin inni uruş dawwa jenjelleri tak kan adam galmady su programada
Islam_Atayew
Düýn 00:02 wagtda
genje şer gozlemayda sowismane gelemok su yere
flowers_
Düýn 00:01 wagtda
Diyjek zadyñyzy dislike bilen dalde, harplar bilen ýazsañyz
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.