sadajaaa_
18.09.2024 05:10

7bölüm.
Ýoknasyzlyk bilen atylan bu habara olaryň hijisem baş galdyrmady. Wepa bilen Mähri hiç zat bolmadyk ýaly, ýene ýollaryny dowam etdirdiler. Bu ýagdaý Azadyň aňyrsyny bärik getirdi. Ol dişini gyjap, hüjüme geçdi. Wepanyň ýeňsesinden baryp, elindäki kitapdyr depderlerini depip goýberdi. —Men size ýoluňyz haýyr bolsun diýýän!Wepa Azat bilen nähili dikleşenini duýman galdy. Ol Azady aňyna-maňyna garaman, südenekledip barýardy. Azat beýle garşylyga garaşmandy. Hemişeki müzzerip ýören Wepany indi tanar ýaly däldi.—Daýawlanypdyr-aý.Azat şeýle diýdi-de, güýjünde baryny edip, omzady. Ýöne onuň edip bilen zady bolmady. Wepa baş berer ýaly däldi. Onuň şol inçemikligi bolsa, endam-jany demir ýaly gatydy. Has-da beteri, ondaky peýdabolan gaýraty diýsene! Ol ahyrky güýjüne çenli, ýan berjege meňzänokdy. Azat ýagdaýy aňyp, bedenini gowşatdy. Emma Wepa welin, äginerli däldi. Ol ýigrenç bilen Azadyň döşünden itip goýberdi. Azat arkanlygyna serrelip gaýtdy. Wepa gaýdyp, özüne garşylyk görkezilmejegini aňansoň, ýerde dargaşyp ýatan kitapdyr depderlerini çöpläp, yzyna garaman gitdi. Onuň gürsüldäp urýan ýüregi ornuna syganokdy. Demini sojap alýan Wepanyň kalbynda bimöçber şatlyk möwç urýardy. Ol ilkinji gezek öz mertebesini gorapdy. Wepa alňasak gadam urýardy. Ol kalbynyň rahat tapýan şol sähranyň çolalygyna ýetmäge gyssanýardy. Ýigit obanyň gyrasyna ýetip, suwly salmadan böküp geçdi. Tanyş ýodasy bilen haýdap başlady. Ýöne heniz iki ädimem ätmänkä, ýagyrnysynadegen kesek ony ör-gökden getirdi. Allaniçiksi bolup, yzyna gaňrylan Wepa gözlerine ynanmady. Onuň öňünde Mähri ýyljyraklap durdy. —Mähri, sen bu ýerde näme işleýäň?Mähri uly tolgunma bilen dillendi.—Wepa, sen ony ýeňdiň!Mähriniň begenjiniň çägi ýokdy. Onuň käse ýaly, balkyldaýan gara gözleri ýigide guwanç bilen bakýardy. Wepa birbada näme diýjegini bilmedi. Ol ahyrsoňy, özüni birneme dürsäp, gyza hoşamaýlyk bilen ýüzlendi. —Mähri, bar, öýüňize gaýt. —Bolmanda-da gaýtjak. Mähri henizem ýyljyraklap durşuna, ýene öňki diýenini gaýtalady. —Sen ony ýeňdiň!Soňra gyz hyrra yzyna dolandy-da, gaty-gaty ýöräp gitdi. Mähriniň gujurlyja göwresi şatlykdan ýaňa, uçaýjak bolýardy. Wepa birsalym böwrüne diň salyp, uzaklara nazaryny dikdi. Öňde goňşy obanyň baglary çala garalyp görünýärdi. Oňa tarap uzap gidýän inçejik ýoda egrem-bugram bolup, ýylgyndyrsyrkynlaryň arasynda ýitip gidýärdi. Wepa tijenenini duýman galdy. Sebäbi bu menzili geçmek üçin, özüňe mazalyja agram salmalydy. Bu menzil kämillik menzilidi.

Soňy!

10
35
alma___
Wednesday 06:44 wagtda
Gowy hekaýa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.