sadajaaa_
17.09.2024 20:34

5bölüm.

içki dünýäsine berlip, töwerek-daşyny unudyp, arzuw-hyýallara beslenýärdi. Ol arzuw-hyýallar şeýle bir ymsyndyryjybolup, göwün isleýşiçe nepisdi. Şeýle täsin ahwalaty başdan geçirýän ýigit ýoluň argynlygynam duýmazdy. Gaýtam ýoluň tiz tamamlananlygyna gynanardy. Asuda çolalykda bolup geçýän bu ahwalat Wepa üçin zerurlyga öwrüldi. Indi onuň göwni şol ýalňyzlykdaky şirin göwünýüwürtmeleri küýsäp durdy. Dynç günem ýigit öýlerinde oturyp bilmän, bir bahana bilen obalaryna tarap ýola düşenini duýman galdy.Wagtyň geçmegi bilen, Wepanyň şunça ýoly söküp, öňki mekdebine gatnaýanlygy aýan boldy. Hiç kimiň bu habara ynanasy gelmedi. Beýle uzak ýoly her günde ýöräp geçmeklik mümkin däl ýalydy. Oglunyň şeýle güne galyp ýörenligini bilen Ogulgurbanyň haýýaty göçüpdi. Ol otly köýnek geýen ýaly, adamsynyň ýanynda bir diýenini gaýtalap, ýer depýärdi.—Işiňem bilemok, beýlekiňem! Bizi häziriň özünde öz obamyza äkit. Çagamy beýdip, kösenje goýjak däl. Wepalaryň maşgalasy ýene yzlaryna göçäýmeli bolupdy. Emma bir gudratbilen Wepanyň aýdan sözleri enäni raýyndan gaýtardy. —Eje, men kösenemok. Gaýtam, ýöresem hezil edýän. Men şeýdip gatnabereýin-le.Ene ýüregi perzendiniň çyny bilen özelenýänligini duýup, häzir özüniňkini tutup otursa, çagasynyň raýyny ýykýanlygyna düşündi. Oglunyň ýüzüne ýiti-ýiti garaýan Ogulgurban ondaky ýüze çykan üýtgeşikligi aňýardy. Indi birneme bady gowşan ene boýnuny burup ýalbardy.—Ulaga bir mün ahyryn, çagam.—Ýok, eje, meniň pyýada gatnasym gelýär. —It-guş bardyr. O jelegaýlarda kim dadyňa ýetişsin?—Çopanlar mal bakyşyp ýörler. Dumly-duş alaň-açyklyk. Men indi öwrenişdim ahyryn, eje.—Bolýa-da, oglum, özüň höwesek bolsaň, gatnaber. Ýöne meniň-ä,tä gelýänçäň, ynjalygym bolmaz.Ejesinden rugsat alan Wepa üçin, ýol aşmak hasam ýeňlän ýaly boldy. Indi ol başyny belent tutup ýöreýärdi. Çykaran hokgasyndan müýnürgäp ýörenokdy. Her ädimini hasaplap basansoň, okuwa-da wagtynda ýetişýärdi. Güýz günleri bolansoň, howa gitdigiçe çigreýärdi. Howanyň ýüzündäki çyg indi mesaňa-mälim duýulýardy. Birkemsiz ýumşan meýdan ot-çöpleriniň hoşboý ysy kalbyňy heýjana salýardy. Töwerek-daş tämizlenip, ýiti reňke eýe bolup, gök asman gümmezi garaňkyrap, hasam çuňalan ýalydy.Tebigatyň bu gözelligini synlamak Wepa her gün miýesser edýärdi. Her gün ol üýtgeşik täsir alyp, älemi synlaýardy. Älemiň uç-gyraksyzlygy onuň kalbynda orun alýardy. Indi oňa obanyň jaýlary, baglary kiçelen ýaly bolup görünýärdi. Ýigitde ýene bir ýagdaý ýüze çykypdy. Birsyhly, dowamly hereket onuň bedenini berkidýärdi. Süňňüne gelip gowuşýan güýji Wepanyň özem duýýardy. Indi onuň aýaklary ýere pugta basyp, hereketinde erkinlik duýlup, öňki ysgynsyz, lellim göwre kem-kem ýaý kimin, çekdirilýärdi.

Dovamy bar!

9
171
smiling_
Düýn 23:38 wagtda
@shahyr_1999, haa haýyşt etseñ etseñ açýalarla kivircik
shahyr_1999
Düýn 22:50 wagtda
@smiling_, yo yany anry bari yalam dâl hayyşt eder yaly dıydın şondan dıydımle menem liprıkon🙄
smiling_
Düýn 22:48 wagtda
@shahyr_1999, Men kim sözüm ýörär ýaly 😂 kivi gowumaý ýagdaýyñ agyr degdi öýtýän saña 🙄
shahyr_1999
Düýn 22:47 wagtda
@smiling_, bârde sözin yöreyâmi😁
smiling_
Düýn 22:46 wagtda
@shahyr_1999, Bilemok açylara diýdiler... 🤷🏾‍♀️
shahyr_1999
Düýn 22:45 wagtda
@smiling_, admınınız seredenokmy o zatlara🤔
smiling_
Düýn 22:44 wagtda
@shahyr_1999, içimi ýakma 😒
shahyr_1999
Düýn 22:43 wagtda
@smiling_, barde umumy yokmy🤔 ona bardy🙄
smiling_
Düýn 22:42 wagtda
@shahyr_1999, Haýyşt edibem bolanokda añarda bärdäki ýaly 😁
shahyr_1999
Düýn 22:42 wagtda
@smiling_, çalaja😐
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.