sabyrly
29.02.2024 12:50
«Baş bolmasa, göwre läş» manyly nakyly adamlar, köplenç, gowy ýolbaşçy bolmasa, iş ýöremeýär diýen manyda ulanýarlar. Ol barada halk arasynda şeýle rowaýat bar. Adam bedeniniň agzalary öz aralarynda dawa edipdirler. Süňk: «Eger men bolmasam, adam ýerindenem turup bilmez, hamyr ýaly bulaşyp ýatar» diýipdir. Gan aýdypdyr: «Eger men adam bedeninde ýap ýaly akyp durmasam,ol ösüp, ulalyp bilmez». Onsoň ham: «Adamyň tenini ýylmanak, owadan edip görkezýänem, goraýanam, endamy ýakymly edýänem men» diýipdir. Soňra ruh: «Eger men bolmasam, adamyň hiç zada höwesi bolmaz, ony hemme zada ruhlandyrýan men» diýipdir. Kellä gezek ýetende, ol: «Adamlar «Baş bolmasa, göwre läş» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Siziň hemmäňiz maňa bagly» diýipdir.
«Musaň ýeke toklusy ýaly» sözi Musa pygamber bilen bagly bolupdyr. Musa pygamber çölde goýun bakar ekeni. Allatagala bilen gürleşmäge gitjek bolanda, goýunlary kime goýjagyny bilmän, möjek bilen gürleşip, gelýänçä oňa ynanypdyr. Sürini aman-sag gorap saklasa, gelensoň oňa
saýlan goýnuny berjekdigine söz beripdir. Ol geleninden soň, möjege: «Saýla, islän goýnuňy bereýin» diýipdir. Onda möjek giden süriniň içinden Musaň öz azaby siňen, ýekeje toklusyny saýlanmyşyn. Musa ol toklusyny juda gowy gör-ýändigi üçin möjege bermejek bolupdyr. Çagasyny lälik saklap, ony aşa goraýan adamyň ogul-gyzyna «Musaň ýeke toklusy ýaly» diýen durnukly söz düzümi halk arasynda şondan ýaýrapdyr.
«Ýedi derýaň suwuny içen» diýen söze köpbilmiş, ýaramaz adam hökmünde düşünýärler. Aslynda, bu sözi okumyş, köp bilýän, ylymly adam manysynda ulanypdyrlar. Sebäbi ir döwürler medresede okaýan talyplar ýedi sany esasy kitaby okapdyrlar. Olaryň hersi ylmyň bir akymy
bolup, durmuşa düşünmäge ýardam beripdir. Ondan baş-ga-da «ýedi derýaň suwuny içen» adamyň — ýedi ýurdy göreniň gözýetimi giň bolýar.
«Saman astyndan suw goýberen» diýip assyrynlyk bilen bildirmän bir iş edýän adama aýdylýar. Aslynda, ir döwürler duşman çozanda, galanyň töweregine giňligi we çuňlugy 3-4 metr bolan uzyn garym gazyp, içinem suwdan dolduryp, ýüzüne saman sepipdirler. Gala çozan duşman samanyň astynda suwdan doly çukuryň bardygyny bilmän, aty bilen bile suwly çukura gapgarylypdyr. «Saman astyndan suw goýberen» sözi şondan galypdyr.

Baýram GOÇMYRADOW
27
43
sabyrly
28.02.2024 17:35
Seni ýigrenmäge hakym ýok meniň!
Hakym ýok, daragtyň güýji — kökünde!
Ýetişmeris hatda gynanmaga-da,
O pikirler bilimizi bükende.
Ýöne ikimiziň yşkymyz bardyr,
Ýöne ikimiziň derdimiz bardyr
Arşa sapar eýlän ykbal ýükünde.

Seni söýmezlige hakym ýok meniň!
Çynarymyň başy ýetdi asmana.
Meň öňdenem uly hormatym bardy
Özüne, so-oň özgä gulak asýana...
Indem, sözlerime sygmadyk yşky,
Indem, gözleriňe sygmadyk yşky
Barýaryn men Gök boýnundan asmaga...

Seni unutmaga hakym ýok meniň,
Birleşişi deýin Ýer bilen Gögüň
Birleşip gidendir göwünlermizem,
Birleşip gidendir ýüreklermizem,
Şol sebäplem, juda gorkunç görünmez,
Synagdan geçene içi hem görüň,
Diňe yşkyňyzyň goýnundan örüň!

...Seni ýigrenmäge hakym ýok meniň,
Sen meniň daragtym, sen meniň köküm!
Seni söýmezlige hakym ýok meniň,
Ol Taňrydan gelen ylahy höküm!
Seni unutmaga hakym ýok meniň,
Sebäbi sen meniň «Yşk» atly ýüküm!

Ogultäç Oraztaganowa
27
34
sabyrly
28.02.2024 15:04
Üç sany ýaş ýetginçek ogurlyk etmegi ýüreklerne düwüpdirler we maslahat edip ogurluga pata alyp soň başlamaly diýen karara gelipdirler. Pata almak üçin mollaň ýanyna baryp ýagdaýy düşündiripdirler. Molla bulary kowupdyr. Ýaşlaryñ 1-jisi şo wagt bu işden ýüz dönderipdir. Soñ 2 bolup galypdyrlar.Olar ýene köp molla baryp kowlup gaýdypdyrlar. Şeýdip 2-jisem bu işden ýüz dönderipdir. Ýeke galan oglan bolsa eýdip beýdip bir molla tapypdyr we ol mollany pata bermäge razy edipdir. Ýöne molla ýaňky ýetginjege  4 şertiniň bardygny aýdypdyr. Ol razy aýt şertiňi molla aga diýipdir. Molla: 1-nji şertim öz obaň zadyny ogurlamagyn. 2-nji şertim garybyň zadyny ogurlamagyn. 3-nji şertim ogurlanyňda nebisjeňlik edip gowy zada ýapyşmagyn. 4-nji şertim ýalan sözlemegin, diňe dogruçyl bolgun diýipdir. Ogry şertlere razy bolup molla bilen hoşlaşyp işine başlapdyr we bir baýyn öýüni dörmegi göz öňüne tutupdyr. Baýyn işe çykaryny garagullap duran ogry baý gideninden soň öýe girýär we içi humdan doly duran 3 küýzä gözi düşýär. Küýzeler biri birinden tapawutly eken. 1-njisi has uly 2-njisi ortaça 3 njisi has kiçi eken. Haýsyny aljagny bilmän hälki mollaň aýdanyny pikirlenip gel şuň ulysynam kiçisinem alman oratanjysyny alaýyn diýip küýzä tarap yöräp ugraýar welin metjitden azan sesi eşdilip ugraýar ogry hereketini togtadyp azan sesi gutarýança Allany ýatlap duraýyn diýip gymyldaman durýar. Azan sesi gutaran badyna gapydan yzyna baý girýär we ogrudan sen kim diýip soraýar welin mollaň wesýetini yatlap ýalan sözlemäýin diýip men ogry diýip jogap berýär. Näme işleýäň meň öýümde diýip baý haýbat atyp
ugraýar. Ogry baýy garagullandygny we şo humdan doly küýzäniň birini ogurlajak bolandygny ýöne şol wagt azan sesi eşdilende Allany ýatlap gymyldaman durandygyny we azan sesi sowlandan soň ogurlamagy karar edinendigni baýa birin-birin düşündiripdir. Bay bu ogra haýran galyp şeýle diýipdir. Inim ogry şo küýzäň in ulysynda 3 ýylyň zekady ortanjyda 2 ýylyň zekady iň kiçide bolsa bir ýylyň zekady bardyr. Şolary bermäge bir garyp halal adam tapman üýşürip oturyn ýöne sen azan sesini eşdeňde Allany ýatlap duran bolsaň bu küýzelere mynasypsyň diýip humlaryň baryny ogra berip indiden beýläk halal işlejekdigne soz berdirip ugradypdyr.
35
122
sabyrly
27.02.2024 13:26
Yşk okan kitaplarymdaky ýaly däldi.

Geçmiş geçen günlerde galmaýar, ol biziň her ädimimizde ýalňyşlyklarymyz bilen garşymyza çykýar.

Ýaşan günlerimiň ählisinde synagdan geçdim. Edil okuwçy ýaly, käte begendim, kä gynandym.

Maňa şeýle bir jümleleri sowgat et, olar her gezek ýadyma düşende, seniň ýanymdalygyňy duýaýyn.

«Eger diňlemek isleseň, kitaplar seniň bilen gürleşer» diýip, alyp beren kitaplaryň häzir seniň ýoklugyňda tekjämde dymyp durlar...

Gülşüň kalbyma saz bolup gondy.

Herimiz bir tarapa gidipdik, emma ol gidişimiz ädimlerimiziň alyp giden ýeri eken.

Ynha, görýäňmi, ykbal bizi bu ýere täzeden alyp geldi. Ýöne sen başga, men başga.

Biz «gitmek» sözüni köp ulananymyz üçin aýra düşdükmi?

Iki adam asmana seretdi, emma hersi bir zat gördi. Olaryň biri çaga, biri welin gojady.
24
72
sabyrly
26.02.2024 16:53
Bir Alymdan  siziñ iñ gowy görüp halaýan hormat goýup sylaýan adamyñyz kim diýip sorapdyrlar.
Alymam tikinçi diýe jogap beripdir. Soragy beren adam haýran galyp sebäbi nämedir aýdaýsañyz diýipdir. Alym men tikinçiñ ýanyna eşik dikdirmäge baranymda inimi boýumy her gezek täzeden ölçeýär. Men bir aýdan soñ baraýyn bir hepdeden baraýyn emma başga adamlar beýle däl! Men bir ýalñyş hereketimi görseler bilip, bilmän bir ýamanlygym ýetsem ömürlerniñ ahyryna meni günäläp geçýäler, pikirleri asla üýtgänok diýip jogap beripdir.
29
101
sabyrly
26.02.2024 14:07
Duşdum dowasyz derde,
Söýgi sermenýär serde,
Ýaraldy ýok ýerden,
Seniñ sapaly söýgiñ.

Bagtyña bil baglanym,
Adyñ aýda aglaram,
Arzuwlarym armanym ,
Seniñ sapaly söýgiñ.

Erkime emir etdi,
Dilde dessan döretdi,
Ýüregimde ýeretdi,
Seniñ sapaly söýgiñ.

Döndüm dyzmaç döwrüme
Görküñ götär göwnümi
Özgerdäýdi ömrümi,
Seniñ sapaly söýgiñ.

Süleýman TEKÄÝEW
21
19
sabyrly
25.02.2024 17:27
Kurany kerimde bar şeýle aýat,
Häzir şol hakynda etjek rowaýat.
Kim ile ýamanlyk  edäýse eger,
Aýlanyp edeniň özüne deger.

Diýip bir ulama wagyz edipdir,
Bir aýal kalbyna guman gidipdir.
Ynanman kitapda aýdylan söze,
Ne hala düşenin sözlejek size.

Awudan üç çörek bişirip şolbat,
Almytyň alarsyň diýip bolýar şat.
Gapylar aýlanyp ýene şol derwüş,
Illeriň içinde wagyz edermiş.

Synamakçy bolup derwüşi şol gün,
Aýal bet niýeti edipdir göwün.
Derwüş aýlanyp ýör ryskyny çöpläp,
Hakyñ kelamyny dilinde gepläp.

Doga dileg etdi gapyny kaka,
Aýalam uzatdy awuly köke.
Soñra öz ýoluna boldy rowany,
Gelip ýetdi bag bakjaly meýdana

Ata ogul işläp ýördi birlikde,
Derwuşiñ niýeti arma bermekde.
Halal zähmetine goýansoñ gadyr,
Ýaňky kökesinden edipdir hödür.

Ýadawlygñyz gider hem dem-dynç alyñ!
Allañ beren rysgyn iýmäne geliñ!
Awuly kökäni  iýen badyna,
Ikisi dat etdi ýetiş dadyma.

Zäherlenme bilen gitdiler ölüp,
Bu bolan wakany Patyşa bilip.
Huzuruna çagyrypdyr derwüşi,
Bu edişiň  niçk Hudaýhon kişi!

Derwuş bolan işi edipdir aýan,
Kökeleri berdi maňa  bir aýal!
Köşke günäkäri getirdi şol bat,
Kökäni berenňe illerem şaýat!

Öz eden işini boýun  almansoň,
Ölenleri alyp geldiler onsoň.
Äridir ogluny  gören badyna,
Aýal ýandy awulygyň oduna.

Aglaýyp eñreýip dat perýat etdi
Göýberen ýalñyşy başyna ýetdi
Awulygy äri hem ogly iýdi,
Derwüş ýene öňki sözlerin diýdi.

Kim ile ýamanlyk edäýse eger,
Aýlanyp edeniň özüne deger.
Şonuň üçin ile gazmalyň çukur,
Bir gün şol çukuryň öňüňden çykar.

Süleýman TEKÄÝEW
23
56
sabyrly
24.02.2024 17:20
Gidip barýan umytlarma söýenip,
Bu ýollary ýalňyz nädip geçerin?
Hawa, meni garşy alar ýene-de
Nätanyş adamlar, tanyş köçeler.

Meň maksadym näme, nirä barýaryn,
Ýollar tamamlanar haýsy menzilde?
Känbir uly zada garaşmaýaryn,
Bu bir ýöne endigimdir her günde.

Gijeleriň kalp syrdaşy bolaýsaň,
Şuglasyna öwrüläýseň gündizleň.
Bägüllere bilbil bolup gonaýsaň,
Düýşlerinde seýran etseň gül gyzlaň.

Hem şatlykdan didelerňi ýaşardyp,
Ýasama däl, çyn ýürekden ýylgyrsaň.
Söýgi bilen dörän göwün bagyňdan
Ynsanlara gujak-gujak gül berseň.

Şeýle hyýallary aýlap serimde,
Käte ýalňyzlygyma ynanmaýaryn.
Maňa tanyş bolan köçelerimden
Şol gidip barýaryn, gidip barýaryn.
                               ***
Dünýäm, kalba söýgi bolup giripsiň,
Bu ýodalar bagt ýoluna biriksin.
Göwnüm ýekelikden halys iripdir,
Meni aýralykda ýakmasaň bolýar.

Seni niçik söýýänimi bilmersiň,
Ykbalyma bagt berjek dilbersiň.
Gözleň diňe gözlerimde eglensin,
Özge didelere bakmasaň bolýar.

Nädip gül göwnüňe ýeteýin, dünýäm,
Şygyr bilen waspyň edeýin, dünýäm,
Näçe näziň bolsa çekeýin, dünýäm,
«Ýok» diýip göwnümi ýykmasaň bolýar.

Sen hemdemim, ýürekdeşim, syrdaşym,
Seniň bilen has üýtgeşik durmuşam.
Owadan kürtäňi atynyp başa,
Öýümiň törüne ätleseň bolýar.

Söhbet ORAZMUHAMMEDOW
40
54
sabyrly
23.02.2024 16:55
Gözleň üçin deldim men,
Saçlaň üçin ýeldim men.
Saňa söýgim aýtmaga
Derdim süýräp, geldim men.

Eýmen, eý gör, melegim,
Tana, tanama – isle.
Maňa söýseň ýeterlik,
Bolup hüýrlere nusga.

Arzuwym, armanym sen,
Söýgim — öjügen derdim.
Olaň hatyrasyna
Ykbalymy paç berdim.

Ejiz ýürek urunsyn,
Umyt – bagta itergi.
Gyýma gaş dilen bagryň
Heý, ýarasy bitermi?

Ýüregiňden orun ber,
Az bolsa-da, bolanny.
Arzuw gursakda ýatyr
Hyjuw bilen dolangy.

Her näçe ýol geçsegem,
Seni yzlap geldim men.
Saçlaň üçin ýeldim men,
Gözleň üçin deldim men.

Garahanjar BAÝHANOW
29
31
sabyrly
23.02.2024 12:15
Bir sany aşyk magşuklar bar eken. Ikinji jahan urşy başlanýar we ýigidi watan goragyna çagyrýarlar. Ýigit gyza:
-Eger men sana uruşdan 100 sany roza gül ugratsam maňa garas, eger 99 sany gül ugratsam maňa garaşma diýdigimdir - diýýär.
Gyz hem munuň bilen razylaşýar. Bir ýyldan soňra gyza ýigitden hat we guller gelipdir. Gyz howlygyp gülleri sanamaga başlapdyr. Sanap görse güller 99 sany çykýar. Ýene-de sanaýar 99 çykýar. Gyz içi-içine sygman aglaýar. Haty bolsa okamaga ýüregi etmän şkafyna salyp goýýar. Iki hepdeden soňra bolsa kakasynyň dostuna durmuşa çykmaga razy bolýar. Toý güni ýigit uruşdan gaýdyp gelýär we gyza
----Näme uçin maňa garaşmadyň diýse gyz aglap şeýle jogap berýär.
-Güller 99 sany eken.
Ýigit:
-Aýtsana haty okadyňmy? Gyz:
-Ýok, okamaga ýüregim etmedi.
Ýigit:
-Bagtly bol ezizim, ýöne haty okap gör - diýýär. Gyz oýüne baryp haty açyp okap görse onda şeýle sözler bardy:
"100-nji gülüm sensiň mähribanym men hökman sag aman bararyn maña garaş!"
27
149