sabyrly
28.02.2024 15:04
Üç sany ýaş ýetginçek ogurlyk etmegi ýüreklerne düwüpdirler we maslahat edip ogurluga pata alyp soň başlamaly diýen karara gelipdirler. Pata almak üçin mollaň ýanyna baryp ýagdaýy düşündiripdirler. Molla bulary kowupdyr. Ýaşlaryñ 1-jisi şo wagt bu işden ýüz dönderipdir. Soñ 2 bolup galypdyrlar.Olar ýene köp molla baryp kowlup gaýdypdyrlar. Şeýdip 2-jisem bu işden ýüz dönderipdir. Ýeke galan oglan bolsa eýdip beýdip bir molla tapypdyr we ol mollany pata bermäge razy edipdir. Ýöne molla ýaňky ýetginjege  4 şertiniň bardygny aýdypdyr. Ol razy aýt şertiňi molla aga diýipdir. Molla: 1-nji şertim öz obaň zadyny ogurlamagyn. 2-nji şertim garybyň zadyny ogurlamagyn. 3-nji şertim ogurlanyňda nebisjeňlik edip gowy zada ýapyşmagyn. 4-nji şertim ýalan sözlemegin, diňe dogruçyl bolgun diýipdir. Ogry şertlere razy bolup molla bilen hoşlaşyp işine başlapdyr we bir baýyn öýüni dörmegi göz öňüne tutupdyr. Baýyn işe çykaryny garagullap duran ogry baý gideninden soň öýe girýär we içi humdan doly duran 3 küýzä gözi düşýär. Küýzeler biri birinden tapawutly eken. 1-njisi has uly 2-njisi ortaça 3 njisi has kiçi eken. Haýsyny aljagny bilmän hälki mollaň aýdanyny pikirlenip gel şuň ulysynam kiçisinem alman oratanjysyny alaýyn diýip küýzä tarap yöräp ugraýar welin metjitden azan sesi eşdilip ugraýar ogry hereketini togtadyp azan sesi gutarýança Allany ýatlap duraýyn diýip gymyldaman durýar. Azan sesi gutaran badyna gapydan yzyna baý girýär we ogrudan sen kim diýip soraýar welin mollaň wesýetini yatlap ýalan sözlemäýin diýip men ogry diýip jogap berýär. Näme işleýäň meň öýümde diýip baý haýbat atyp
ugraýar. Ogry baýy garagullandygny we şo humdan doly küýzäniň birini ogurlajak bolandygny ýöne şol wagt azan sesi eşdilende Allany ýatlap gymyldaman durandygyny we azan sesi sowlandan soň ogurlamagy karar edinendigni baýa birin-birin düşündiripdir. Bay bu ogra haýran galyp şeýle diýipdir. Inim ogry şo küýzäň in ulysynda 3 ýylyň zekady ortanjyda 2 ýylyň zekady iň kiçide bolsa bir ýylyň zekady bardyr. Şolary bermäge bir garyp halal adam tapman üýşürip oturyn ýöne sen azan sesini eşdeňde Allany ýatlap duran bolsaň bu küýzelere mynasypsyň diýip humlaryň baryny ogra berip indiden beýläk halal işlejekdigne soz berdirip ugradypdyr.
35
122
biohimik
28 Fewral 2024
@billygenius98 sag bolun
Kenno_Tabi
28 Fewral 2024
@biohimik, Üstünlik!
biohimik
28 Fewral 2024
Kenno_Tabi
28 Fewral 2024
@biohimik, şükür gowy
biohimik
28 Fewral 2024
@billygenius98, howwa gowy gowy ozuniz okuwlarňyz gowmy
Kenno_Tabi
28 Fewral 2024
@biohimik, 🤦🏻‍♂️ Wiý Bossan senmiň? Gowmyň? Ejeň kakaň dagy gowmy?
biohimik
28 Fewral 2024
@biohimik, siz basga birini soradyňyz öýdýän
Kenno_Tabi
28 Fewral 2024
@biohimik, ýitdiňäý, gelä islenene zada
biohimik
28 Fewral 2024
@billygenius98, salam howwa
Kenno_Tabi
28 Fewral 2024
@biohimik, Salam, sen şoool öňki biohimikmi?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.