Yşk okan kitaplarymdaky ýaly däldi.
Geçmiş geçen günlerde galmaýar, ol biziň her ädimimizde ýalňyşlyklarymyz bilen garşymyza çykýar.
Ýaşan günlerimiň ählisinde synagdan geçdim. Edil okuwçy ýaly, käte begendim, kä gynandym.
Maňa şeýle bir jümleleri sowgat et, olar her gezek ýadyma düşende, seniň ýanymdalygyňy duýaýyn.
«Eger diňlemek isleseň, kitaplar seniň bilen gürleşer» diýip, alyp beren kitaplaryň häzir seniň ýoklugyňda tekjämde dymyp durlar...
Gülşüň kalbyma saz bolup gondy.
Herimiz bir tarapa gidipdik, emma ol gidişimiz ädimlerimiziň alyp giden ýeri eken.
Ynha, görýäňmi, ykbal bizi bu ýere täzeden alyp geldi. Ýöne sen başga, men başga.
Biz «gitmek» sözüni köp ulananymyz üçin aýra düşdükmi?
Iki adam asmana seretdi, emma hersi bir zat gördi. Olaryň biri çaga, biri welin gojady.