sabyrly
28.02.2024 17:35
Seni ýigrenmäge hakym ýok meniň!
Hakym ýok, daragtyň güýji — kökünde!
Ýetişmeris hatda gynanmaga-da,
O pikirler bilimizi bükende.
Ýöne ikimiziň yşkymyz bardyr,
Ýöne ikimiziň derdimiz bardyr
Arşa sapar eýlän ykbal ýükünde.

Seni söýmezlige hakym ýok meniň!
Çynarymyň başy ýetdi asmana.
Meň öňdenem uly hormatym bardy
Özüne, so-oň özgä gulak asýana...
Indem, sözlerime sygmadyk yşky,
Indem, gözleriňe sygmadyk yşky
Barýaryn men Gök boýnundan asmaga...

Seni unutmaga hakym ýok meniň,
Birleşişi deýin Ýer bilen Gögüň
Birleşip gidendir göwünlermizem,
Birleşip gidendir ýüreklermizem,
Şol sebäplem, juda gorkunç görünmez,
Synagdan geçene içi hem görüň,
Diňe yşkyňyzyň goýnundan örüň!

...Seni ýigrenmäge hakym ýok meniň,
Sen meniň daragtym, sen meniň köküm!
Seni söýmezlige hakym ýok meniň,
Ol Taňrydan gelen ylahy höküm!
Seni unutmaga hakym ýok meniň,
Sebäbi sen meniň «Yşk» atly ýüküm!

Ogultäç Oraztaganowa
27
34
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.