Kurany kerimde bar şeýle aýat,
Häzir şol hakynda etjek rowaýat.
Kim ile ýamanlyk edäýse eger,
Aýlanyp edeniň özüne deger.
Diýip bir ulama wagyz edipdir,
Bir aýal kalbyna guman gidipdir.
Ynanman kitapda aýdylan söze,
Ne hala düşenin sözlejek size.
Awudan üç çörek bişirip şolbat,
Almytyň alarsyň diýip bolýar şat.
Gapylar aýlanyp ýene şol derwüş,
Illeriň içinde wagyz edermiş.
Synamakçy bolup derwüşi şol gün,
Aýal bet niýeti edipdir göwün.
Derwüş aýlanyp ýör ryskyny çöpläp,
Hakyñ kelamyny dilinde gepläp.
Doga dileg etdi gapyny kaka,
Aýalam uzatdy awuly köke.
Soñra öz ýoluna boldy rowany,
Gelip ýetdi bag bakjaly meýdana
Ata ogul işläp ýördi birlikde,
Derwuşiñ niýeti arma bermekde.
Halal zähmetine goýansoñ gadyr,
Ýaňky kökesinden edipdir hödür.
Ýadawlygñyz gider hem dem-dynç alyñ!
Allañ beren rysgyn iýmäne geliñ!
Awuly kökäni iýen badyna,
Ikisi dat etdi ýetiş dadyma.
Zäherlenme bilen gitdiler ölüp,
Bu bolan wakany Patyşa bilip.
Huzuruna çagyrypdyr derwüşi,
Bu edişiň niçk Hudaýhon kişi!
Derwuş bolan işi edipdir aýan,
Kökeleri berdi maňa bir aýal!
Köşke günäkäri getirdi şol bat,
Kökäni berenňe illerem şaýat!
Öz eden işini boýun almansoň,
Ölenleri alyp geldiler onsoň.
Äridir ogluny gören badyna,
Aýal ýandy awulygyň oduna.
Aglaýyp eñreýip dat perýat etdi
Göýberen ýalñyşy başyna ýetdi
Awulygy äri hem ogly iýdi,
Derwüş ýene öňki sözlerin diýdi.
Kim ile ýamanlyk edäýse eger,
Aýlanyp edeniň özüne deger.
Şonuň üçin ile gazmalyň çukur,
Bir gün şol çukuryň öňüňden çykar.
Süleýman TEKÄÝEW