Gözleň üçin deldim men,
Saçlaň üçin ýeldim men.
Saňa söýgim aýtmaga
Derdim süýräp, geldim men.
Eýmen, eý gör, melegim,
Tana, tanama – isle.
Maňa söýseň ýeterlik,
Bolup hüýrlere nusga.
Arzuwym, armanym sen,
Söýgim — öjügen derdim.
Olaň hatyrasyna
Ykbalymy paç berdim.
Ejiz ýürek urunsyn,
Umyt – bagta itergi.
Gyýma gaş dilen bagryň
Heý, ýarasy bitermi?
Ýüregiňden orun ber,
Az bolsa-da, bolanny.
Arzuw gursakda ýatyr
Hyjuw bilen dolangy.
Her näçe ýol geçsegem,
Seni yzlap geldim men.
Saçlaň üçin ýeldim men,
Gözleň üçin deldim men.
Garahanjar BAÝHANOW