sabyrly
24.02.2024 17:20
Gidip barýan umytlarma söýenip,
Bu ýollary ýalňyz nädip geçerin?
Hawa, meni garşy alar ýene-de
Nätanyş adamlar, tanyş köçeler.

Meň maksadym näme, nirä barýaryn,
Ýollar tamamlanar haýsy menzilde?
Känbir uly zada garaşmaýaryn,
Bu bir ýöne endigimdir her günde.

Gijeleriň kalp syrdaşy bolaýsaň,
Şuglasyna öwrüläýseň gündizleň.
Bägüllere bilbil bolup gonaýsaň,
Düýşlerinde seýran etseň gül gyzlaň.

Hem şatlykdan didelerňi ýaşardyp,
Ýasama däl, çyn ýürekden ýylgyrsaň.
Söýgi bilen dörän göwün bagyňdan
Ynsanlara gujak-gujak gül berseň.

Şeýle hyýallary aýlap serimde,
Käte ýalňyzlygyma ynanmaýaryn.
Maňa tanyş bolan köçelerimden
Şol gidip barýaryn, gidip barýaryn.
                               ***
Dünýäm, kalba söýgi bolup giripsiň,
Bu ýodalar bagt ýoluna biriksin.
Göwnüm ýekelikden halys iripdir,
Meni aýralykda ýakmasaň bolýar.

Seni niçik söýýänimi bilmersiň,
Ykbalyma bagt berjek dilbersiň.
Gözleň diňe gözlerimde eglensin,
Özge didelere bakmasaň bolýar.

Nädip gül göwnüňe ýeteýin, dünýäm,
Şygyr bilen waspyň edeýin, dünýäm,
Näçe näziň bolsa çekeýin, dünýäm,
«Ýok» diýip göwnümi ýykmasaň bolýar.

Sen hemdemim, ýürekdeşim, syrdaşym,
Seniň bilen has üýtgeşik durmuşam.
Owadan kürtäňi atynyp başa,
Öýümiň törüne ätleseň bolýar.

Söhbet ORAZMUHAMMEDOW
40
54
dokt
25 Fewral 2024
1nji bendi haladym
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.