sabyrly
22.05.2024 12:27
«Agla!
Aglap goýber!
Agdaryp goýber
Dyňzap gelen duýgularyň böwedin!
Tapyp bermese-de, gözleýän zadyň,
Dolup bilmese-de, ýitgiň öwezin,
Balkyldadyp durma gözde ýaşyňy,
Paýradyp goýber!»
— ...Edil häzir wagty gözýaş dökmegiň,
Aglamagyň aýny pillesi şu hal.
Şoň üçin dodagyň kemşerdip durma,
Durma dişiň gysyp,
Berçigen derdiň,
Öňki gam-gussaňa bolmasyn urna!
— Silkinip-silkinip, ses edip agla,
Parhy ýok aglanyň seslimi, sessiz.
Isleseň, şumjaryp, hamsygyp agla,
Aglaber, agydan aýylsyn essiň
— Aýyp däl aglamak, haýp däl gözýaş,
Egniňdäki ýüküň ýeňlejek bolsa.
Ýöne agla, diňe agydan gaýry
Başga zat eliňden gelmejek bolsa
30
79
sabyrly
20.05.2024 12:49
Gözlermiñ içinde kirlenýär dünýä,
Hatda, ýüreklere urupdyr reñki.
Ne-hä, naçarlaryñ agysy diñýä...
...Biparh garap geçýäs soñy garañky.
Gel, seýle çykaly ýalñyz syrdaşym,
Görsün hemme bir ýerlerde bardygym!
Özüni tanatdy dosty gardaşym,
Pelekden yzba-yz zarba aldygym.
Gurçuk deý, etimi iýen dört diwar,
Bilsin, oñ elinde tussag däldigim.
Kalbymyñ perdesin örtüpdir gubar,
Indi bilýän, mekirleriñ kändigin.
Dokuzym düzüw däl, goý bolup geçsin,
Biz, barymyz bilen bazar eýläli.
Ýüzümiz bir, ýagty äleme düşsün,
Ýer astyna girsek, onsoñ neýläli.
Herkim, gözi bilen bir zatlar diýer,
Ýogsam, hiç birine azarym ýetmez.
Derdi egni bilen çekenler biler,
Käte, ýönekeý zat bolýar elýetmez.
Alla bilýär, aman bolsa bir başym,
Bagtyýar günlerden umyd:gärdigim!
Gel, seýle çykaly ýalñyz syrdaşym,
Görsün hemme bir ýerlerde bardygym!
© Süleýman TEKÄÝEW
30
79
sabyrly
15.05.2024 13:30
Ýedibaý Baýramdurdyýewiñ "Mugallymçylyk wezipesi mukaddesdir! hekaýasyndan täsirlenme
Pygamber ýaşyndan aşan bir goja,
Otyrdy keýpi çag, ýüzünden mälim.
Ýaş ýetginjek geldi, ýöräp assaja,
Ýañlandy tanyş söz:
-Salam mugallym!
Geçdi, gitdi juwanlyga saparym,
Müñ bir soraglara agtaryp jogap.
Durmuşymda sizden alan sapagym,
Mugallym bolmagma, boldupdy sebäp.
Gögele döwrümdi, höwes etdimmi,
Dostumyñ sagady ýarap göwnüme.
Sumkasynda ony, goýup gitdigi,
Ogurladym, sanjy boldy böwrüme.
Aglapdy, synpdaşym sagadyn gözläp,
Eltip bermägede bireýýäm giçdi.
Aldapdym sizi-de, men ýalan sözläp,
Eden ýalñyşlygym diýseñ utançdy.
Çäresini tapyp, hatara düzdüñ,
Elimiz galdyrdyk, gözümiz ýumup.
Artykmaç soragam, soraman bizden,
Ýeke-ýeke barlap, gelýärdiñ dymyp.
Maña ýetenñizde açyldy aýbym,
Sagady aldyñda sypadyñ başym.
Ýüzüñize bakmak bolupdy gaýgy,
Henizem ýadymda utanyp durşym!
Ýylgyrdy, ýer bermän ýüzde ýygyrda,
Kärine buýsanyp, goja mugallym.
-Ol wakany unudypdym şo ýerde,
Şol bezzatja oglan, senmidiñ oglum!
Ýaşlykdan ekmeli ylym daragtyn,
Hözürin görersiñ miwesin ýygyp.
Size gözüñizi ýumduran wagtym,
Barlapdym, men sizi gözlerim ýumup!
© Süleýman TEKÄÝEW
29
38
sabyrly
12.05.2024 10:41
Ýalñyz goýsa ýaryñ, ýedi ýat bolup,
Sowaýarmy içiñ, serpeñde şerap?
Hasratyñ paýlaşýañ ýanyma gelip,
Hamala, Kaýysdan hallaryñ harap.
Ömrüne şatlygy, söýgüni, bagty,
Gelende şol gözel getiren ýaly.
Çolarypdyr daşy aýralyk wagty,
Barja umydynam ýitiren ýaly.
Aýralyk,
Men ony tanaýan öñem,
Eziz Wälidämden edipdi jyda.
Jigilem soraýar:" Atamdyr, enem
nirde?.. Biz olary küýseýäs juda!"
Üç sany doganmyñ başynda hossar,
Aladasyn edýän çyrpynyp herýan.
Şowlulygam özün asmandan asýar,
Şir bolup, başymy dik tutup barýan.
Pelek ýykylaýsañ ýeñsäñden deper,
Söýere wagtam ýok, güzeran işden.
Kakasynyñ pulna şa bolsa köpler,
Jigimiñ ýylgyrşyn görýärin düýşde.
Yşk derdi öldürmez, heder edere,
Başyñ daşdan gaty, gelersiñ üstün.
Göreşsiz-sahnany taşlap gidere,
Durmuş saña çeper film däl, dostum!
© Süleýman TEKÄÝEW
18
32
sabyrly
11.05.2024 14:45
Atamyň öljegini bilen bolsam...
Bu nakylyň hem halkymyza üns bererlik manysy bar eken. Il içinde «kepege» ýa-da «duza» çalşardym hem diýilýär. Bir tymsal aýdaýyn: «Ir zamanda bir garyp garry düýesi bilen güzeran ýöredýän eken. Bir gün kireý-keşlik edip, Haraza bugdaý eltipdir. Kilwan garry düýäniň (garry düýe — atan diýilýän eken) gowy ideg etmeseň derde ýaramajagyny bilip, ony eýesinden kepege çalyşmagy teklip edýär.
Düýe eýesi bar mydarynyň şol düýedigini aýdyp, kilwanyň teklibini kabul etmeýär. Iýmiti pes, ýüki agyr garry düýe azaba çydaman ölýär. Şonda dü-ýe eýesi «Atanyň öljegini bilen bolsam, kepege çalşardym» diýip, ahmyr edipdir. «Atan» sözem näme üçindir wagtyň geçmegi bilen «Atamyň» bolupdyr. Ýogsam, türkmen atasynyň öljegini bilse kepege ýa duza çalşarmy?!
It wepa...
Bu nakylyň soňuny ýazasym gelmedi. Sebäbi türkmen zenanlary nakyla girmek derejede biwepa däl ahyry. Enesiniň ýörän topragyny jennet, zenany ojagynyň eýesi hasaplaýan ilimizde aýdylýan bu nakylyň düýp manysy başgaça bolaýmasyn?! Men şeýle eşidipdim. Aý-
dyşlaryna görä, sürüde ýaşaýan it ýala gelende, ony möjekleriň al salyp alyp gidýän halaty bolýan eken. Ýaldan çykan itiň güjügine «al-ýal» diýilýän eken. Bu güjük ulalyp, it çykanda käsiniň möjeklere goşulyp, sürini talaýan halatlary bar eken. Şonuň üçin oňa «It wepa, al-ýal biwepa» diýilýän eken. Wagtyň geçmegi bilen «al-ýal» sözi ýoýlyp, «aýal» sözi hökmünde ulanypdyrlar. Türkmen dili uly hazyna, şonuň üçin onuň göwherleriniň timaryny bozman ile ýetirmek her bir adamyň uly borjudyr.
22
56
sabyrly
10.05.2024 10:45
Gyzyl ýaglyk dakynypsyñ,
Gülgün boýa saçlaryñam.
Sen meñ gorkyma dönüpsiñ,
Mümkin menden gaÇmagyñam.
Eneñlere gatnama köp,
Birden biri söýäýmesin,
Gözi gidýän kän, aç möjek,
Lak-luk atyp iýäýmesin.
Köýäýmesin,
Bagt çyram,
Möhleti gysga bolmasyn,
Gysganmasam,
Gabanmasam.
Seni bir salym görmesem,
Sakawlajak gözlerimem.
Söýdürip meni özgerden,
Husyt boldum,
Seni söýüp,
Gysganýaryn özgelerden,
Göz degerden,
Dil degerden,
El degerden,
Gorkym üstün.
Walla çynym,
Galp sözlesem,
Burnum össün, Huday kessin!
© Remezan MÄMETGURBANOW
20
39
sabyrly
07.05.2024 14:15
Gaýyk etdim Aýy, gerşine münüp,
Asmanyñ düýbüne çeññek okladym.
Ýyldyzly gijäniñ ýyldyzyn tutup,
Şelpeledim ezizimiñ gupbasyn.
Keýpi çag bulutlañ ýüñin peşmeläp,
Kümüş damjalaryn düzüp hatara,
Şemalyñ kürtesini keşdeläp,
Señ başyña atara...
Tikindim,
Näzleriñden işilen ýüpde,
Eda bilen gülleñ ýapragyn ýolup,
Ýasadym señ üçin başyña jüpbe.
Näzik barmagyña Älemgoşardan,
Ýüzüni nakgaşlap,
Dakdym ýüzügi.
Sen bolsa,
Bu zatlaryñ baryny taşlap,
Ters öwürdiñ ýüzüñi...
Kim ol!
Seni menden aýyran,
Menden juda artyk söýgi bagş eden.
Hassa ýatan paslym,
Ömri gyşa deñ,
Bagtymyñ mañlaýna tagmasyn uran,
Kalbymyñ hazynasyn boşadan,
Menden alyp bilen gyl deý soguryp.
Ah, näletlejek men ony emma,
Gözüñ ýaly gora bagtly ogry,
Bagtly oglan!
© Remezan MÄMETGURBANOW
25
25
sabyrly
06.05.2024 19:39
Ýelim!
Neçün Güýz ýaly ýüzüñ?
Dymyşlygyñ gohy bilen eşdemok sesiñ.
Maña uzak-uzak ýerlerden,
Habarlañ ýañyny getirýän sendiñ.
Aýak basyldymy sonarly çöle?
Sözendir-sazaga degdimi byçgy?
Çarlaklañ gözýaşyna garkmy deñizem?
(Ýa özüne maýyl etdimi içgi?)
Ýalañaç bedenñi bezän ýapraklar,
Syny ilişdimi pos atan çüýe,
"Made in China"
Diýip syrtyña,
Oýup, tagmasyny basdylarmy-ýa?
Eger şeýle bolsa, ýör meniñ bile,
Pyýada ulagym artlaýyn münüp,
Görýän gözümizi, eştýän gulagmyz,
Bejergisi üçin ýüz tutaly biz.
Men oña "Sabyr Sina" diýýärin.
"Umytpril" Ýürek dermanyn atyp,
Gideli tebigy ukyñ goýnuna,
Şol ýerde süýräp ýören köýnegiñ,
Etegin galdyryp, ylgarsyñ her-ýan.
Rozygärim ýör,
Bileje edeli biz syn!
Başymyzy diräp,
Dünýäñ omzunda,
Tragedýalardan surnugan ýelim,
Biz uzak saýýara gideli.
Şol ýerde bile raks oýnarys,
Dymyşlygyñ gohuna suw sepip,
Ýör bu ýerden ötägideli
Ýelim!
© Remezan MÄMETGURBANOW
26
37
sabyrly
03.05.2024 11:23
Kiçijik öýüne, ullakan obañ
Şatlyk, bosagadan gadam ädipdir.
Kyrk bäş ýyl mundan öñ, mähriban käbäñ,
Saña bu dünýäni sowgat edipdir.
Kalby joşan asman yzyny üzmän,
Ýagdyrdy zemine rysgal döwleti.
Guşluga göz açyp, herýana gözlän,
Bir gyz boldy, melek ýüzli suraty.
Ýyllar akar suw deý geçipdir, seret!
Öz bagtyna duşar, pursady peýlän.
Saryja saçlyja gyzyñyz Jennet,
Bir ogul perzendiñ enesi eýýäm.
Bu gün şol ajaýyp, şol bagtly gün,
Mukaddes ojagña jembolduk ýene.
Agtyjak söýäýsem diýýändir göwün,
Ogluñ Ezizjanyñ tijäber senem.
Käriñden kemal tap, rysgalyñ artsyn,
Hasyl bolsun her bir aýdylan toslar.
Bagtyýar günlerñe şaýatlyk etsin,
Dogan-gardaşlaryñ ýürekdeş dostlañ.
Gülüp oýnap ýaşa ýaz bolup ýaşa,
Ömrüñ ýagşylykdan ybarat bolsun.
Doglan günüñ dolan günüñ kyrk bäşe,
Mübärek bolsun.
26
55