sabyrly
20.05.2024 12:49
Gözlermiñ içinde kirlenýär dünýä,
Hatda, ýüreklere urupdyr reñki.
Ne-hä, naçarlaryñ agysy diñýä...
...Biparh garap geçýäs soñy garañky.

Gel, seýle çykaly ýalñyz syrdaşym,
Görsün hemme bir ýerlerde bardygym!
Özüni tanatdy dosty gardaşym,
Pelekden yzba-yz zarba aldygym.

Gurçuk deý, etimi iýen dört diwar,
Bilsin, oñ elinde tussag däldigim.
Kalbymyñ perdesin örtüpdir gubar,
Indi bilýän, mekirleriñ kändigin.

Dokuzym düzüw däl, goý bolup geçsin,
Biz, barymyz bilen bazar eýläli.
Ýüzümiz bir, ýagty äleme düşsün,
Ýer astyna girsek, onsoñ neýläli.

Herkim, gözi bilen bir zatlar diýer,
Ýogsam, hiç birine azarym ýetmez.
Derdi egni bilen çekenler biler,
Käte, ýönekeý zat bolýar elýetmez.

Alla bilýär, aman bolsa bir başym,
Bagtyýar günlerden umyd:gärdigim!
Gel, seýle çykaly ýalñyz syrdaşym,
Görsün hemme bir ýerlerde bardygym!

© Süleýman TEKÄÝEW
30
79
PLANETA
24 May 2024
@sabyrly, Bilesigelijide meni şahsa goşaýyň onda, biraz ikiçäk söhbetdeş bolaly kyn görmeseňiz
sabyrly
24 May 2024
@PLANETA, Ikisinede wagtym boldugyndan girýän özä
PLANETA
24 May 2024
@sabyrly, Bolya bolýa düşnükli. Agam sen Bilesigelijäde girýäňmi indi?
sabyrly
24 May 2024
@PLANETA, Ha tassyklanar Adminiñ ýa kömekçilerniñ işi çykandyr hökman bir sebäbi bardyr ýa programyñ içinde üýtgeşmeler geçirilýändir bizdede öñ şeýtýärdi arasynda
PLANETA
24 May 2024
@sabyrly, Agam şu Öwrenmelide post ýazyp goýupdymda, 3 gün boldy welin häli tassyklananok. Näme sebäpden bolýarka bileňizokmy siz? Agam menem sizi tanamsoň sizden soradym
sabyrly
24 May 2024
@PLANETA, Waleýkim essalam bar boluñ tanamadym?
PLANETA
24 May 2024
@sabyrly, Essalamu Aleýkumm Süleýman agam. Gowmy yagdaýlaryň, armada
sabyrly
20 May 2024
@zina, hawwa çykýa azda kände gazet jurnallarda Dz Görogly
zina
20 May 2024
Nireli ozuniz@sabyrly,
zina
20 May 2024
@sabyrly gazeta zada berdinizmi gosgularynyzy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.