sabyrly
17.05.2024 12:38
Sen goşgy okadyñ söýgi hakynda,
Meniñ bolsa, arzuwlarma baglanyp,
Saña!
Söýgim gaýyp ýördi aklymda.

Durmuş hakda toýda okadyñ goşgy,
Men durmuş gurdupdym, bilýänem dälsiñ!
Diñläpdim kürteli gözlerim ýaşly.

Ondan bäri köp goşgular okadyñ!
Her okan goşgyñda özümi gördüm,
Mende jemlenerdi soñky nokadyñ.

Haýyşym...
Ýüzüme düşüpdir ýygyrt,
Ömür hakda, bag:t hakda goşgy düz,
Ölüm hakda ýazan goşgularñy ýyrt.

©Remezan MÄMETGURBANOW
25
40
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.