sabyrly
03.05.2024 11:23
Kiçijik öýüne, ullakan obañ
Şatlyk, bosagadan gadam ädipdir.
Kyrk bäş ýyl mundan öñ, mähriban käbäñ,
Saña bu dünýäni sowgat edipdir.

Kalby joşan asman yzyny üzmän,
Ýagdyrdy zemine rysgal döwleti.
Guşluga göz açyp, herýana gözlän,
Bir gyz boldy, melek ýüzli suraty.

Ýyllar akar suw deý geçipdir, seret!
Öz bagtyna duşar, pursady peýlän.
Saryja saçlyja gyzyñyz Jennet,
Bir ogul perzendiñ enesi eýýäm.

Bu gün şol ajaýyp, şol bagtly gün,
Mukaddes ojagña jembolduk ýene.
Agtyjak söýäýsem diýýändir göwün,
Ogluñ Ezizjanyñ tijäber senem.

Käriñden kemal tap, rysgalyñ artsyn,
Hasyl bolsun her bir aýdylan toslar.
Bagtyýar günlerñe şaýatlyk etsin,
Dogan-gardaşlaryñ ýürekdeş dostlañ.

Gülüp oýnap ýaşa ýaz bolup ýaşa,
Ömrüñ ýagşylykdan ybarat bolsun.
Doglan günüñ dolan günüñ kyrk bäşe,
Mübärek bolsun.
26
53
medik_
3 May 2024
@sabyrly, hawwa
sabyrly
3 May 2024
@medik_, Olam dogry aýtýana boş wagtam gerekdå
medik_
3 May 2024
@sabyrly, mumkin .yetersinizle nesip bolsa derjan ulaldygycada post goymak kopelya onam eygerip goymagam gerek🔥
sabyrly
3 May 2024
@medik_, sagja işler köp bolup post goýmaga el degenok känbir ýogsama has tizleşdirerdigem welin ony aýtsañ öwrenmeliñem öñkiligi ýok tehniki näsazlyk bolýamy känbir girip bolanok
medik_
3 May 2024
Yyldyza yakynlasyba baryañyz😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.