«Agla!
Aglap goýber!
Agdaryp goýber
Dyňzap gelen duýgularyň böwedin!
Tapyp bermese-de, gözleýän zadyň,
Dolup bilmese-de, ýitgiň öwezin,
Balkyldadyp durma gözde ýaşyňy,
Paýradyp goýber!»
— ...Edil häzir wagty gözýaş dökmegiň,
Aglamagyň aýny pillesi şu hal.
Şoň üçin dodagyň kemşerdip durma,
Durma dişiň gysyp,
Berçigen derdiň,
Öňki gam-gussaňa bolmasyn urna!
— Silkinip-silkinip, ses edip agla,
Parhy ýok aglanyň seslimi, sessiz.
Isleseň, şumjaryp, hamsygyp agla,
Aglaber, agydan aýylsyn essiň
— Aýyp däl aglamak, haýp däl gözýaş,
Egniňdäki ýüküň ýeňlejek bolsa.
Ýöne agla, diňe agydan gaýry
Başga zat eliňden gelmejek bolsa