perizadym
perizadym
02.09.2022 00:40
Durmuş guranlaryna 2 aý gelniň, näme üçindir, sözleri azaşyp başlady. Kiçijek öýüň içi mydama uly goh, uly dawady. Bu jenjeller her gün diýen ýaly dowam edýärdi. Hiç zat ýok ýerdenem bular üçin
perizadym
perizadym
02.09.2022 00:34
Günleriň bir güni mugallym sapak otagyna giripdir-de, salamlaşandan soňra göni sapaga başlaman, talyplara ýüzlenip, “Talyplar, kim ejesi-kakasyny gowy tanaýar. Olaryň gowy görýän zatlaryny,
perizadym
perizadym
01.09.2022 16:04
Sen meniň çagalyk dostumam däl, klasdaşymam, kursdaşymam däl, obadaşymam. Hatda işdeşimem däl sen. Ýakyn-u-uzak garyndaşlygymyzam ýok. Saý-sebäp bilen birek-biregem ýaňy tanadyk. Ýöne sen şonda-da
perizadym
perizadym
01.09.2022 15:50
Gör-ä göwniñ göwne kybapdaşlygyn, Bu ömrüme baky taýlygyñ duýdum. Bolmasa-da ilden artykmaçlygym, Ynan, seniñ bilen baýlygym duýdum. Kalpdaky duýgyma, bol ýar belet sen, Mydam saña barýar pikir
perizadym
31.08.2022 00:03
Çopantelpegiň çaýy – Çopantelpegiň çaýy ukyny sazlaýar we rahatlandyryjy hasaplanýar. Stress ýagdaýlarda özüňi dolandyrmagy üpjün edýär. Olardan başga-da wirusa garşy täsirliligi ýokary we möwsümleýin gaýtalanýan üsgülewük, sowuklama kesellerini bejeriji dermandyr.

Ýyly süýt – Bu ,,Tebigy Antidepressant’’. Bu içginiň içilmegi howsalany we ynjalyksyzlygy peseldýär. Her gün agşam bir bulgur ýyly süýt içip ýatmaklyk bagt garmonynyň bir görnüşi bolan organizmde serotaniniň bölünip çykmagyny güýçlendirýär, ukunyň kadaly bolmagyna täsir edýär.

Narpyzly çaý – Nerw öýjükleri has ýadan wagty içmeklik özüňi ýeňil duýmaga ýardam berýär, gyjynmalaryň öňüni alýar. Ýadawlyk stress ýagdaýlarynyň öňüni alýar. Esasan-da Narpyzly we Çopantelpekli çaýy gyş möwsümlerde içmek has peýdalydyr. Olar sowuklamanyň öňüni alýar. Narpyzly çaý diňe ukuny sazlamak bilen çäklenmän, eýsem aşgazan – içege ýollaryny arassalaýar, gandaky şekeriň mukdaryny kadalaşdyrýar.

Kokosly suw – Kokosyň suwy witaminlere baýdyr . Esasanda B witamin has köp. Kokosly suw ten gowşamasynyň öňüni alýar. Immunitetiňi ýokarlandyrýar. Gan basyşyňy sazlaýar.

Ülje şiresi – Üljäniň düzuminde triptafon aminokislotasy köp saklanýar. Onuň köp mukdarda saklanmagy melotanini, ýagny uky garmonyny sazlaýar, agşamky ukunyň kadaly bolmagyna ýardam berýär. Her gün agşamyna ülje şiresiniň 400 ml-sini içmek maslahat berilýär.
10
41
perizadym
perizadym
31.08.2022 00:00
Günüň dowamynda azyndan 1-2 sany alma iýmek hökmany hasaplanýar. Süýjülikleriň ýerine kakadylan alma ýa-da wagtal-wagtal alma pirogyny iýmek hem maslahat berilýär. Bu barada Moskwanyň Saglygy goraýyş
perizadym
30.08.2022 00:14
Gulaga dakylýan enjamlaryň eşidişe zyýanly täsiri barada maglumatlar ýygy-ýygydan eşidilýär. Hakykatdan hem bular şeýlemi ýa-da ýalanmy? Bu gün biz olaryň adam saglygyna ýetirýän howpy we zyýanynyň üstünde durup geçeris.

Zyýanyň derejesi sesleriň güýjüniň ýokarylygyna we başga ýagdaýlara bagly, ýöne umuman aýdylanda, gulaga dakylýan enjam eşidişi peseldýär. Eşidişiň peselmegi kem-kemden döreýär, şonuň üçin öz wagtynda ony aňmak mümkin bolmaýar. Gulaga dakylýan enjam ýygy-ýygydan we uzaklaýyn ulanylan ýagdaýynda adam merkezi nerw ulgamynyň dürli näsazlyklary bilen ejir çekip başlaýar: bu — kellagyry, ýatkeşligiň peselmegi, ukusyzlyk, pikiriň dagynyklygy we ş.m. Gulaga dakylýan enjamyň simsiz görnüşleri bolsa, diňe ses bilen berilýän täsirinden başga-da, beýnä şöhlelendiriji zyýanly täsirini hem ýetirýär. Gulak — daşky gurşawyň ugradýan tolkunlaryny, maglumatlaryny kabul etmek we seljermek üçin syna. Ol sesiň üsti bilen töweregiň ýagdaýynyň üýtgemegi we howpuň döremegi barada duýdurmak bilen adamyň goragyny üpjün edýär. Eger gözler gabaklaryň kömegi bilen dynç alyp bilýän bolsa, gulaklar mydama işjeň ýagdaýda. Gulaga dakylýan enjamyň berýän zyýanyna düşünmek üçin, gulagyň işleýşiniň gurluşyna düşünmeli.

Gulagyň gorag gurluşy myşsalardan düzülen, olar gulagyň deprek perdesini ýygyrmak bilen ýokary güýçli sesleriň içki gulaga berýän täsirini azaldýar. Eger-de, bu myşsalaryň işi hyýanatçylykly peýdalanylan ýagdaýynda, goragyň netijeliligi peselýär. Myşsalar ýadaýar, şonuň bilen ýokary derejede we pes ýygylykda sesler içki gulaga geçelge açylýar. Içki gulagyň duýgur öýjükleri zeperlenýär we adamyň kelle beýnisine belli bir ýygylykdaky sesleriň geçmegi kyn bolýar.

Bellemeli zatlaryň biri, güýçli seslerden gulak pugta goranan, emma öýjükli telefonlaryň gulaga dakylýan enjamy arkaly yzygider gulagyň deprek perdeleri gyjyndyrylanda öýjükleriň ölmegine getirýär, olary soň dikeldip bolmaýar. Şonuň üçin «Gulaga dakylýan enjamy kerlige getirip bilermi we ondan nähili goranmaly?» diýlen sorag örän wajyp bolup durýar. Surdolog lukmanlar eşidişiň patologiki üýtgemelerine getirýän güýçli seslerden gaça durmagy maslahat berýärler. Eşidişiň ýönekeý bozulmalary bilen deňeşdirilende — gulaga göni gönükdirilen sanly sesler zerarly dörän eşidişiň peselmegi soňy bilen has gynançly netijelere getirýär.

Gulaga dakylýan enjam pyýada ýa-da welosipedli gezelençlerde ulanylanda howply ýagdaýlara getirýär. Sebäbi, ýokary sesli sazy diňleýän wagty adamyň ünsi peselýär hem-de ýol hadysalaryň döremegine getirýär.

Eşidişiň erbetleşmeginiň öňüni almak üçin howpsuzlygyň ýönekeý düzgünlerini ýatda saklamaly:

Gulaga dakylýan enjamy günüň dowamynda 1-2 sagatdan artyk ulanmaly däl;
Çagalary we ýetginjekleri gulaga dakylýan enjamy ulanmaklykdan çäklendirmeli;
Pyýada ýa-da welosipedli gezelençlerde gulaga dakylýan enjamy ulanmaly däl;
Ukynyň öňünden gulaga dakylýan enjamy aýyrmaly.
8
92
perizadym
30.08.2022 00:11
Bilermenleriň aýtmagyna görä, telewizoryň öňünde uklamak saglygymyza ýaramaz täsir edýär. Bu ukusyzlyk, ýadawlygy getirip çykarýar we netijede hatda ir garramaklyga hem sebäp bolýar.

Biz ukudamy ýa hereketdemi, gözlerimiz açykmy ýa ýapykmy, tapawudy ýok, beýni mydama töwerekdäki ýagdaýy seljerip durýar. Telewizordaky sesler beýniniň filtrinden geçip, sagdyn ukyny bozýar. Ekrandan gelýän gök ýagtylyk bolsa, uky garmony hasaplanýan melotoniniň işlenip çykarylyşyny kemeldýär.
6
41
perizadym
29.08.2022 00:39
Gorkma sen, nesihatym,
Gorkma sen edenliden,
Näçe güýjüň bolsa-da,
Gorkgunyň ejizlerden.

Kaýyl bol mert kişiniň
Ýüreginiň emrine.
Gorkma, ony sakçy goý,
Öýüňe däl, ömrüňe!

Ejiz bolsa gork ondan,
Uly ýagy - ejizlik!
Ejizligiň bar ýeri -
Tükeniksiz ejirlik!

Ejizlikdir, unutma,
Gülleri soldurýan zat.
Unutma, ejizlikdir
Güýçlini öldürýän zat!

Nury Baýramow
7
38
perizadym
perizadym
29.08.2022 00:30
Bir adam özüni mydama bagtyýar duýupdyr. Ol mydama ýylgyryp, gülüp, keýpiçag bolup ýaşansoň, hiç bir adam ony tukat, gamgyn halda görmändir. Käbir adamlar bu ýagdaýyň syryny bilmek üçin oňa sowal