perizadym
02.09.2022 00:40
Durmuş guranlaryna 2 aý gelniň, näme üçindir, sözleri azaşyp başlady. Kiçijek öýüň içi mydama uly goh, uly dawady. Bu jenjeller her gün diýen ýaly dowam edýärdi. Hiç zat ýok ýerdenem bular üçin uruşmaga sebäp tapylardy. Bu ýagdaý uzak dowam etdi. Eýdip-beýdip çykalga tapaýmalydy…

Ine, günleriň birinde ýigit gelnine şeýle teklip edýär: “Gel, gowusy, howlymyza bir düýp alma agajyny ekeli, ýöne onuň düýbünäm ýumşatmarys, suwam guýmarys, diňe ekip goýaly. Eger agaç gurasa, onda biz aýrylyşmaly bolarys. Eger gögerip gitse, durmuşymyzy bilelikde täzeden başlarys”. Gelin razylygyny bildirenden soň, howla alma nahaly oturdyldy. Soňra bularyň hersi aýratyn otagda ýaşap başladylar, biri-birleri bilen hatda gürleşmedilerem.

Aradan iki aý ötdi, ýöne alma welin, guramady. Tersine, gün-günden ese-boýa galyp, özüni tutuberdi. Şol günleriň birinde ýigit bilen gelin gije bir çene baransoň, tötänden eken baglarynyň ýanynda uçraşyp galdylar. Elbetde, bularyň ikisiniň elinde-de bir bedre suw bardy..
12
120
wolf
3 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Aýgül🌙⚘
2 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍
zohre_yyldyz
2 Sentýabr 2022
Herkim oz yerini bilmeli, anyrdan gelen azajyl gelen yerine gora bolmaly,bardakilerem azajyk sawyrly bolmaly owrenisyanca.boldy herkim agzyny gysypjyk yasasaa durmus hezil.
ideallider
2 Sentýabr 2022
Bitter, başda düzüw bolanlara "Adam" diýilenok😌👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.