perizadym
30.08.2022 00:14
Gulaga dakylýan enjamlaryň eşidişe zyýanly täsiri barada maglumatlar ýygy-ýygydan eşidilýär. Hakykatdan hem bular şeýlemi ýa-da ýalanmy? Bu gün biz olaryň adam saglygyna ýetirýän howpy we zyýanynyň üstünde durup geçeris.

Zyýanyň derejesi sesleriň güýjüniň ýokarylygyna we başga ýagdaýlara bagly, ýöne umuman aýdylanda, gulaga dakylýan enjam eşidişi peseldýär. Eşidişiň peselmegi kem-kemden döreýär, şonuň üçin öz wagtynda ony aňmak mümkin bolmaýar. Gulaga dakylýan enjam ýygy-ýygydan we uzaklaýyn ulanylan ýagdaýynda adam merkezi nerw ulgamynyň dürli näsazlyklary bilen ejir çekip başlaýar: bu — kellagyry, ýatkeşligiň peselmegi, ukusyzlyk, pikiriň dagynyklygy we ş.m. Gulaga dakylýan enjamyň simsiz görnüşleri bolsa, diňe ses bilen berilýän täsirinden başga-da, beýnä şöhlelendiriji zyýanly täsirini hem ýetirýär. Gulak — daşky gurşawyň ugradýan tolkunlaryny, maglumatlaryny kabul etmek we seljermek üçin syna. Ol sesiň üsti bilen töweregiň ýagdaýynyň üýtgemegi we howpuň döremegi barada duýdurmak bilen adamyň goragyny üpjün edýär. Eger gözler gabaklaryň kömegi bilen dynç alyp bilýän bolsa, gulaklar mydama işjeň ýagdaýda. Gulaga dakylýan enjamyň berýän zyýanyna düşünmek üçin, gulagyň işleýşiniň gurluşyna düşünmeli.

Gulagyň gorag gurluşy myşsalardan düzülen, olar gulagyň deprek perdesini ýygyrmak bilen ýokary güýçli sesleriň içki gulaga berýän täsirini azaldýar. Eger-de, bu myşsalaryň işi hyýanatçylykly peýdalanylan ýagdaýynda, goragyň netijeliligi peselýär. Myşsalar ýadaýar, şonuň bilen ýokary derejede we pes ýygylykda sesler içki gulaga geçelge açylýar. Içki gulagyň duýgur öýjükleri zeperlenýär we adamyň kelle beýnisine belli bir ýygylykdaky sesleriň geçmegi kyn bolýar.

Bellemeli zatlaryň biri, güýçli seslerden gulak pugta goranan, emma öýjükli telefonlaryň gulaga dakylýan enjamy arkaly yzygider gulagyň deprek perdeleri gyjyndyrylanda öýjükleriň ölmegine getirýär, olary soň dikeldip bolmaýar. Şonuň üçin «Gulaga dakylýan enjamy kerlige getirip bilermi we ondan nähili goranmaly?» diýlen sorag örän wajyp bolup durýar. Surdolog lukmanlar eşidişiň patologiki üýtgemelerine getirýän güýçli seslerden gaça durmagy maslahat berýärler. Eşidişiň ýönekeý bozulmalary bilen deňeşdirilende — gulaga göni gönükdirilen sanly sesler zerarly dörän eşidişiň peselmegi soňy bilen has gynançly netijelere getirýär.

Gulaga dakylýan enjam pyýada ýa-da welosipedli gezelençlerde ulanylanda howply ýagdaýlara getirýär. Sebäbi, ýokary sesli sazy diňleýän wagty adamyň ünsi peselýär hem-de ýol hadysalaryň döremegine getirýär.

Eşidişiň erbetleşmeginiň öňüni almak üçin howpsuzlygyň ýönekeý düzgünlerini ýatda saklamaly:

Gulaga dakylýan enjamy günüň dowamynda 1-2 sagatdan artyk ulanmaly däl;
Çagalary we ýetginjekleri gulaga dakylýan enjamy ulanmaklykdan çäklendirmeli;
Pyýada ýa-da welosipedli gezelençlerde gulaga dakylýan enjamy ulanmaly däl;
Ukynyň öňünden gulaga dakylýan enjamy aýyrmaly.
8
92
wolf
31 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
ideallider
31 Awgust 2022
Peýdaly👍
Aýgül🌙⚘
30 Awgust 2022
Gowy maglumatlar👍
Relax
30 Awgust 2022
Govy maglumat ....👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.