Bilermenleriň aýtmagyna görä, telewizoryň öňünde uklamak saglygymyza ýaramaz täsir edýär. Bu ukusyzlyk, ýadawlygy getirip çykarýar we netijede hatda ir garramaklyga hem sebäp bolýar.
Biz ukudamy ýa hereketdemi, gözlerimiz açykmy ýa ýapykmy, tapawudy ýok, beýni mydama töwerekdäki ýagdaýy seljerip durýar. Telewizordaky sesler beýniniň filtrinden geçip, sagdyn ukyny bozýar. Ekrandan gelýän gök ýagtylyk bolsa, uky garmony hasaplanýan melotoniniň işlenip çykarylyşyny kemeldýär.