perizadym
01.09.2022 15:50
Gör-ä göwniñ göwne kybapdaşlygyn,
Bu ömrüme baky taýlygyñ duýdum.
Bolmasa-da ilden artykmaçlygym,
Ynan, seniñ bilen baýlygym duýdum.

Kalpdaky duýgyma, bol ýar belet sen,
Mydam saña barýar pikir ýöretsem.
Gündizlerne - Güneş bolup ýylatsañ,
Gijelerme nurly Aýlygyñ duýdum.

Günler söýgimiziñ üstüne dogsun,
Saña geljek gussa, bagtymdan kemsin,
Dirikäm nazaryñ, nazarma degsin,
Sensiz maña dünýäñ darlygyn duýdum.

Bir wagt, tapaýsam ýanyñda orun,
Iñ bagtly adam bolaryn o gün,
Ynjalsyn söýgilim bikarar göwün,
Ýüregiñ meñ üçin jaýlygyn duýdum.

Şanazar Hydyrow
7
48
gulserem
1 Sentýabr 2022
Sensiz mana dúnýáń darlygyn duydum 😊👍
wolf
1 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.