perizadym
01.09.2022 16:04
Sen meniň çagalyk dostumam däl, klasdaşymam, kursdaşymam däl, obadaşymam. Hatda işdeşimem däl sen. Ýakyn-u-uzak garyndaşlygymyzam ýok. Saý-sebäp bilen birek-biregem ýaňy tanadyk. Ýöne sen şonda-da maňa hemmelerden ýakyn, mähriban. Käbir dini maglumatlarda “Adam bu barlyga azyndan 6-7 gezek gelip, her döwürde her tüýsli ýaşap geçermiş” diýen düşünje bar. Meniň üçin, megerem, bu düşünje dogry ýaly. Sebäbi men seni öňden tanaýana meňzeş. Seniň bilen döwürdeşdigime arassa howadan bile dem alyp, durmuşyň süýjüsini dadyp bilýändigim üçin ykbalymdan örän razy men. Eger-de maňa ýene-de bir ýaşaýyş beriläýse, şol durmuşda-da saňa duşmagy ýürekdeş bolmagy islärdim. Men seni ýitirmekden gorkýan. Sebäbi sen ýitseň meniň saňa bagly bolan arzuwlarymam ýiter. Arzuwsyz adam bolsa jansyz göwre ýalydyr.

Öz bagtymy aýaýyn men janym deý,
Galanyny Allaň özi ýetirer.
Sen bolmasaň güli solan bag kimin,
Meniň ömrüm manysyny ýitirer.

Arzuwlarym laýa gaçan guş ýaly,
Uçup bilmän perwaz urar iki ýan.
Ünjilere gark bolmasyn gözleriň,
Men gözleňden öz bagtymy okaýan.


Sen dünýäde iň köp ýaşly zenan bol,
Menem joşup tarypyňy ýazaýyn.
Ýalňyzlyk derdinden goran penam bol,
Barlygyňy bagtym saýyp gezeýin.



Ýoklugyňda ýakym bolmaz dünýämde
Ýüregimi kesen ýaly bu tenden.
Ebedilik gitme meniň dünýämden
Ýürek dursun ýürekdeşiň ýitenden.

Atanyýaz HANGELDIÝEW.
10
104
Myhman Myhman
1 Sentýabr 2022
Yurekdeshleri yitirman❤
Myhman Myhman
1 Sentýabr 2022
Haladymm❤❤❤❤❤❤
alisherxon
1 Sentýabr 2022
Menem haladym 😍😍
gulshatayewa97
1 Sentýabr 2022
Haladymm🥰
gulserem
1 Sentýabr 2022
👏👏👏👏👏👏😊😊
wolf
1 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Relax
1 Sentýabr 2022
Kimkä bu beýlee bagtly şowly adamm:)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.