perizadym
31.08.2022 00:00
Günüň dowamynda azyndan 1-2 sany alma iýmek hökmany hasaplanýar. Süýjülikleriň ýerine kakadylan alma ýa-da wagtal-wagtal alma pirogyny iýmek hem maslahat berilýär. Bu barada Moskwanyň Saglygy goraýyş departamentiniň Baş dietology Antonina Starodubowa habar berdi.

Antonina Starodubowa: «Alma — diňe bir lezzetli önüm bolman, eýsem, ol uzak möhletli saklanylýar, şeýle-de adam organizmi üçin zerur bolan witaminleriň, minerallaryň, antioksidantlaryň we süýümiň esasy çeşmesi» diýip belleýär.

Almanyň düzüminde B1, B2 hem-de С witaminleri, foliý kislotasy, karotinoidler bar. Alma gabygynda adamyň öýjük membranalaryny zeperlerden goraýan bioflawonoidler hem bardyr. Onuň süýümi, şeýle-de birnäçe iýmit süýümini özünde saklaýan gabygy, içegäniň mikroflorasyny deňagramly saklamak we lipid alyş-çalşygyny kadalaşdyrmak üçin örän möhümdir. Düzümindäki organiki kislotalar bolsa iýmit siňdirişini gowulandyrýar.

Lukmanlar alma allergiýasy bolan adamlara ony iýmezligi maslahat berýärler.
10
96
Gloria
1 Sentýabr 2022
👍👍👍hakykykatdanda seyle
wolf
31 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
ideallider
31 Awgust 2022
Alma atly gyzlar barmy!?😊👍
perizadym
31 Awgust 2022
..جمال.., bir garyndaşymyz şeyleken diýip eşdip çigidi bilen iýip köriçege boldy...
Myhman Myhman
31 Awgust 2022
Her gunde bir alma iyaysen eger onun sen saglygna peydasy deger
..جمال..
31 Awgust 2022
Çigidiniň hem birnäçe peýdaly taraplary bar...👍
Relax
31 Awgust 2022
🍏......👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.