perizadym
29.08.2022 00:39
Gorkma sen, nesihatym,
Gorkma sen edenliden,
Näçe güýjüň bolsa-da,
Gorkgunyň ejizlerden.

Kaýyl bol mert kişiniň
Ýüreginiň emrine.
Gorkma, ony sakçy goý,
Öýüňe däl, ömrüňe!

Ejiz bolsa gork ondan,
Uly ýagy - ejizlik!
Ejizligiň bar ýeri -
Tükeniksiz ejirlik!

Ejizlikdir, unutma,
Gülleri soldurýan zat.
Unutma, ejizlikdir
Güýçlini öldürýän zat!

Nury Baýramow
7
38
wolf
29 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.