okyyjy
29.07.2024 20:57
Bahar gelip sähra mahmalyn ýapdy.
Asmanyň garagny bulutlar gapdy.

Ýyldyrymlar çakyp gökler gürledi,
Zemin suw sil bolup ony diňledi.

Bulutlar syryldy açyldy asman,
Arassa howaly ajaýyp ahwal.

Dag daşyny ýaryp Gülälek çykdy,
Mähir bilen Güneş ýylgyryp bakdy.

Töweregini daşlar gorady ýelden,
Gülälek suw içdi joşgunly silden.

Gunçasy açyldy dünýäni bezäp,
Müşkli ysy gitdi çar ýana uzap.

Bir ynsan geldi-de, ýoldy-da gitdi,
Ýene-de ynsanyň zyýany ýetdi.

Tebigatyň bar azaby hiç boldy,
Gülälegiň gözel ömri puç boldy.


Awtor: Amangeldiýew Durdymyrat
10
57
okyyjy
07.07.2024 12:02

Illere arzymy aýdyp bilmerin,

Sözüm diňlenmeden taşlanan bolsa.

Giderin, dolanyp yza gelmerin

Barlygym duýulman başlanan bolsa.


Adam özü bilen özi göreşer,

Bir işiň ujyndan başlanan bolsa.

Adamlaryň senden göwni sowaşar,

Başlan işiň ýarym taşlanan bolsa.


Nebsiň seni öz päline gul eder,

Ynsabyn bir çete taşlanan bolsa.

Nebir juwan öz ömrüni kül eder,

Arakdan-çilimden başlanan bolsa.


Geline söz aýdan juda köp bolar,

Başyndan ýaglygy taşlanan bolsa.

Aýrylyşan maşgalaň sany köp bolar,

Ýardan gizlin işler başlanan bolsa.


Indi geň görlenok, öň geň görlerdi,

Çagalar eýesiz taşlanan bolsa.

Ýene-de, kän zady aýdyp bilerdim,

Sözüm diňlenmäne başlanan bolsa.


Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat

13
35
okyyjy
06.07.2024 11:31

Öýümizden uzakda,

Aýralykdan daşda biz.

Ýaşaýarys ýürekde

Ýaz, tomus, güýz, gyşda biz.


On sekiz ýyl Watanyň,

Duzun iýip ýaşadyk.

Bilim aldyk, boý aldyk,

Il derdini daşadyk.


Watan goragy diýip,

Gaýtdyk iki ýyllyga.

Bu mukaddes borjy, biz,

Deňemäliň gulluga.


Esger diýen mertebä,

Ýetdik juwan ýaşda biz.

Ýaşaýarys ýürekde,

Aýralykdan daşda biz.



Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat

11
52
okyyjy
06.07.2024 11:12

Nebsiň gurar müň duzak,

Ynsabyň ýiten çakda.

Ýolumyz juda uzak,

Geçen ýoluňa bakma.


Öňde bardyr çukurlar,

Siňe seret görersiň.

Görmän gaçsaň çyka:rlar.

Çykarany gömersiň.


Unudarsyň şol bada,

Saňa uzan gollary.

Geçdim diýip aýdarsyň,

Derýalary go:llary.


Tebigaty ynsanyň,

Men-menlige ýugrulan.

Garaz alan kömegiň,

Göz öňüňde ýygrylar.


Şeýdip iliň goldawy,

Bir menzile aşyrar.

Ine, nebsin şu çakda,

Seni biraz azdyrar.


Kömeklerne sagbolsun,

Kiçi dilden aýdarsyň.

Goltga mätäç bolsalar,

Görmänsiräp gaýdarsyň.


Wyždan içiň iýsede,

Bilmedikden gelersiň.

Il-gün näme diýsede,

Eştmezsiräp gezersiň.


Gaçanyňy bilmersiň,

Nebsiň gazan çukurna.

Rugsat bermersiň iliň

Seni çekip Çyka:ryna.


Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat

17
95
okyyjy
26.06.2024 00:05
Parawbibi. Balkan welwýaty
16
118
okyyjy
23.06.2024 00:54
Egnime ataşly donymy geýdim.
Ýürek ýansa tüsse görünmezmi ýa?!
Aýralyk oduna neneňsi dözdüň,
Şatlyk - hasratlara bürenmezmi ýa?!

Mundan artyk näme edip bilerdim,
Halyma ýüregiň gyýylmasa, ýar?!
Bolmasa kalbymda yşgyň heseri,
Biçäre men, halym duýulmasa, ýar.

Janym ýanar özge bilen göremde
Kalbym sessiz hasratlara gömülýär.
Ýalňyzlykda boşap galan köňlümem
Aýsyz asman bilen meňzeş görünýär.

Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat
20
119
okyyjy
20.06.2024 22:45
Dem gysyp, damaga geldi ýüregim.
Gözlerimden bolsa ajy gözýaşym
Akyp gitdi.
Gysylypdyr kükregim,
Gyzardy didelem, egildi başym.

Salam, mähribanym!
Salam, ezizim!
Gelipdim ýanyňa didaryň küýsäp.
Unutmaryn,
Unutmadym henizem,
Gezip ýörün mydam seni höwesläp.

Çyglandy gozlerim.
Çyglandy zemin.
Kesekleri gysymlaýan elimde.
Bagyşla, goýupdym idegiň kemin,
Saralypdyr saňa netlän gülümde.

Ýatyrsyň, üstüňde toprak örtgüsi,
Topargyňy görýän. Barlygyňy duýýan!
Aramyzda aýralygyň perdesi,
Men seni görmeýän, sen belki görýäň?!

Asman öwrülmedi, ýyldyz gaçmady,
Bolmasa göwnüme Ahyrzamana
Gopdy.
Ýakdy.
Ýakan ody öçmedi.
Çäre tapylmady köýen ykbala.

Ýatyrsyň öňümde guma garylyp.
Gözlerimden akdy ajy gözýaşym.
Zalym ajal aldy.
Galdym aýrylyp.
Gyzardy didelem, egildi başym.


#Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat
7
237
okyyjy
17.06.2024 02:16
Asmanda bir parça, bölejik bulut,
Maňa seniň keşbiň bolup görnýär.
Arassa howaly çolaja kenar,
Sensizlikde tukalygma bogulýar.

Çyrasyny ýakyp, öçürip, ýakyp,
Alysda görünýär deňiz maýagy.
Her säher turamda seni ýatladýar,
Aşyklyk mekanym Hazar kenary.

Çarlaklary öz üstine jem edip,
Ak gämiler gelip labyr taşlaýar.
Her säherim çarlak, deňiz kenary,
Hem senli ýatlama bilen başlaýar.

Deňizi synlaýan çola kenarda,
Tolkunlar deňizden daşa urunýar.
Asmandaky birje bölejik bulut,
Maňa seniň keşbiň bolup görünýär.


Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat
17
28
okyyjy
10.06.2024 11:30
Dag başynda ýeke özüm otyrýan,
Bir zatlar maňzyma batmaýan ýaly.
Ýyldyzlary gaşawuçda jemleýän,
Älemi aýamda saklaýan ýaly.

Wagtyň geçýänini duýamok asla,
Aýsyz gijäň ýyldazlarna imrinip.
Gündiz işim bilen başagaý bolýan,
Ýatyp bilmän, gije ýazýan jöwrenip.

Poýeziýa - öz erkime goýmaýar,
Kä daga çykarýar, käte-de düze.
Kä uçurýar, käte deňze batyrýar,
Käte \"Serdar\" edýär onlara-ýüze.

Alyp gitýär käte nätanyş ülkä,
Seýran et - diýp - bakjasyna gülüne.
Käte duçar etýär düşnüksiz gülkä,
Masgarabaz etýär ilim-günüme.

Zenan dünýäsiniň içki syrlaryn,
Kitap deý, öňümde açýaram käte.
Okap ýetişseňem, ýetişmeseňem,
Indiki sapaga geçýärem käte.

Käte bogýar meni bir owurt suwda,
Garşy kenara-da geçirýärem, kä.
Käte janym ýakýar bir ýanar otda,
Şol ot bilen ýagta çykarýaram, kä.

Dünýäň çar künjüne elim ýetirýän,
Öz dünýäm özüme ýetmeýän ýaly.
Ýalňyzlyga juda höwrügip barýan,
Bir zatlar maňzyma batmaýan ýaly.


#Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat
18
47
okyyjy
09.06.2024 12:23
Güýziň ilki güni. Asuda säher.
Göwnümde-de şatlyk. Tolgunýan sähel.
Ýüreklerde bahar, ýüzlerde bahar.
"Hoş geldiňiz!"
Hoş gördik ak mekdebim.

Bilim berdiň, ylym berdiň goýnuňda,
Bir pursat monjukdyk seniň boýnuňda.
Megerem, bu çarhy pelek oýnunda,
Utmak bar-da utulmak ýok mekdebim.

Hemmeleriň gereklisi bäşlikdi,
Bäşlik alan günüň göwün hoşlukdy.
Bigadyr geçirlen juwan ýaşlykdy,
Sende geçen döwre taý ýok mekdebim.

Birinji synp, ikinji synp. Çagadyk.
Çagalaryň kalby ýaly sadadyk.
11ýyl okadyk, soňam dagadyk,
Kim talyp, kim esger boldy mekdebim.


#Awtor: Amangeldiýew Durymyrat
21
47