okyyjy
23.06.2024 00:54
Egnime ataşly donymy geýdim.
Ýürek ýansa tüsse görünmezmi ýa?!
Aýralyk oduna neneňsi dözdüň,
Şatlyk - hasratlara bürenmezmi ýa?!

Mundan artyk näme edip bilerdim,
Halyma ýüregiň gyýylmasa, ýar?!
Bolmasa kalbymda yşgyň heseri,
Biçäre men, halym duýulmasa, ýar.

Janym ýanar özge bilen göremde
Kalbym sessiz hasratlara gömülýär.
Ýalňyzlykda boşap galan köňlümem
Aýsyz asman bilen meňzeş görünýär.

Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat
20
115
awgust
6 Iýul 2024
🤔
flowers_
23 Iýun 2024
@okyyjy, düşnükli, minnetdar!
okyyjy
23 Iýun 2024
@flowers_, hemme teswirede üns berýän aslynda. Ýöne ýerlikli diýip hasap edenleme düzediş girizýän diňe. Hemişe teswirde garaşýan
flowers_
23 Iýun 2024
@okyyjy, siz sagboluň üns bereniñiz üçin:)
okyyjy
23 Iýun 2024
@flowers_, hawa men ede şeýle. Sagboluň dürs düzediş girizmäge sebäp bolanyňyz üçin
flowers_
23 Iýun 2024
@okyyjy, 👍👍💜, has owadan bolupdyr:), (meniñ pikirmçe)
okyyjy
23 Iýun 2024
@flowers_, düzetdim indi düşnükliräk bolandyra
okyyjy
23 Iýun 2024
flowers_
23 Iýun 2024
@okyyjy, düşnükli. Üstünlik!
okyyjy
23 Iýun 2024
@flowers_, otyryn manysynda. Bogun sany sazlmak üçin otyn
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.