okyyjy
07.07.2024 12:02

Illere arzymy aýdyp bilmerin,

Sözüm diňlenmeden taşlanan bolsa.

Giderin, dolanyp yza gelmerin

Barlygym duýulman başlanan bolsa.


Adam özü bilen özi göreşer,

Bir işiň ujyndan başlanan bolsa.

Adamlaryň senden göwni sowaşar,

Başlan işiň ýarym taşlanan bolsa.


Nebsiň seni öz päline gul eder,

Ynsabyn bir çete taşlanan bolsa.

Nebir juwan öz ömrüni kül eder,

Arakdan-çilimden başlanan bolsa.


Geline söz aýdan juda köp bolar,

Başyndan ýaglygy taşlanan bolsa.

Aýrylyşan maşgalaň sany köp bolar,

Ýardan gizlin işler başlanan bolsa.


Indi geň görlenok, öň geň görlerdi,

Çagalar eýesiz taşlanan bolsa.

Ýene-de, kän zady aýdyp bilerdim,

Sözüm diňlenmäne başlanan bolsa.


Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat

13
34
awgust
7 Iýul 2024
"Aýrylşan maşgalañ sany köp bolar...Ýardan gizlin işe baş goşan bolsa" -
awgust
7 Iýul 2024
Jemleýji bendi gowşagrak
gula
7 Iýul 2024
👍🏻👍🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.