okyyjy
07.09.2024 11:59

Gaty görme kemter sözleýänime,

Şu goşga ýüregmi salaýyn, eje!

Aýlar-günler doldy görmeýänime,

Bu gün seň ýanyňa baraýyn, eje!


Mähirli ýylgyrşy, eziz ýüzleri,

Bal-şeker garylan süýji sözleri,

Elmydam ýoluma garan gözleri,

Alla rugsat berse göreýin eje.


Ýaňlanyp dur gulagymda pentleriň,

Şolar bilen aşýan ýollaň bentlerin.

Seň şanyňa aýdyp goşgy beýtlerim,

Baraşsam göwnüňi awlaýyn eje.


Başarsam bir çümmük guwnaç döredip,

Buýsanç bilen gözleriňe seredip.

Ak pataňy ýaran edip-ýar edip

Ýene-de işime gaýdaýyn eje.



#Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat

37
138
okyyjy
07.09.2024 11:58

Öz döreden zady bolan pul üçin,

Biri-birisinini gyryp ýör

Adam.

Bäş manady köpräk bolany üçin,

Garybyň üstünden gülüp ýör

Adam.


Ýalan söze, gara nebse gul bolup,

Gardaşyn gul kimin satýanam

Adam.

Allanyň kelamyn, sözin unudyp,

Halalyna haram gatýanam

Adam.


Zamanadan yza galmajak bolup,

Barmagyna altyn dakypdyr

Adam.

Altyna-baýlyga ýok diýip bilmän,

Gyzyn söýmedigne satypdyr

Adam.


Bagta ýetmek üçin ylgap barşyna,

Bagtdan daşlaşýanyn duýanok

Adam.

Aýalyň gepine gidip ýörşüne,

Ene-atadan habar alanok

Adam.


Öz öýüni aýalyny unudyp,

Mähri del gujakdan gözleýär

Adam.

Aýalynyň çagalarnyň bardygyn

Täzeje bir gülden gizleýär

Adam.


Ýok döwür üýtgänok.

Adam üýtegeýär,

Nadanlygy döwre ýapyp ýör

Adam.

Her kimiň öz päli özüne ýaran,

Öz gara pälinden tapyp ýör

Adam.



#Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat

28
92
okyyjy
06.09.2024 05:41
Agzalaryndan teswirlerde + goşmaça goşmaklaryna garaşýan🙂
Hany onda sözler hakda aýdylanlary ýazalyň
12
98
okyyjy
31.08.2024 08:12
Ýolum düşdi geldim seniň gapyňa,
"Ýar, oýangyl!" diýdim, sen oýanmadyň.
It-guş ah eýledi kylan zaryma,
Ýatanlar oýandy, sen oýanmadyň...

Daň-säherde öwser sabanyň ýeli,
Men bilbilem, ýat eýlärem ol güli,
Deňim-duşum aýdar: nedir hyýaly?
Syrym paş eýledim, ýar, oýanmadyň.

Gije garaňkydyr, gözlerim görmez,
Hyýalym keç boldy, pikirim ýörmez,
Ýagşydan, ýamandan ýarym ses bermez,
Gulagyň ker boldy, ýar, oýanmadyň.

Bir guş geldi, gondy tüýnük üstüne,
Nazar saldy akja öýüň astyna,
Ganat ýaýdy, gitdi älem pestine,
Ýatan guş oýandy, ýar, oýanmadyň.

Gapysyna geldim, görsem diýp ýüzün,
Hassa men, eşitsem ol şirin sözün,
Dünýäge taý görmen, ýar gara gözüň,
Gözlerim kör boldy, ýar, oýanmadyň.

Şykyrt edip, ýel oýnaýar işigin,
Söndüripdir men pakyryň yşygyn,
Magşuk imdi ýada salmaz aşygyn,
Biwepa garaşdym, ýar, oýanmadyň.

Daň ýyldyzy dogdy, jahan ýagtyldyp,
Men pakyr durar men gapysyn alyp,
Oýatmaz ukudan daň ýeli çalyp,
Daň şemaly turdy, ýar, oýanmadyň.

Ne bolupdyr saňa, beýle ýatyp sen?
Pikir bilen gam laýyna batyp sen,
Öz söwdügiň ýowuz derde satyp sen,
Ýusup deý gider men, ýar, oýanmadyň.

Aşyk diýsem, kime gulagyn goýar,
Ýaşyrsam syrymny ulus il duýar,
Hudaýym, ýar haçan ukydan doýar,
Yns-jyns doýandyr, ýar, oýanmadyň.

Nepes diýer, imdi giderem mundan,
Daň şemaly öter bu ýektaý dondan,
Imdi gol göterdim, ýar, menem senden,
Uzyn gije ötdi, ýar, oýanmadyň...


Mollanepes
8
34
okyyjy
31.08.2024 00:15
Aýly gijelere gurban bolardym,
Sallanyp, ýanyma, ýar geler çagy.
Gara gözne içgin nazar salardym,
Sallanyp, ýanyma, ýar gelen çagy.

Ýyldyzlaram gökden bizi gözledi,
Mährem çynar — aý yşgyndan gizledi.
Bag — yranma:, ýel — öwüsmä: dözmedi
Sallanyp, ýanyma, ýar gelen çagy.

Boýnuna asardym arzuwdan monjuk.
Söýgünden gandarjak, mähirden ganjak.
Posa sanamazdyk, ýokdy san-sajak,
Sallanyp, ýanyma, ýar gelen çagy.

Inçe bilden golum salyp guçardym,
Gursagyndan aby-haýýat içerdim.
Ýaşlygymy — gül gujakda — geçirdim,
Sallanyp, ýanyma, ýar gelen çagy.

Söýgi bilen — ýaşlyk — juda süýjedi.
Kalbymyzda yşgyň ody möwjedi,
Aýdanlarym on ýedimiň güýjüdi,
Indi dolanarmy, ýar gelen çagy.

Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat
11
123
okyyjy
18.08.2024 15:49

Ýyllar düşdi aramyza,


Dost bolupdyk ilki-ilki.


Ykbal biziň alnymyza,


Şony rowa gördi belki.



Habaryny aldym, toýuň bolupdyr,


Ak fataň içinde dönüpsiň perä.


Saňa päkligiň dek ak bagt arzuwlap.


Özümi okladym gussaly derä.



Zamana durum ýok, durmuşa ölüm,


Gelip geçdi pasyllaryň nijesi.


Men-ä öýlenemok, sen bolsa gülüm,


Bolupsyň-la, üç çaganyň ejesi.



Dostly bolmak nesip etdi bu başa,


Gülsem-gülüp, aglasam deň aglaşan.


Nirede bolsaňam, sen, bagtly ýaşa.


Birmahallar derdimi deň paýlaşan.




Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat

34
243
okyyjy
16.08.2024 21:14

Türkmenbaşy şäher "Salkyn kenarda"

Uzak gözýetime nazar aýlaýan.

Göwnüme meňzeşlik tapmak islesem,

Mawy deňzim, diňe seni saýlaýan!


Ýuwudýaň hernäçe atan da:şymy.

Bezeýäň şäheriň degre daşyny.

Kiçigöwünli sen kenar daşyny,

Tolkun bilen ýuwýaň, seni sylaýan!


Gaharyňy ýuwdup, bukýaň hasratyň.

Hözirini sende görýän - eşretiň.

Tolkunlaryň da:şa urýan pursatyn

Doýman-doýman, ýene-ýene synlaýan.


Şatlyk berip bilýäň kenar seýlime.

Gözýaşlary bukýaň. Öýkäni bukýaň.

Juda meňzeş görýän synmaz göwnüme,

Haýran galyp, deňzim, men saňa bakýan¡


@Amangeldiýew Durdymyrat

12
28
okyyjy
06.08.2024 02:01
Salam öwrenmeli iň hormatly administrasiýasy we agzalary. men islendik bir posta, profile girjek bolsam *näsazlyk täzeden synanyşyň * diýip ýazýa. bu näme üçin beýle. öz profilime, postymada girip bilemok? kömek edip bilersiňizmi?! sagboluň!
9
54
okyyjy
05.08.2024 06:35
Ylgap barýan boz keýigiň, kölgesini tutjak - diýdiň.
Uçup barýan ýalňyz durnaň, perlerini ütjek - diýdiň.

Uçjak - diýdiň - al asmana, ganaty bilen bürgüdiň.
Arzuwlaryň hasyl etdiň, nireden tapyp çozgüdin?!

Ýere dözmän, ak çagbalaň damjalarynyň barysyny,
Ýaralaryňy ýuwmaklyga mejbur etdiň ýarysyny.

Güneşiň nurly çogundan, nurly Aýdan - salam - ýollap
Bir gözeliň yşgy bilen jöwrenipdiň ençe ýyllap.

Sende çäksiz umyt bardy ak daňlaryň atjagyna
Sende çäksiz ynam bardy bagtyň gülüp bakjagyna

Seýran etdik seniň bilen gül diýaryň bakjasyna
Kerwen gurap barýan ýyllaň jaň kakypdyk ökjesine

Sen entegem ýaşajykdyň, juwanlykda ýaşajakdyň,
Ömrüň agyr menzilleriniň daşlaryny daşajakdyň.

Kabul eýle ötünjimi! Habaryň alyp bilmedim.
Seni ýaşlykda galdyrdym! Wah, özüm galyp bilmedim.

Däli göwnüm - meňki seni, asla, terk edip gitmek däl.
Biz durmuşdan utulmadyk, ýöne, biziňki utmak däl.

#awtor:Amangeldiýew Durdymyrat
15
37
okyyjy
30.07.2024 03:55
Görüplik adamyň ganynda bardyr,
Ak bolsaňam, çal diýip, aýdarlar oglum.
Özi bilmän men-menlige iterler,
Ýoda bolsaň, ýol diýip, aýdanlar oglum.

Göwne degip, ýowuz tankyt ederler,
Garaňky dünýäge salyp giderler.
Olar — orramsylar hem-de gedemler,
Olara kän pisent etmegin oglum.

Päk adamlar — duýar ýürek joşuňy,
Göwne degmän tankyt eder işiňi.
Gaharyň gelse-de gysgyn dişiňi,
Şolar bir menzile ýetirer oglum.

Ykbal, yrsgal hemmelerde deň däldir.
Çyn şägirt — halypa çyksa geň däldir.
Her halypa çykan çyn şägirt däldir,
Zehin — ukyp, parhyn bilginiň oglum.

Ördekler ömrüni baglar köl bilen,
Halyny bezärler ajap göl bilen.
Kalbyň köremese gyzyl köz bilen,
Galamy eliňden taşlagyn oglym.

Awtor: Amangeldiýew Durdymyrat
13
36