okyyjy
07.09.2024 11:59

Gaty görme kemter sözleýänime,

Şu goşga ýüregmi salaýyn, eje!

Aýlar-günler doldy görmeýänime,

Bu gün seň ýanyňa baraýyn, eje!


Mähirli ýylgyrşy, eziz ýüzleri,

Bal-şeker garylan süýji sözleri,

Elmydam ýoluma garan gözleri,

Alla rugsat berse göreýin eje.


Ýaňlanyp dur gulagymda pentleriň,

Şolar bilen aşýan ýollaň bentlerin.

Seň şanyňa aýdyp goşgy beýtlerim,

Baraşsam göwnüňi awlaýyn eje.


Başarsam bir çümmük guwnaç döredip,

Buýsanç bilen gözleriňe seredip.

Ak pataňy ýaran edip-ýar edip

Ýene-de işime gaýdaýyn eje.



#Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat

37
131
okyyjy
7 Sentýabr 2024
@geldiyevna, @Karaleva_, Hawwa düzediş girizemde täzeden goýulan bolmaly. Öňem bir goşgyma düzediş girizemde şeýle bolupdy
Karaleva_
7 Sentýabr 2024
@geldiyevna, düzediş edip posty goýup bolýa gaýtadan
manolya
7 Sentýabr 2024
Gowja goşgy !
gula
26 Iýun 2024
❤️
awgust
1 May 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.