okyyjy
07.09.2024 11:58

Öz döreden zady bolan pul üçin,

Biri-birisinini gyryp ýör

Adam.

Bäş manady köpräk bolany üçin,

Garybyň üstünden gülüp ýör

Adam.


Ýalan söze, gara nebse gul bolup,

Gardaşyn gul kimin satýanam

Adam.

Allanyň kelamyn, sözin unudyp,

Halalyna haram gatýanam

Adam.


Zamanadan yza galmajak bolup,

Barmagyna altyn dakypdyr

Adam.

Altyna-baýlyga ýok diýip bilmän,

Gyzyn söýmedigne satypdyr

Adam.


Bagta ýetmek üçin ylgap barşyna,

Bagtdan daşlaşýanyn duýanok

Adam.

Aýalyň gepine gidip ýörşüne,

Ene-atadan habar alanok

Adam.


Öz öýüni aýalyny unudyp,

Mähri del gujakdan gözleýär

Adam.

Aýalynyň çagalarnyň bardygyn

Täzeje bir gülden gizleýär

Adam.


Ýok döwür üýtgänok.

Adam üýtegeýär,

Nadanlygy döwre ýapyp ýör

Adam.

Her kimiň öz päli özüne ýaran,

Öz gara pälinden tapyp ýör

Adam.



#Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat

28
84
gula
26 Iýun 2024
Köp tankytlara sezewar bolyan yagdaylar hakykatdanam
manolya
11 May 2024
5 nji bendi häzir uly mesele Alla gorawersin...dünýe gaty bozulypdyr ))
manolya
11 May 2024
@okyyjy, şo dereje ))
manolya
11 May 2024
"Gömülgi ýatan hazyna" diýilýâr-â ana şol ekeniňiz...öwdügüm däldir....ýigidi öldür ama hakini yeme diýýârâ türkler ))şondan
ayymsha
9 May 2024
Hakyky
ayymsha
9 May 2024
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.