okyyjy
18.08.2024 15:49

Ýyllar düşdi aramyza,


Dost bolupdyk ilki-ilki.


Ykbal biziň alnymyza,


Şony rowa gördi belki.



Habaryny aldym, toýuň bolupdyr,


Ak fataň içinde dönüpsiň perä.


Saňa päkligiň dek ak bagt arzuwlap.


Özümi okladym gussaly derä.



Zamana durum ýok, durmuşa ölüm,


Gelip geçdi pasyllaryň nijesi.


Men-ä öýlenemok, sen bolsa gülüm,


Bolupsyň-la, üç çaganyň ejesi.



Dostly bolmak nesip etdi bu başa,


Gülsem-gülüp, aglasam deň aglaşan.


Nirede bolsaňam, sen, bagtly ýaşa.


Birmahallar derdimi deň paýlaşan.




Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat

34
243
kalayev
19 Awgust 2024
👍🏻👍🏻👍🏻
sazsoft
18 Awgust 2024
😓
okyyjy
6 Iýul 2024
@flowers_, sagboluň🤝
flowers_
6 Iýul 2024
Üstünlik!👍💜
zina
6 Iýul 2024
❤️
enkamm
6 Iýul 2024
@okyyjy, hmm bolia spas aydanza udachi ishinzde
enkamm
6 Iýul 2024
@okyyjy, hmm halypanz km
enkamm
6 Iýul 2024
@okyyjy, xa bulia spas aydanynza gou shahyr ekeninz_!
okyyjy
6 Iýul 2024
@enkamm, durmuşdan. Ýöne özümiň durmuşymdan däl.
enkamm
6 Iýul 2024
@okyyjy, goshgyla oz durmushyn baradamy?_(ya yaratyjylygyn guychlimi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.