Görüplik adamyň ganynda bardyr,
Ak bolsaňam, çal diýip, aýdarlar oglum.
Özi bilmän men-menlige iterler,
Ýoda bolsaň, ýol diýip, aýdanlar oglum.
Göwne degip, ýowuz tankyt ederler,
Garaňky dünýäge salyp giderler.
Olar — orramsylar hem-de gedemler,
Olara kän pisent etmegin oglum.
Päk adamlar — duýar ýürek joşuňy,
Göwne degmän tankyt eder işiňi.
Gaharyň gelse-de gysgyn dişiňi,
Şolar bir menzile ýetirer oglum.
Ykbal, yrsgal hemmelerde deň däldir.
Çyn şägirt — halypa çyksa geň däldir.
Her halypa çykan çyn şägirt däldir,
Zehin — ukyp, parhyn bilginiň oglum.
Ördekler ömrüni baglar köl bilen,
Halyny bezärler ajap göl bilen.
Kalbyň köremese gyzyl köz bilen,
Galamy eliňden taşlagyn oglym.
Awtor: Amangeldiýew Durdymyrat