okyyjy
05.08.2024 06:35
Ylgap barýan boz keýigiň, kölgesini tutjak - diýdiň.
Uçup barýan ýalňyz durnaň, perlerini ütjek - diýdiň.

Uçjak - diýdiň - al asmana, ganaty bilen bürgüdiň.
Arzuwlaryň hasyl etdiň, nireden tapyp çozgüdin?!

Ýere dözmän, ak çagbalaň damjalarynyň barysyny,
Ýaralaryňy ýuwmaklyga mejbur etdiň ýarysyny.

Güneşiň nurly çogundan, nurly Aýdan - salam - ýollap
Bir gözeliň yşgy bilen jöwrenipdiň ençe ýyllap.

Sende çäksiz umyt bardy ak daňlaryň atjagyna
Sende çäksiz ynam bardy bagtyň gülüp bakjagyna

Seýran etdik seniň bilen gül diýaryň bakjasyna
Kerwen gurap barýan ýyllaň jaň kakypdyk ökjesine

Sen entegem ýaşajykdyň, juwanlykda ýaşajakdyň,
Ömrüň agyr menzilleriniň daşlaryny daşajakdyň.

Kabul eýle ötünjimi! Habaryň alyp bilmedim.
Seni ýaşlykda galdyrdym! Wah, özüm galyp bilmedim.

Däli göwnüm - meňki seni, asla, terk edip gitmek däl.
Biz durmuşdan utulmadyk, ýöne, biziňki utmak däl.

#awtor:Amangeldiýew Durdymyrat
15
32
flowers_
5 Awgust 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.