okyyjy
07.05.2024 00:05
Juwanlygmyň ýürek beren söýgüsi,
Ýüregi ot edip ýakdy, neýläýin?!
Çyn söýginiň ezýet bilen görgisi,
Gözüme çöpüni atdy, neýälin?!

Söýüşdik ajaýyp baharyň güni,
Ýadyma salardy açylan güli.
Misli säherleriň öwüsýän ýeli,
Düýpsiz bir uçutdan atdy, neýläýin?!

Sawçy ugratdym, ata-enesi bermedi,
Gaçaly diýsem-em ryza bolmady.
Şeýdip, söýen gülüm maňa gelmedi,
Ter açylan gülüm soldy, neýläýin?!

Kamaty - misli bir dagyň jereni,
Haýrana goýardy her bir göreni.
O-da söýdi, aglap galdy ýüregi,
Enesi baýlyga satdy, neýläýin?!

Daýzasynyň ogly söýüp ýörmişin,
Özlerem barlyja, gurply ýermişin.
Çyn ekeni, söýgiň gözi - körmüşin,
Meni düýpsiz guýa atdy, neýläýin?!

Ýok diýp bilmän, enesiniň ýüzüne,
Razy boldy daýzasynyň sözüne.
"Söýýän" - diýip, ýaşlar aýlap gözüne,
Hoşlaşyk sözüni aýtdy, neýläýin?!

Ýetdi çyn söýginiň aýralyk tagty,
Ykbal bize berdi şeýlekin bagty.
Ýoldaşy Hak bolsun, ýoly-da ýagty.
Bu şygrym ýürekden çykdy, neýläýin?!

#:Awtor:Amangeldiýew Durdymyrat
27
93
okyyjy
06.05.2024 06:32
Salam dostlar! Kiçiräk bir sorag posty taýýarladym. Gyzyklanýan bolsaňyz geliň!

1. Iki dost bar we hersinde bir süri mal bar. Birinji dost aýtýar:
- Eger-de sen maňa süriňden bir mal berseň meň malym seň malyňdan 2 esse köp bolar.
Ikinji dost aýtýar:
- Eger-de sen maňa süruňden bir mal berseň ikimiziň mal sanymyz deň bolar.
Sorag: her süride näçe mal bar.

2. 9 sany alma bar. 8-i bişen 1-i bişmedik. Bişen almalaryň agramy deň, bişmedik alma olardan ýeňil. Tereziden 2 gezek peýdalanyp bişmedik almany tapmaly.
Islendik görnüşli terezi ulanyp bilner, ýöne diňe 1 görnüş ulanylmaly.

3. Gapda 8 litr suw bar. 3 litrlik we 5 litrlik gaplardan peýdalanyp suwy deň ikä bölmeli. Ýagny, 8 litr gapda 4 litr suw, 5 litr gapda 4litr suw galmaly.

4.Bir oglandan näçe ýaşyndadygyny sorýarlar. Oglan şeýle jogap berýär:
- Ýene-de 13 ýyldan, mundan 2 ýyl ozalky ýaşymyň 4 essesini ýaşaryn.
Oglan näçe ýaşynda?


Hemmäňize üstünlik!
30
203
okyyjy
05.05.2024 18:42
Ýagty dünýä gelip, özüň bilensoň,
Ata-enäni başa täç edip ýaşa!
Agyrtman-ynjytman, ýaman söz aýtman,
Doganňy özüňe dost edip ýaşa!

Her-haçan, her işde adalatly bol!
Mümkin boldugyça sahawatly bol!
Namartlardan elmydama parhly bol,
Mertligi ömrüňe nagyş edip ýaşa!

Ak bilen garanyň parhyny bilip,
Ýagşynyň-ýamanyň nyrhyny bilip,
Halal ýaşaýyşyň gadryny bilip,
Hormaty özüňe siňdirip ýaşa!

Ömür geçse il-gün bilen gatnaşyp,
Günler-aýa, aýlar-ýyla sepleşip,
Ýaşyň gitse elli-altmyşa utgaşyp,
Ogul-gyz başyna täç bolup ýaşa!

#awtor: Amangeldiýew Durdymyrat
27
42
okyyjy
04.05.2024 11:44
Unutmak aňsatmy, söýmek aňsatmy?!
Unutmak has kynmy, söýmek has kynmy?!
Sensiz geçjrmeli günlerde maňa,
Ömür ýakynmy ýa ölüm ýakynmy?!

Çykyp bilmän soraglaryň içinden,
Jogabyn agtaryp, oýlanyp ýörün.
Ajap geljek golun salgap dur maňa,
Men geçmişim bilen baglanyp ýörün

Ýadymdan çykarman, aýlanyp ýörün,
Nije ýyl ozalky wakalar bilen.
Köplenç dymyp, käte öwünip ýörün,
\"Söýenim ýanymda barka...\" - lar bilen.

Şol süýji günleri... senli günleri...
Ýüregimde suw dek gaýnadyp ýörün.
Sen hakda ýatlama özüm aldyryp,
Ýene-de, özümi oýnadyp ýörün.

#awtor: Amangeldiýew Durdymyrat
34
67
okyyjy
29.04.2024 01:32
#awtor:Amangeldiýew Durdymyrat
27
51
okyyjy
28.04.2024 01:01

Surat: gazeta.ru

ABŞ-da ýaşaýan 110 ýaşly Winsent Dransfild özüniň uzak ýaşynyň syryny açdy, onuň taryhyny WNBC neşiri paýlaşdy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Dransfild 1914-nji ýylyň 28-nji martynda doguldy, 1945-nji ýyldan bäri Nýu-Jersi ştatynyň Litl-Fols diýen ýerindäki öýünde ýaşaýar. Ol 60 ýyldan gowrak awtoulag ussasy bolup işländen soňra aýalynyň haýyşy boýunça pensiýa çykdy.

Pensioner özüniň uzak ýaşamagynyň syrynyň ýaşka oňat iýip-içendigi bilen düşündirýär. Ýetginjekkä ol süýt fermasynda işläpdir. Şol ýerde ol köp süýt içipdir, bu-da onuň uzak we sagdyn ýaşamagyna sebäp bolupdyr.

«Men kän süýt içerdim, oňat naharlanardym. Süýt meniň süňklerimiň berk bolmagyna sebäp boldy diýip pikir edýärin» diýip, ol gürrüň berýär.

Pensioner şeýle-de uzak ýaşynyň ýene bir sebäbini adamlara hoşamaý bolmagynda we durmuşa ruhubelent garamagynda görýär.

«Men işim şowuna bolmadyk ýagdaýlarynda ruhdan düşmezlige çalyşýaryn» diýip, Dransfild nygtady
28
51
okyyjy
27.04.2024 21:50
Alçak bahar Garaguma
Ýazylanda haly bolup.
Aladaňdan gözüm açdym,
Erkek adam ýaly bolup.

Dogduň-dogduň. Ile äşgär,
Biri synlar, biri buşlar.
Ýaşamakda welin iş bar,
Erkek adam ýaly bolup.

Kim özüne diýse dana,
Gaçdym ondan başga ýana.
Tagzym etdim duza- nana,
Erkek adam ýaly bolup.

Yssyladym, gaýlap çykdym,
Ýaşlykdyr-da -- aýnap çykdym.
Orta welin gaýnap çykdym,
Erkek adam ýaly bolup.

Baýdak däl her galgan mata.
Ýüzüm tutdum herne ýagta.
Boýun aldym etseň hata,
Erkek adam ýaly bolup.

Gyzlar bilen göz çeneşdim,
Gujak gerdim. Gujak açdym.
Birisine ýesir düşdüm,
Erkek adam ýaly bolup.

Her telpeklä diýmersiň är.
Munuňam öz kanuny bar.
Kim gepleýär, kim ýaşaýar --
Erkek adam ýaly bolup.


Berdinazar Hudaýnazarow
25
30
okyyjy
26.04.2024 00:22
Ýarin aşki ile artti hep derdim
Babami bir ýere dünür gönderdim
Başlik parasini çok istemişler
Haberin aldim
Istemiýor ýarin seni dediler

Ýarin aşki ile döndüm şaşkina
Arada bir içerim ýarin aşkina
Gönül daýanmazmi bu garip dostuna
Bunuda bir ýere ýazin dediler
22
25
okyyjy
25.04.2024 10:31
Ahmal bolsaň, gözüň pidasy borsuň,
Ahmal bolsaň, diliň pidasy borsuň.
Nebis kükregiňden çenelen gülle,
Ömürboýy gazanan bar abraýyň
Ahmal bolsaň, döker ýekeje günde.
Göwnüne ýetme ýok, bu ynjyk janyň.
Sen duşmanyň özge ýerden gözleme,
Seniň özüňdedir ähli duşmanyň.
Adam bolup dünýä indiň bäbejik,
Kyndyr adam bolup ýaşamak,
şeksiz!
Ýa-ha seni söýýän Gülüň gul eder,
Ýa-da seni gara günüň gul eder.
Eşeksiň sen eger münülýän bolsaň,
Eger münýän bolsaň ýene eşeksiň.
20
30
okyyjy
23.04.2024 18:17
Günde näçe düýş görülýär jahanda?
Müňmi? Millionmy?
Aslynda kim ony sanap bilipdir.
Düýş bize gerekli iň zerur zatlaň
Ýüzün açyp bilýän mümkinçilikdir.

Towuk dary görermişin düýşünde,
Asman ýeri görermişin düýşünde.
Söýmedikleň görýäni söýülmedik
bir juwan,
Şäherleriň görýäni çyg basan
uzak meýdan.

Planeta şol aýlanar ýörermiş
Hem düýşünde rahatlygy görermiş.
Her kimiň öz iň zerur
Düýşi bolýar.
Geň zatlar!
Geçen uly uruşdan gaýdyp gelýär
düýşünde
Ölen soldatlar.
37
63