Hemme zady, ondan, alýas karzyna,
Soň ýalançy diýýäs, adyna dünýäň.
Adam ata, How eneden bu ýana,
Ýanmadyk barmyka odyna, dünýäň.
Ýaman bilen ýagşyň parhyn bilsek-de,
Käte, nähak ýere şarpyk iýsek-de,
"Keçdir bu pelegiň çarhy" diýsek-de,
Kim çomak sokupdyr çarhyna, dünýäň.
Enesi ýok, atasy ýok, ýary ýok,
Aga-ini, uýasy ýok, taýy ýok,
Ne dost, ne bir gardaş, ne-de ili ýok,
Haçan, kim sorapdyr halyny, dünýäň.
Watany goranam tümmek bolupdyr,
Jahany soranam tümmek bolupdyr.
Barynyň maksady ýeňmek bolupdyr,
Kim ýeňip geçipdir ýolyny dünýäň.
Goýan yzyň ýere siňer, gum bolup,
Gidersiň bakyýa sary güm bolup.
Munda, meger, özi ýaly giň bolup
Ýeňmelidir, müň bir alyny, dünýäň.
Amangeldiýew Durdymyrat