okyyjy
17.09.2024 02:20
Ynsanyň bezegi: ahlak hem edep,
Biziň dünýämizden dep bolmawersin.
Ädim gyşyk ädilmesin, ädilse –
Daşynda goldawy köp bolmawersin.

Wezipe çekilse beýik bir ýere,
Süýthorlyk hiç haçan gelmesin sere.
Duzy bolmasa-da aýdylan söze,
El çarpyp goldaýan köp bolmawersin.

Gelmesin jahana ikinji Karun,
Ýurduň ýolbaşçysy bolmasyn zamun.
Hökmüni ýöretsin döwletde kanun,
Düzgün bozulmalar köp bolmawersin.

Çekip gezdik mydam: döwrüň keşgini,
Garalygny bukup, bezäp keşbini.
Nebsine gul bolup, halal kesbini,
Harama bulanlar köp bolmawersin.

Başga-da zatlar köp, aýdyp durmaýyn,
Özümi, sizi-de derde goýmaýyn.
Jahyl pikirlermi goşga çyrmaýyn
Bimany jümleler köp bolmawersin.


Amangeldiýew Durdymyrat
12
84
okyyjy
18 Sentýabr 2024
@flowers_, goýmazlyk üçin elimden geleni ederin🙂👍
flowers_
18 Sentýabr 2024
Hawa bizem "derde" goýmañ), "bolmawersin" diýemizde bolmaýan bolsady käşgä, şonda-da gozgap durmaly zatlar🙂👍
gula
18 Sentýabr 2024
@okyyjy, Keşigini... meň pikirimçe)
okyyjy
18 Sentýabr 2024
@gula, sizçe haýsy
gula
17 Sentýabr 2024
"Çekip gezdik mydam:döwrüň keşgini" - keşgini'mi ýa-da keşigni'mi?
okyyjy
17 Sentýabr 2024
@alma___, 🤗
alma___
17 Sentýabr 2024
Gowy goşgy
okyyjy
17 Sentýabr 2024
@sadajaaa_, 🙂👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.