okyyjy
30.09.2024 00:11
Göwünlere düşdi çyglyk, säherde çyglyk galmady.
Ýürege batdy tikenler, güllerde terlik galmady.
Ýalňyzlyk ýöretdi höküm, ynamdar dostlyk galmady.
Zäherler çykdy zybandan. Bendlerňe diýanat ber,
Ýa-Ýaradan Kadyr Allam, Özüň bize hemaýat ber,

Aýlansa-da döwür heňňam, gelmedi-le Maýy bize.
Gün ýaşdy. Älem garaňky, dogmady-la aýy bize.
Ýyldyzlar öz jemalyndan, bermedi-le paýy bize.
Bulutlardan awy ýagdy. Bendelerňe diýanat ber.
Ýa-Ýaradan Kadyr Allam, Özüň bize hemaýat ber.

Maýsalara gözüm gyrpdym, başlaryny ýaýkadylar.
Deňizlerem şor suwlary bilen agzym çaýkadylar.
Gargalar heşelle kakyp bagrym ýere oýkadylar.
Şagallara şam bolma;ly. Bendelerňe diýanat ber.
Ýa-Ýaradan Kadyr Allam, Özüň bize hemaýat ber.

Şirlere baryp ýüz tutdym, olaram kastyma çykdy.
Läheňlere arzym aýtdym, ummanlar düýbüne çökdi.
Daglara başym diredim, daşyny üstüme ýykdy.
Bu bir şeýle zaman boldy. Bendelerňe diýanat ber.
Ýa-Ýaradan Kadyr Allam, Özüň bize hemaýat ber.


Amangeldiýew Durdymyrat
12
93
okyyjy
29.09.2024 14:53
Ynsan uýman wuždanynyň sözüne,
Göze perde, gara çeker ýüzüne.
Mal-mülk, baýlyk berip, ony özüne
Gul eden nebisden habary bardyr.

Adam bolup, adam halyn bilmese,
Ýygnan maly üçin zekat bermese,
Dost-ýarynyň toý-ýasyna barmasa,
Ulumsylyk atly keseli bardyr.

Işe gelip, hiç bir işi etmeýän,
Işgärlerine-de dişi ötmeýän,
Başlygyň ýanyna zol-zol gatnaýan,
"Adam satyjylyk" hünäri bardyr.

Ýagşylyga şükür eder – her kişi.
Ýamanlyga sabyr eder – är kişi.
Gijeler ybadat etse bir kişi,
Kalpda Iman atly çyragy bardyr

Ejize, misgine zulum ederler,
Ýetimleriň gursagyn iterler,
Toba kylman baky dünýä giderler,
Adalatyň egri taýagy bardyr.

Bir gün seni tutar, bir günem meni,
Ajal öz gününe goýupdyr kimi?
Sözüm çyndyr, oýun tutmalyň muny,
Öljeginden hemmäň habary bardyr.



Amangeldiýew Durdymyrat
13
69
okyyjy
28.09.2024 08:27
Şahyr Kerim Gurbannepesow

Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Kerim Gurbannepesow 1929-njy ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýylgynly obasynda dogulýar. Ol obadaky ýedi ýyllyk mekdebi gutarýar. Şol wagtky Beýik Watançylyk urşunyň dowam edýän döwründe, onuň maşgalasy agyr kynçylyklary başyndan geçirendigi sebäpli, maşgalasy Tejene göçmeli bolýarlar.

Şahyr 1945-1946-njy ýyllarda Tejen derýasynyň boýunda gurulýan suw howdanynyň gurluşygynda işlän döwründe ýörite gurluşykçylar üçin çykarylýan gazetde jogapkär sekretar bolup işleýär.

Şahyr, 1949-1951-nji ýyllar aralygynda goşun gullugynda bolupdolanyp geleninden soň ýene-de žurnalistik kärinde işe başlaýar. Kerim Gurbannepesow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýar. Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde, “Tokmak”, “Sowet edebiýaty” žurnallarynda jogapkär wezipelerde işledi. Ol Ýazyjylar soýuzynyň başlygynyň orunbasary, prawleniýa agzasy, Türkmenistanyň Ýokary mejlisiniň deputaty bolup, il-ýurduna jany-teni bilen hyzmat etdi.

Kerim goşgy ýazmaga ýaşlykdan başlaýar. Onuň ilkinji ýazan goşgulary etrap hem-de “Mydam taýýar”, “Ýaş kommunist” gazetlerinde, “Tokmak” žurnalynda çap edilýär. Ilkinji goşgular ýygyndysy “Güýjümiň gözbaşy” diýen ady bilen 1951-nji ýylda okyjylara hödürlenýär. Şondan soň, zehinli şahyryň kitaplarynyň ençemesi çeper eserleriň muşdaklarynyň dykgatyna ýetirilýär.

Onuň “Goşgular we poemalar” kitaby (1958 ý.), “Taýma baba” poemasy (1960 ý.) awtora uly şöhrat getirýär. 2007-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan “Oýlanma baýry” atly goşgular ýygyndysy çap edilýär. Kerim Gurbannepesow 1988-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda aradan çykdy.  



Zehiniň hötjetligi


Şahyr redaksiýa goşgy getirdi.
Okady redaktor,okady müdir.
Ikisi-de diýip “Goşgy erbet däl,
Arkaýyn ötägit, çap bolar ertir”

“Ýöne weli… diýip, sakyndy müdür-
Goşga bir setirjik ýetirýar zeper.
Manysy yrgarak. Düzedilmese,
Käbir nadan başga tarapa çeker”

Sypaýy adamdy çal saçly müdir.
Awtor sypaýydy ondanam beter.
(Iki edepliniň bolan ýerinde,
Birisi hemişe parhlylyk eder)

Parhlylyk awtoryň paýyna düşdi.
“Bolýar” diýip, aldy galamyn ele.
Ýanyp-ýanyp çykan ýeke-täk sözi
Ýanyp ýetişmedik ýetmiş söz bile
Çalşyrdy. Üýtgetdi. Ýene çalşyrdy.
Ýene-de üýtgetdi. Çykmady derek.
Bozdy, Ýazdy. Bozdy. Ýene-de ýazdy.
Onsoň okap gördi ýene bir gezek.

Bolmady. Öýüne äkitdi onsoň.
Ruçkasyn çeýnäp, sypalap saçyn,
Oturdy, çygyldy tutuş bir agşam,

Çygyldy iki gün. Çygyldy üç gün.
Çygyldy ýene-de dördülenji gün.
Ýene. Ýene… Setir düzülman galdy.
Şahyr düzelmane razydam welin,
Zehini kes-kelläm razy däldi.
9
84
okyyjy
27.09.2024 08:16
Bir käkilik aldyrsa türpe balasyn,
Saýraý-saýraý, yzlamaýan bolarmy?
Bir bilbil ýitirse gyzyl lälesin,
Hasratyndan sözlemeýän bolarmy?

Kürresi elinden gitse eşegiň,
Telmirip tört ýana gözlär uşagyn,
Akmaýa aldyrsa elden köşegin,
Bagryn bozup, bozlamaýan bolarmy?

Bala sesin diňlär, asyp gulagyn,
Döke-döke göz ýaşynyň bulagyn,
Ak jeren aldyrsa elden owlagyn,
Mäleý-mäleý, gözlemeýän bolarmy?

Agsagyň elinden alsaň agajyn,
Ýaman derde düşer, tapmaz alajyn,
Bir güýçli duşmana duşsa mekejin,
Jojugyny gizlemeýän bolarmy?

Aýralyga adam ogly neýlesin?
Kim galar, görmeýen ajal hilesin?
Magtymguly, haýwan bilse balasyn,
Ynsan bagryn duzlamaýan bolarmy?



Magtymguly Pyragy
20
147
okyyjy
26.09.2024 17:49
Kitap ― biziň iň ýakyn dostumyz we maslahatçymyz. Kitap okamak bilen ynsan öz ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar, dil baýlygyny artdyrýar, gözleýän soraglarynyň jogabyny tapyp bilýär. Emma biz kitaby dogry we talabalaýyk okamagy başarýarysmy?! Bu köpümiz üçinem gyzykly bolsa gerek. Hut şu nukdaýnazardan okyjylarymyza bu babatda käbir maslahatlary taýýarladyk:
— Kiçijigem bolsa öýüňizde, iş ýeriňizde şahsy kitaphanaňyzy döretjek boluň. Bu siziň kitap okamaga bolan gyzyklanmaňyzy artdyrar;
— Ilki bilen kitaby dogry saýlap bilmegimiz gerek. Saýlanylan kitap peýdalymy? Ýaşyňyza laýyk gelýärmi? Onuň mowzugynyň näme baradadygyny, haýsy ylma gönükdirilendigini bilmek zerur. Şeýle hem, kitabyň awtory, onuň döredijiligi baradaky maglumatlary öwreniň. Käbir ýagdaýlarda bu bize dogry kitaby saýlamak üçin ýeterlik bolar;
— Okaljak eseriň sözbaşysy, mazmuny, käbir ýerlerinden bölekler bilen tanyşmak gerek. Beýle etmek bilen onuň diliniň ýeňil ýa-da agyrdygyny, awtoryň stiliniň size ýarajakdygyny ýa-da ýaramajakdygyny anyklamak mümkin;
— Daşary ýurt ýazyjylarynyň kitaplaryna aýratyn gyzyklanma bilen seretmek gerek. Olar size dürli halklaryň, milletleriň durmuş ýagdaýlary, medeniýetleri, gelip çykyşy, ýaşaýşy baradaky maglumatlary berer; 
— Kitap okanda galam alyp, gerekli ýerlerini, täsir galdyran bölekleri ýandepderçä bellemegi endik etmeli;
— Hiç bolmanda, hepdede 8 sagat wagty kitap okamaga harçlamaly;
— Okalýan otag ýagty bolsun. Ýagtylygyň çep tarapdan düşmegine üns beriň;
— Kitaby stolda ýa-da partada oturyp okamagy endik ediniň;
— Ýörite bellikleri ulanyň;
— Kitaby gözüňizden 30-40 santimetr uzaklykda we 45 gradus keserdip saklaň;
 — Ýadaýançaňyz okamaly däl, her 20-30 minutdan gözüňize dynç bermeli;
— Naharyň başynda we awtoulagda kitap okamaly däl;
— Kitaby okanda, dyngy belgilere we äheňe hökman üns bermek gerek;
— Howlukman, her bir söze dogry düşünip okamaly;
— Birnäçe kitaby birbada okamakdan saklanyň. Birini okap gutaryp, soň beýlekisine geçiň;
— Bir kitaby okap gutaran soň derrew başga birini okap başlamaga howlukmaň. Okan kitabyňyz barada pikir ýörediň, siz ondan nähili peýdaly we täze zatlary öwrendiňiz, kitap size nähili täsir etdi;
— Kitaby arassa saklamaly. Onuň gatlaryny eplemeli ýa-da ýyrtmaly däl, kitaby arassa eliň bilen tutmaly;
— Okan we okajak kitaplaryňyzyň sanawyny düzüň;
Kitap okamak adamyň zehinini we tejribesini artdyrýar, dünýägaraýşyny giňeldýär. Hormatly okyjylar bu peýdaly endigiň sizi üstünlige ýetirjekdigini ýatdan çykarmaň.

Awtory: Merjen Kadyrowa,
«Türkmen gündogary» gazeti.
13
50
okyyjy
26.09.2024 00:07
Kitap durmuşymyzyň bezegi. Kitaplaryň syrly dünýäsi bar. Ol dünýäniň syrlaryny açmak okyjynyň paýyna düşýär. Munuň üçin bolsa, diňe kitaby dost tutunyp okamak gerek. Kitap okamak ynsanlaryň dünýägaraýşyny giňeldýär, pikirlenişini ösdürýär. Ynsanyň ýakyn we ynamdar dosty bolan kitaplar barada biläýmeli zatlarymyz kän. Geliň, olaryň käbirleri bilen tanyş bolalyň.

Dünýädäki iň äpet kitap “Çagajyklaryň dünýädäki iň uly kitaby” diýlip atlandyrylýar. Kitabyň uzynlygy 6 metr, ini 3 metr. 492 kilograma deň bolan bu kitap 4 sahypdan ybaratdyr.

*****

Anton Pawlowiç Çehowyň “Hameleon” kitaby dünýädäki iň kiçi kitap hasaplanýar. Bu kitap 2002-nji ýylda dünýäniň iň kiçi kitaby hökmünde rekordlar kitabyna girdi.

*****

Angliýanyň Uestberi-sab-Mendibi şäherçesinde ýerleşýän gyzyl telefon “öýjagazynyň” içinde ýerleşýän kitaphana dünýäniň iň kiçi kitaphanasy hasaplanýar. Geň ýeri, bu kiçi kitaphanadan 100-e golaý kitap neşirlerini tapmak bolýar.

*****

Basma harplar bilen ýazylan iň galyň kitap “WIKIPEDIAL” diýlip atlandyrylyp, onuň 5000 sahypasy bar. Bu kitap Rob Metýusa degişlidir.

*****

Dünýädäki iň gymmat satylan kitap “Lesteriň kodeksi” diýlip atlandyrylýar. Italýan hudožnigi Leonardo da Winçiniň sungat eserleri hem-de olaryň syrlary hakynda ýazylan bu kitaby Bill Geýts 30,8 million dollara satyn alypdyr.

*****

“Britaniýanyň parlament dokumenti” diýlip atlandyrylýan kitap dünýäniň iň köp dilde çap edilen kitaby hasaplanýar. 6 ýyllap gije-gündiz neşir edilen resminama hasaplanýan kitap 1112 tomdan ybarat we onuň agramy 3300 kilograma deňdir.

Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
15
303
okyyjy
25.09.2024 13:47
Sen geldiň-de,
Garyp köňlüm baý etdiň.
Ýöne,
Nämüçindir,
Ynjalygym ýok.
Sen maňa bagt berdiň örän ullakan,
Ony nädip gorajagmy bilemok.

Ýöne
Säher-säher bagtymy öpüp,
Görýän öz-özümi seniň gözüňde.
Herhal, ýerde ýatan daş däl ekenim,
Artyk däl ekenim ýeriň ýüzünde.


Gurbannazar Ezizow
18
66
okyyjy
23.09.2024 23:27
Bagtly etmäge söz berip bilmen,
Uly sen, aýama ýerleşerdenem.
Razy seniň üçin başarmasamda,
Synanşyp görmäge herne şerte men.

Arman, birsydyrgyn tukat durmuşym,
Seni şatlandyrjak sebäbi-de ýok.
Gözýaşyňa sebäp bolmajak boryn,
Ýöne men oňa-da güwä geçemok.

Durmyş bi, diýeniň bolup durmy nä,
Ýollaň görülmedik köteli kändir.
Mümkin sagadyňam dilleri bizi,
Aýralyga tarap iteleýändir.

Tabyda bendiläp äkidilmesem,
Ýanyňda galmaga synanyşaryn.
Seni-de hiç ýere goýbermen, biläý,
Eger ellerime ilse goşaryň.

Ykbaldyr, saý-sebäp ýitirsem seni,
Gitseň, gitdiň diýip müzzerip bilmen.
Seň üçin ýaşaryn başardygymça,
Seň üçin ölmäge söz berip bilmen.



Mätgurban Mätgurbanow
25
476
okyyjy
22.09.2024 07:36
Güller açylanda alçak baharada,
Ýazlar bolup dünýä geleniň, läläm.
Ýalňyz hakykatym ýalan jahanda,
Seni ýüregimden söýenim, läläm.

Awçy däl men, awa çykdym aw bolup.
Guwa-gazym, geldim saňa köl bolup.
Duý sen indi, juwan kalba köz goýup,
Jany ataşlara dözenim, läläm.

Ýaş kalbyma dermanym sen, derdim sen.
Yşk ýolunda jomardym sen, merdim sen.
Giň jahana seýranym sen, keştim sen,
Düýpsiz ummanyňda ýüzenim, läläm.

Ýanyňa al gözelligiň teşnesin,
Aç kalbyňy – iç söýgüniň çeşmesin.
Indi galan ömrüm sensiz geçmesin,
Rugsat ber, dünýäňde galaýyn, läläm.


Amangeldiýew Durdymyrat
11
111
okyyjy
21.09.2024 04:43
Hemme zady, ondan, alýas karzyna,
Soň ýalançy diýýäs, adyna dünýäň.
Adam ata, How eneden bu ýana,
Ýanmadyk barmyka odyna, dünýäň.

Ýaman bilen ýagşyň parhyn bilsek-de,
Käte, nähak ýere şarpyk iýsek-de,
"Keçdir bu pelegiň çarhy" diýsek-de,
Kim çomak sokupdyr çarhyna, dünýäň.

Enesi ýok, atasy ýok, ýary ýok,
Aga-ini, uýasy ýok, taýy ýok,
Ne dost, ne bir gardaş, ne-de ili ýok,
Haçan, kim sorapdyr halyny, dünýäň.

Watany goranam tümmek bolupdyr,
Jahany soranam tümmek bolupdyr.
Barynyň maksady ýeňmek bolupdyr,
Kim ýeňip geçipdir ýolyny dünýäň.

Goýan yzyň ýere siňer, gum bolup,
Gidersiň bakyýa sary güm bolup.
Munda, meger, özi ýaly giň bolup
Ýeňmelidir, müň bir alyny, dünýäň.


Amangeldiýew Durdymyrat
12
76