Suratyň elimde galdy ýadygär,
Seretmekden doýmaz boldy gözlerim.
Aklym – seni unutmana çalyşýar,
Kalpda – seniň keşbiň boldy gözlegim.
Gitdiň, başa goýup yşgyň mähnetin,
Şol mähneti sen hem boýun alypdyň.
Gulagymda şol gijeki söhbetiň:
"Ykbal ýolumyzy aýra salypdyr".
Şondan bäri öýkeli men ykbaldan,
Seni özgä, meni özgä ýazypdyr.
Aýralygy "sakçy" edip arada,
Aramyza ýowuz serhet salypdyr.
Ýöne her niçigem bolsa, dildarym,
Ýolda-yzda gabatlaşsak gaçmagyn.
Söýgümize goýlan serhet ýeterlik,
Indi, dostlykdan bir ara açmagyn.
Saňa garşy asla kine saklaman,
Edip ýörmen indi dady-perýadym.
Kalbyň aglamasyn, gülsün ýüzüň hem.
Elimde-hä, ýylgyryp dur suratyň.
Amangeldiýew Durdymyrat