okyyjy
07.10.2024 08:42
Meň kakamyň - bir aýby bar durmuşda,
Kä ýumrugny gysýar, käte dişini.
Şu gün iş ýerinde adalat gözläp,
Ertesi gün täzeleýär işini.

Meň ejemiň - bir aýby bar durmuşda,
Ol - wepadarlyga ömrün baglaýar.
Zähmet çekýär, kakam işsiz galsa-da,
Çagalary üçin bagryn daglaýar.

Doganlarmyň - bir aýby bar durmuşda,
Aga ak, gara-da gara diýýärler.
Hor-homsy günde-de namys, ahlagy
Ähli duýgylardan öňde goýýarlar.

Dostlarymyň - bir aýby bar durmuşda,
Olar - ula-kiçä hormat goýýarlar.
Dünýewi hem dini pikir ýöredip,
Ynsap hem wuždana nika gyýýarlar.

Duşmanlarmyň - bir aýby bar durmuşda,
Mertligi bar zatdan öňde goýýarlar.
Käte ýeňýär olar, käte ýeňilýär,
Haýsy bolanda-da merdem dymýarlar.

Her kimiň özüne görä keşbi bar,
Hemme häsiýet jemlenmändir bir başda.
Şol keşpleri hemmelerden gözleýän,
Ynha, bu-da, meniň aýbym durmuşda.


Amangeldiýew Durdymyrat
13
84
timm
7 Oktýabr 2024
💯
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.