okyyjy
04.10.2024 17:03
Her kim gidýär ýat ile,
dollarda bar hyýaly,
Maňa-da: "Ýör!" - diýýärler,
gitmek nämäme derkar?
Öz ilimiň kem däl-ä –
suwy hem myssyk nany,
Ýat ilde mysapyrlyk
çekmek, nämäme derkar?

Ýat şäherde işleýän,
şoňa içim ot ýaly,
Ýurdy taşlap ýat ýurda
barmak, nämäme derkar?
Mähribanlamyň keşbin
küýseýärkäm aýsaýy,
Ýyllyk aýraçylyga
dözmek, nämäme derkar?

Ýetişýärkä ülkämde
gyzyl bägül, ak bägül...
Ýat ilde gara bägül
ýygmak, nämäme derkar?
Önüp durka toprakdan
gara altyn, ak altyn...
Del topraga alyn der
dökmek, nämäme derkar?

Ata Watanda gedaý
bolup, gün görüp bilsem,
Gaýry Watanda bir köşk
gurmak, nämäme derkar?
Ajal ýakamdan tutsa,
maslygym ýurtda galsyn,
Gaýra ýurtda gümmezli
mazar, nämäme derkar?

(Sözüň makullajak az,
garşy çykjak kän wagty,
Pikirleriňi kagyza
ýazmak, nämäňe derkar?)


Amangeldiýew Durdymyrat
9
101
gula
5 Oktýabr 2024
👍🏻👍🏻👍🏻
okyyjy
4 Oktýabr 2024
@simple_soul, döwrüň meselesini gozgamaga meňem hakym bar, şeýle dälmi?
simple_soul
4 Oktýabr 2024
İn sonky yayyn icindaki top bln ylalasyan. Gosgyn temasyna gzk galsa, zorluk yok. Ikin biri gitdi,gidip barya, her kim öz yoluny ozi saylaya
alma___
4 Oktýabr 2024
Ýat illerde mysapyrlyk çekenden. Ursa, cökse, horlasada , il ýagşy.
Adyl_G
4 Oktýabr 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.